Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Din azatlygy komissiýasy: Türkmenistan “aýratyn alada döredýän ýurt”


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň Halkara Din azatlygy boýunça Komissiýasy (USCIRF) 2025-nji ýyl üçin ýyllyk hasabatynda Türkmenistany ýene-de “aýratyn alada döredýän ýurt” hökmünde häsiýetlendirdi. Bu kesgitleme, ýurduň din azatlygy boýunça dowam edýän çynlakaý, yzygiderli we giň gerimli bozulmalary sebäpli berilýär.

Hasabatda Türkmenistandaky din azatlygynyň ýagdaýynyň gowulaşmaýanlygy, hökümetiň ähli garaşsyz dini işjeňliklere şübhe bilen garamagy we içerki hem-de daşarky ynançlylary gözegçilik astynda saklamagy dowam etdirýändigi nygtalýar.

Hasabatda bellenilşi ýaly, ýurduň kanunçylygy dini toparlaryň hasaba alynmagyny talap edýär we hasaba alnan toparlaryň işjeňliklerini berk çäklendirýär. Hasaba alynmadyk dini toparlaryň işjeňligi gadagan edilýär we jezalandyrylýar.

ABŞ-nyň Halkara Din azatlygy boýunça Komissiýasynyň soňky hasabatynda Türkmenistandan başga-da, “aýratyn alada döredýän ýurt” hökmünde: Hytaý, Kuba, Eritreýa, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Pakistan, Russiýa we Täjigistan ýaly ýurtlar hem kesgitlendi.

Bu kesgitlemeler, ABŞ-nyň Döwlet departamentine daşary ýurtlarda din azatlygynyň bozulmalaryna garşy çäre görmek üçin syýasatlary ilerletmekde ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.

XS
SM
MD
LG