Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýasama arakdan zäherlenýän adamlar köpelýär, ‘arak belasy’ maşgalalara ‘gan gusdurýar’


Arak içip, serhoş bolan adam. Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.
Arak içip, serhoş bolan adam. Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda giň ýaýran “arakhorlyk belasynyň” arasynda, şu günler ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde ýasama arakdan zäherlenýänler köpelýär.

Ýapyk türkmen jemgyýetinde “arakhorlygyň” gerimini açyp görkezýän ylmy barlaglar ýok, ýöne ençeme türkmenistanlynyň tassyklamagyna görä, hususan-da, erkekleriň arasynda giň ýaýran “arak belasy” we “arakhorlyk keseli” sagdyn jemgyýete howp abandyrýan iň agyrly sosial meseleleriň birine öwrülip barýar. Spirtli içgileriň jogapkärçiliksiz we üznüksiz sarp edilmegi käbir maşgalalara “gan çaýkaýar”, betbagtçylyklara ýol açýar. Bu aralykda, soňky günlerde ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde ýasama arakdan zäherlenýänler köpelýär.

Azatlyk Radiosynyň Mary sebitindäki habarçylary arakdan zäherlenýän adamlaryň we ‘arak belasynyň’ türkmen maşgalalarynda ýol açýan ýowuz netijeleriniň yzyny çaldy, ýerli ýaşaýjylar, telekeçiler we lukmanlar bilen gürrüňdeş boldy.

Birnäçe dükan eýesi spirtli içgileriň iň geçginli harytlaryň hatarynda galýandygyny aýdýarlar. Ýöne soňky wagtlarda spirtli içgileriň ýasama görnüşleri köpelýär.

“Hatda daşary ýurt döwletlerinden import edilýän spirtli içgileriň arasynda hem ýasama arak tapdyrýar” diýip, bir dükan eýesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Hususy telekeçi bir müşderiniň ýasama içgini anyklaýşy barada gürrüň berdi.

“Ýaňy-ýakynda bir müşderi meniň dükanymdan “Swaýak” atly aragy satyn alyp gitdi. Bu arak 150 manatdan bahalanýar. Müşderi arak çüýşesiniň gapagyny açyp, stakana guýanda stakanyň düýbünde adaty bolmadyk bir çökündiniň emele gelendigini görýär. Müşderi aragy yzyna getirdi, men çüýşäniň gapagy açylan hem bolsa yzyna almaly boldum” diýip, telekeçi gürrüň berdi.

Özleriniň söwda tekjelerinde tapylýan ýasama araklar barada gürrüň berýän telekeçiler, şeýle gürrüňleriniň özlerini maddy zyýana getirmek ähtimallygyna garamazdan, ýasama araklar baradaky maglumatlara goşant goşýarlar we ýerli önümçilige degişli spirtli içgileriň arasynda hem ýasama araklaryň tapdyrýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti alkogol erginleri we spirtli içgiler boýunça import-eksport maglumatlaryny äşgär etmeýär. Ýasamalykda şübhe bildirilýän “Swaýak” aragy Belarusda öndürilýär. Bütindünýä bankynyň import-eksport maglumatlaryna görä, Belarus 2019-njy ýyla çenli Russiýa Federasiýasy bilen bir hatarda Türkmenistana alkogol erginlerini eksport edýän taraplaryň ilkinji dörtlügine girýärdi.

Mary welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe lukman soňky günlerde arakdan zäherlenip, hassahanalara getirilýän adamlaryň sanynyň köpelýändigini aýdýarlar.

“Olar hassahana düşenlerinde özlerini bilmeýärler” diýip, bir saglyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli synçylar spirtli içgileriň köp sarp edilmeginiň maşgalalara zarba urýandygyny, bu ýagdaýyň käbir maşgalalarda betbagtçylyga ýol açýandygyny aýdýarlar.

Habarçymyzyň söhbetdeşleri Marynyň “Peşanaly” geňeşliginde bolan bir waka barada gürrüň berýär.

“Mundan birnäçe ýyl ozal, Marynyň “Peşanaly” geňeşliginde bir ýaş oglan toýda arak içip, serhoş bolýar we öýüne gelip, aýalyny urup başlaýar. Aýaly äriniň elinden gaçyp gizlenýär” diýip, ýerli ýaşaýjylar bolan wakany gürrüň berýär.

Munuň yz ýany, serhoş adam aýalyny tapman, goňşularyna barýar we goňşusyny paltalap öldürýär. Soňra, hamala, hiç zat bolmadyk ýaly, öýüne baryp uka gidýär. Ol polisiýa tarapyndan soraga çekilende öz eden etmişiniň ýadyna düşmeýändigini aýdýar.

‘Arak belasy’ bilen bagly ýene bir waka Marynyň Türkmengala etrabynda bolup geçýär.

“Bir erkek adam dostlary bilen içip, serhoş bolýar we gije öýüne gelip, aýalyny pyçaklap öldürýär” diýip, maryly ýaşaýjylar gürrüň berýär.

Azatlygyň söhbetdeşleri serhoş adamlaryň huşuny doly ýitirýändiklerini, hatda serhoş halda köçede aýak ýalaňaç gezýändiklerini, olaryň arasynda öz janyna kast edýän adamlaryň hem bolýandygyny gürrüň berýärler.

Türkmenistanda onlarça ýylyň dowamynda syýasy giňişligiň häkimiýetler tarapyndan berk gysylmagy, ykdysady şertleriň ýiti ýaramazlaşmagy, garyplygyň artmagy, döredijilik işiniň we medeniýetiň, sungatyň, hatda adamlaryň din-wyždan azatlygynyň çäklendirilmegi, beýleki syýasy-ykdysady meseleler we sosial problemalar ýönekeý raýatyň durmuşyny kynlaşdyrdy. Şeýle kynçylyklaryň, synçylara görä, ne sporty içgysgynç we birsydyrgyn wagyz etmäge çalyşýan döwlet syýasaty bilen, ne salgytlary artdyrmak arkaly spirtli içgileriň söwdasyny düzgünleşdirmäge çalyşýan kada-kanunlar bilen hötdesinden gelip bolýar.

Arakhorlyk belasynyňtürkmen jemgyýetinde giň ýaýrandygyny görkezýän beýleki bir alamatlaryň biri hem häkimiýetleriň esasy baýramçylyk günlerinde sebitlerde arakhorlary ýygnamak, olara esewan etmek çärelerini güýçlendirmegi bolup durýar.

Ýatlasak, üç ýyl töweregi mundan ozal, Türkiýede onlarça türkmenistanly raýat ýasama arakdan zäherlenip, aradan çykdy.

Türkmenistanyň hökümeti noýabr aýynda spirtli içgileriň we temmäki önümleriniň salgytlaryny artdyrdy. Ýöne ýerli telekeçiler spirtli içgileriň dükanlarda iň geçginli harytlaryň hatarynda galýandygyny tassyklaýarlar.

Maryly ýaşaýjylar arak içýän adamlaryň huşuny doly ýitirip, serhoş wagty özlerini alyp barşyny aragyň ýasama bolmak ähtimallygy bilen düşündirýärler.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda ýasama içgiden zäherlenýän adamlaryň köpelmegi barada Mary welaýatynyň häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Ýöne ýerli ýaşaýjylar ‘arak belasynyň’, maşgalalarda öwezini bolmajak netijelere ýol açýandygyny aýdýarlar.

Türkmen mediasy döwlet syýasatynyň jemgyýeti sagdyn durmuş ýörelgelerine höweslendirmäge gönükdirilendigini gaýtalaýar. Ýöne synçylar jemgyýetiň agyr ýaralydygyny, ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, galyberse-de, ýurtda raýat durmuşynyň her bir ugrunyň, her bir ädimiň häkimiýetler tarapyndan berk gözegçilikde saklanylmagynyň raýatlary çykgynsyzlyga iterýändigini, şeýlelikde, jemgyýetiň ruhy peslige we umytsyzlyga duçar bolýandygyny aýdýarlar.

Döwlet mediasy ilatyň bolelin durmuşda, bagtyýar we berkarar durmuşda, täze galkynyş eýýamynda ýaşaýandygyny gaýtalaýar. Ýöne giň ýaýran işsizlik we ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän, şol bir wagtda, döwletiň bagtyýarlyk ilýuziýasynyň hakykata gabat gelmeýändigine şaýat bolýan raýatlar özleriniň syýasy, ykdysady we durmuş kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz galýarlar we eklenç etmek hem-de ynsan mertebesine hormat goýulýan durmuşda ýaşamak hukuklarynyň depelenýändigini görüp, lapykeç bolýarlar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda soňky ýyllarda adamlaryň janyna kast etmek, talaňçylyk, ogurlyk ýaly jenaýat hadysalarynyň ösýän meýilleri barada yzygiderli habar berip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG