Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda geçen hepdäniň aýagynda 20 ýaşlarynyň ortasyndaky bir aýal maşgala öz öýünde pyçaklanyp öldürildi. Şäheriň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmämiz jenaýatçyny tapmak ugrunda güýçli depginde gözleg işleriniň geçirilýändigini, şeýle-de derňewiň ‘talaňçylyk maksady bilen adamyň janyna kast etmek’ aýyplamasy boýunça alnyp barylýandygyny aýtdy.
Çeşmämiziň howpsuzlygy jähtinden onuň şahsyýetini we wezipesini aýan etmeýäris, şeýle-de derňew işleriniň dowam edýändigi we gowuşýan maglumatlaryň ählisiniň entek doly tassyklanmandygy sebäpli, käbir jikme-jikleri hem häzirlikçe çap etmekden saklanýarys.
“5-nji ýa 6-njy mart güni Türkmenabadyň ilat içinde ‘üçpunkt’ diýilýän etrapçasynda 25 ýaşlaryndaky bir aýal maşgala öýünde pyçaklanyp öldürildi. Bu raýat Türkiýeden harytlary getirýän kargo, ýagny ýük gatnadýan kompaniýanyň bir işgäri bolup, onuň öýi harytlary saklamak üçin ammar hökmünde ulanylypdyr. Häzir derňew aýal maşgalanyň emlägini almak maksady bilen, onuň jany üçin howply bolan zorlugy ulanmak aýyplamasy boýunça alnyp barylýar” diýip, Türkmenabadyň kanun-goraýjy edarasyndaky çeşmämiz 10-njy martda gürrüň berdi.
Ol aýal maşgalanyň öldürilmegi bilen bagly beýleki jikme-jikleri, şeýle-de güman edilýän jenaýatçylaryň sany baradaky maglumatlary hem häzirlikçe aýan etmezligi sorady.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlaryň özgerişini yzarlamagy dowam etdirer.
Soňky ýyllarda Türkmenistan öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär. Bular pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşdi we sosial problemalaryň möwjemegine getirdi. Habarçylarymyz bu ýagdaýlaryň arasynda ýurtda ogurlyk, talaňçylyk we adam öldürmek ýaly jenaýatlaryň artýandygyny belleýärler. Mundan başga-da, ykdysady krizis ýurtda dilegçileriň, zibil dörýänleriň, ten söwdasy bilen meşgullanmaga mejbur bolýanlaryň we öýsüz raýatlaryň hem köpelmegine getirdi.
Türkmen hökümeti ykdysady krizisi, barha ýitileşýän sosial problemalary aç-açan boýun almaýar.
Azatlyk Radiosy Türkmenabatda aýal maşgalanyň öldürilmegi we soňky wagtlarda artýan ogurlyk hadysalary barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden hem-de Türkmenabadyň polisiýa bölüminden kommentariýa alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.