Aşgabatda azyk harytlarynyň, hususan-da gök-bakja önümleriniň bahasy gymmatlaýar. Söwdagärler tekjelerde azyk harytlarynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahalaryny ýerleşdirseler-de, alyjylara olary iki-üç esse ýokary bahadan satýarlar. Bu ýagdaýdan nägile bolýan alyjylar häkimiýetleriň nyrhlara gözegçilik etmeýändigini aýdýarlar.
"Soganyň bir kilogramynyň bahasy 18 manada ýokarlanypdyr, käbir hususy dükanlarda bolsa 20 manat bolupdyr. Iki hepde ozal onuň bahasy 9 manatdy. Söwdagärleriň tekjelerinde bolsa, onuň bir kilogramynyň bahasy 7 manat görkezilýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy 20-nji martda aýtdy.
Gymmatlan harytlaryň arasynda alma hem bolup, häzirki wagt onuň bir kilogramy 25-40 manat bahalanýar. Bir aý ozal onuň bahasy 14-18 manat aralygynda bolup, bu ýagdaý almanyň azyndan 80-90% gymmatlandygyny görkezýär.
Paýtagtly alyjylar özleriniň tekjelerde görkezilen bahalardan iki-üç esse köp tölemeli bolýandyklaryny aýdyp, häkimiýetleriň bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagyna gözegçilik etmeýändigini, özleriniň bu barada edýän şikaýatlarynyň hem oňyn netije tapmaýandygyny aýdýarlar.
Azyk söwdasyny edýän telekeçiler bahalaryň ýokarlanmagynyň, hususan-da soganyň gymmatlamagynyň birnäçe sebäbiniň bardygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, birinjiden, ýurtda öndürilen soganyň aglabasy daşary döwletlere satyldy we içerki bazara haryt galmady. Ikinjiden, ýanwar aýyndaky aýazly howada sogan we sarymsak hasylyny sowuk urdy we ekinler zaýa boldy. Bu ýagdaýlar ýurtda sogan gytçylygyna we onuň bahasynyň gymmatlamagyna getirdi.
Ýanwar aýynda Türkmenistanda howanyň temperaturasy rekord derejelerde pese gaçdy. Bu gök-bakja önümleriniň doňmagyna, ekin meýdanlarynda we ýyladyşhanalarda ekinleriň aglabasynyň sowuk urmagyna getirdi. Şonda ekerançylar we telekeçiler öňümizdäki aýlaryň hem özleri, hem-de ilat üçin ýeňil bolmajakdygyny duýdurypdylar.
Geçen aýyň başynda bolsa, Türkmenistanda soganyň we sarymsagyň iň köp ekilýän ýerleriniň başynda gelýän Lebap welaýatynda daýhanlaryň ençemesi güýzde eden azaplarynyň puja çykandygyny aýdyp, sogan we sarymsak ekilen meýdanlary sowuk urandygyny, şol sebäpli bu işlere gaýtadan girişýändiklerini gürrüň beripdiler.
Şonda daýhanlar täze ekilen soganyň maý aýynda hasyl berjekdigini aýdyp, täze hasyl ýetişýänçä soganyň bahasynyň 30 manada çykmagynyň ähtimaldygyny çaklapdylar.
Şol bir wagtda, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky serhet geçelgesindäki gümrük gullugynyň bir işgäri gymmatlamanyň "iki ýurduň arasyndaky söwda bilen bagly girizilen täze çäklendirmeler bilen ilteşiklidigini" aýdýar.
"Eýranda içerki uruş dowam edýär. Şol sebäpli biziňkiler [Türkmenistanyň gümrük gullugy] serhetden geçirilýän harytlaryň möçberini, görnüşini çäklendirdiler" diýip, gümrük işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, Eýranda geçen ýylyň sentýabrynda Mahsa Amini polisiýanyň gözegçiliginde wagty ölenden soň, ýurduň 100-den gowrak şäherinde geçirilip başlanan köpçülikleýin demonstrasiýalar heniz hem wagtal-wagtal dowam edýär.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Döwlet gümrük gullugyndan we Aşgabadyň söwda edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.
Ýurtda azyk harytlarynyň bahasynyň gymmatlaýandygy barada Azatlygyň habarçylary ýylyň başyndan bäri birnäçe gezek maglumat berdiler.
Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 3-nji martda geçirilen mejlisinde ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda gök önümleriň, beýleki azyk harytlarynyň nyrhlarynyň esassyz ýokarlandyrylmagyna ýol bermezlige çagyrdy.
Muňa garamazdan, 7-nji martda, Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynyň öňüsyrasynda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň "Merkezi" bazarynda azyk harytlarynyň bahasy duýdansyz 40%-e çenli gymmatlady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum