Türkmenistanda geçen aý höküm süren aýazly howada ekinleri sowuk uran daýhanlar ekin meýdanlaryny sürüp, sogan we sarymsak ekmek işlerine täzeden girişdiler. Lebap welaýatynyň daýhanlary doňaklygyň getiren netijeleri zerarly uly maddy zyýan çekýändiklerini belläp, gaýtadan ekin ekip, "üstümizdäki ekerançylyk ýylyny birneme bolsa-da halas etmäge çalyşýandyklaryny" aýdýarlar.
"Çärjew etrabynyň, Farap şäherçesiniň obalarynyň ekin meýdanlarynda güýzde ekilen soganyň we sarymsagyň köki çüýräp başlandan soň, daýhanlar hasylyň bolmajakdygyna göz ýetirip, bu meýdanlarda sürüm işlerine başladylar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.
Geçen aýda Türkmenistanda howanyň temperaturasy rekord derejelerde pese gaçdy. Bu gök-bakja önümleriniň doňmagyna, ekin meýdanlarynda we ýyladyşhanalarda ekinleriň aglabasynyň sowuk urmagyna getirdi. Şonda ekerançylar we telekeçiler öňümizdäki aýlaryň hem özleri, hem-de ilat üçin ýeňil bolmajakdygyny duýdurypdylar.
Türkmenistanda soganyň we sarymsagyň iň köp ekilýän ýerleriniň başynda gelýän Lebapda daýhanlaryň ençemesi güýzde eden azaplarynyň puja çykandygyny aýdyp, häzir gaýtadan maddy serişde sarp etmeli bolýandyklaryny gürrüň berdi.
"Ekiş ýeri daýhan birleşigiňki bolsa-da, daýhanlar ony sürdürmek we tekizletmek üçin özleri maddy serişde sarp etdiler. Şeýle-de, ekilen soganyň üstünden çäge sepip çykmak üçin hem, her meýdana 20 ulag çäge satyn aldylar. Olar her ulaga 200 manat tölediler. Şeýle-de, ekiş wagtynda hakyna tutma işçileriň her biri üçin her gününe 200 manat berdiler. Bu işçiler soganyň üstünden dökülen çägäni tekizläp çykdylar. Daýhanlar sogan tohumynyň her bir kilogramy üçin-de 100 dollar tölediler. Indi şu çykdajylaryň ählisini gaýtadan etmeli bolýar" diýip, lebaply daýhan anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.
Daýhanlar doňaklygyň getiren oňaýsyz netijeleri zerarly döwlet tarapyndan goşmaça goldaw berilmeýändigini aýdyp, özleriniň bu ýyl umuman bankroda tarap barýandyklaryny hem belleýärler.
"Täzeden ekin ekip, üstümizdäki ekerançylyk ýylyny birneme bolsa-da halas etmäge çalyşýarys" diýip, daýhan aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada sebitiň oba hojalyk bölümi bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Bu aralykda, sebitde soganyň bahasy yzygiderli ýokarlanýar. Soňky bir aýyň dowamynda soganyň nyrhy tas üç esse gymmatlady. Mundan bir aý çemesi ozal bir kilogramy 5-6 manat aralygynda bahalanan sogan häzir 15-18 manatdan satylýar.
"Hususy dükan eýeleri bolsa, soganyň bir kilogramyny 19 manatdan satýarlar. Bu görlüp-eşidilmedik zat" diýip, habarçy aýtdy.
Daýhanlar bolsa, häzirki ekilen soganyň maý aýynda hasyl berjekdigini aýdyp, täze hasyl ýetişýänçä soganyň bahasynyň 30 manada çykmagynyň ähtimaldygyny çaklaýarlar.
Doňaklyk diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Özbegistanda we Gazagystanda hem gök-bakja önümlerine täsir etdi. 17-nji ýanwarda bolsa, gazak häkimiýetleri sogan eksportyny üç aýlyk gadagan etdiler. Gazagystan bu çäräni soganyň nyrhyny kadalaşdyrmak aladalary bilen düşündirdi.
Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri aýazly howanyň getiren netijeleri barada häzire çenli dymyşlygyny dowam etdirýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum