Ukrainanyň harbylary tarapyndan ýesir alnan iki hytaý raýaty, 14-nji aprelde Kiýewde geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda, urşa Russiýanyň tarapyna aldaw bilen çekilendiklerini aýtdy.
Wang Guangjun, Russiýada ýaralanan esgerlere reabilitasiýa hyzmatlaryny bermek üçin iş teklip edilendigini, ýöne Russiýa baran badyna, onuň sözlerine görä, göni harby gulluga ugradylandygyny aýtdy.
Žang Renbo bolsa Russiýa syýahatçy hökmünde gelendigini, soňra bu ýerde galyp işlemekçi bolandygyny aýtdy. Oňa gurluşyk işinde işlemek teklip edilipdir, ýöne, onuň öz sözlerine görä, soňra ýagdaýlar çalt üýtgäp, we ol soňy bilen “bolup geçýän zatlara täsir edip bilmändir”.
Ýesir alnan hytaýlylaryň ikisi hem Hytaý hökümeti bilen hiç hili baglanyşyklarynyň ýokdugyny aýtdylar.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, 8-nji aprelde, Ukrainanyň harbylarynyň Russiýanyň tarapynda urşa gatnaşýan iki hytaý raýatynyň ýesir alnandygyny mälim etdi. Ol bularyň diňe Russiýanyň elindäki ukrainaly esgerler bilen çalşylyp bilinjekdigini aýtdy.
Hytaýyň Daşary işler ministrligi Pekiniň Ukrainadaky urşa gatnaşmak üçin harbylary ibermändigini aýtdy.