Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Demirýolçylar köçesiniň ugrunda ýerleşýän zibilhanada 6-njy dekabrda zibil dörýän 10 töweregi adamyň arasynda dawa-jenjel turdy. Azatlygyň habarçysy bu wakada bir adamyň pyçaklanyp öldürilendigini habar berýär. Şeýle-de, bu waka boýunça jenaýat işi açylypdyr.
Geçen hepdäniň duşenbe güni Türkmenabadyň bir zibilhanasynda turan dawa-jenjelde Farapdan, Çärjewden we Türkmenabatdan bolan zibil dörýänçiler öz aralarynda uruşdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, zibil üstünde turan dawa-jenjelde iki adam pyçaklaşypdyr, olardan bir adam pyçak ýarasy bilen aradan çykdy.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda Azatlyk Radiosy soňky ýyllarda eklenç gözleginde zibil dörýän adamlaryň köpelýändigini habar berdi, wagtal-wagtal zibil üstünde uruşlar turdy.
Azatlygyň habarçysyna görä, Türkmenabatda zibil dörýän adamlaryň arasynda serhetler emele gelipdir. Olar öz aralarynda şol serhetleri böwüsmezlik boýunça ylalaşýarlar. Her kim öz serhediniň çäginde zibil dörýär. Ýöne, haçan-da birek-biregiň zibil serhetlerine howp abansa, adamlaryň arasynda dawa-jenjel turýar.
Zibil serhetleriniň emele gelmegi bilen, zibil dörýän adamlaryň arasynda özara ylalaşyklar, toparlanyşyklar döreýär. “Olara goşulmak üçin hem tanyş gerek diýen sözler aýdylýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, pandemiýa döwründe zibil dörýän adamlar san taýdan köpeldi.
“Bu ähli ýerlerde şeýle. Aşgabatda hem şeýle” diýip, habarçy aýtdy.
Ýurtda ykdysady krizis saklanyp galýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri barha ýitileşýän durmuş kynçylyklary, ilatyň gün-güzeran aladalary barada, şeýle-de aman galmak üçin zir-zibil dörmäge, dilegçilik etmäge mejbur bolýan adamlar, artýan jenaýatçylyk hadysalary, şol sanda ogurlyk we talaňçylyk hadysalary barada habar berýärler.
Mundan ozal çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna tassyklamagyna görä, ýurtda giň ýaýran işsizlik höküm sürýär, ýöne häkimiýetler ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan ýiti ykdysady we durmuş kynçylyklaryny aç-açan boýun almaýarlar.
Türkmenabatda zibil üstünde turan pyçaklaşma şäheriň otly menziliniň golaýyndaky zibil çelekleriniň ýanynda bolup geçipdir.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurt boýunça jenaýat hadysalary barada resmi sanlary köpçülige mälim etmeýär. Ýöne Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanda resmi taýdan jemgyýetçilige mälim edilmeýän jenaýat hadysalarynyň soňky ýyllarda görnetin artandygyny habar berýärler.
Geçen ýylyň aprelinde Azatlyk Radiosy paýtagt Aşgabatda zibilhanalaryň üstünde uruş-dawalaryň köpelýändigini habar berdi.
Munuň yz ýany, habarçylarymyz 70 ýaşly aşgabatly bir zibil dörýän adamyň zir-zibil üstünde turan urşuň pidasy bolan bolmagynyň ahmaldygyny habar berdiler.
Ýöne has ozal, ýanwar aýynda habarçylarymyz paýtagtyň zir-zibil çeleklerine resmi däl görnüşde gözegçilik edýän garawullaryň peýda bolandygyny habar berdi.
Bu maglumatlaryň fonunda, 2021-nji ýylyň bahar aýlarynda türkmen polisiýasy Maryda zibil dörýän adamlardan “kommunal gulluklaryň formasyny” geýmegi talap edip, olary jemagat gullugynyň işgärleri ýaly edip görkezmäge synanyşdy.
Ýöne munuň bilen hem zibil gözleýän adamlar baradaky habarlaryň yzy üzülmedi. Hatda 2021-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabadyň polisiýasy şäheriň täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň töwereginde zir-zibil dörýän adamlary “elit jaýlaryň” görküne zyýan ýetirmekde aýyplap wagtlaýyn tussag etdi.
Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda zir-zibil dörýän adamlar köplenç plastik gap, karton kagyz we reňkli metal gözleýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.