Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birinji ädimden soň, optimizm artýar ABŞ we Eýran indiki duşuşyga taýýarlanýar


Bir eýranly adam 12-nji aprelde Tähranyň köçesinde gazet okaýar, baş sahypadaky maglumat Omanda Eýran-ABŞ ýadro gepleşiklerine bagyşlanýar.
Bir eýranly adam 12-nji aprelde Tähranyň köçesinde gazet okaýar, baş sahypadaky maglumat Omanda Eýran-ABŞ ýadro gepleşiklerine bagyşlanýar.

Omanda geçirilen ýadro gepleşikleri Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda soňky ýyllarda ilkinji resmi gatnaşygy alamatlandyrdy we öňegidişlik az bolsa-da, dartgynlygy harby hereketler däl-de, diplomatiýa arkaly gowşatmak islegi görkezdi.

Eýranyň we ABŞ-nyň arasynda 12-nji aprelde Tähranyň ýadro programmasy boýunça geçirilen gepleşiklerde ýokary derejeli duşuşyklary 19-njy aprelde dowam etdirmek barada ylalaşyldy, onuň geçiriljek ýeriniň Ýakyn Gündogardan Ýewropa geçirilmegi ähtimal.

Ikinji tapgyryň Rimde boljakdygyny 13-nji aprelde "Axios" çeşmelere salgylanyp, habar berdi, ýöne ikinji tapgyr barada resmi maglumat bolmady.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 13-nji aprelde giçlik žurnalistler bilen söhbetdeşlikde geňeşçiler bilen duşuşandygyny we anyk bir zat aýtmazdan "Eýran barada gaty çalt karara geleris" diýdi.

Omanda geçirilen ýokary derejeli ýygnaga gatnaşan Waşington gepleşikleriň göni bolmagyny talap etdi, Tähran bolsa tersine muny ret etdi.

Gepleşikleriň soňunda bularyň ikisi-de başa bardy.

Gepleşikler esasan göni bolmadyk görnüşde geçirildi, omanly diplomatlar otaglaryň arasynda gatnadylar. Şeýle-de bolsa, gepleşikleriň ahyrynda Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi we ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça wekili Stiw Witkoff gysga wagtlyk duşuşdylar.

Nýu-Yorkda ýerleşýän Ýewraziýa toparynyň Eýran boýunça baş analitigi Gregori Brew Azatlygyň Farda Radiosyna beren interwýusynda "Iki tarap hem esasy talaplaryny ýerine ýetirdi" - diýip belledi.

Şeýle-de bolsa, ol ýygnagyň netijelerine aşa baha bermekden saklanmak barada duýdurdy we "mundan beýläk ara alyp maslahatlaşmak üçin esas döretmekden başga näme gazanylandygy entek belli däl" - diýdi.

Arakçi Witkoff bilen gysga duşuşygyny "diplomatik sypaýaçylygy" diýip atlandyrdy. Bu, Gazadaky konflikt we Siriýadaky režim çalşygy bilen baglanyşykly aňryçäk ýagdaýdaky sebite duýarlykly optimizm getirmek üçin ýeterlik boldy.

Eýranyň sebitdäki bäsdeşi Saud Arabystany Omandaky gepleşikleri gutlady. Saud Arabystany 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasyna ynamsyz garapdy we 2018-nji ýylda ony ýatyran Trampy öwüpdi, Bahreýn we Katar makullaýjy beýanatlaryny çap etdiler.

Berk karar zerurlygy

Analitikler Eýranyň ýadro programmasy barada ylalaşygyň mümkindigini - baş lider Aýatolla Ali Hameneýiniň bu agyr karara gelmek islegine bagly boljagyny belleýärler.

Ähli döwlet meselelerinde konstitusiýanyň esasy ygtyýarlyklara eýe bolandygyna garamazdan, Hameneýi göni jogapkärçilikden gaça durýan adamyň reputasiýasyny gazandy.

"Hameneýi jogapkärçilik çekmek islemeýän ýaly görünýär, onuň soňky teswirlerinden görünişi ýaly ol gepleşiklere garşydygyny aýdýar we gepleşikleriň geçirilip, bilinjekdigini aýtsa-da, onuň netijeleriniň jogapkärçiligini öz üstüne almajakdygyny belleýär" diýip, Waşingtonda ýerleşýän halkara gatnaşyklar boýunça analitik Fereşteh Pezeşk Farda Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýi 13-nji aprelde Tähranda ýaragly güýçleriň serkerdeleri bilen geçirilen ýygnakda çykyş edýär.
Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýi 13-nji aprelde Tähranda ýaragly güýçleriň serkerdeleri bilen geçirilen ýygnakda çykyş edýär.

Eýranyň ýagdaýy gowşak. Onuň sebitdäki ýaranlary gowşak ýagdaýda, ykdysadyýeti ABŞ-nyň sanksiýalary astynda ýaramazlaşýar, ýaşaýyş derejesi gymmatlaýar we satyn alyş ukyby peselýär.

"Eýranyň içerki ýagdaýy hem şertnamanyň ähtimallygyny birneme ýokarlandyrýar" - diýip, Pezeşk aýtdy.

Ylalaşyk gazanylmasa, Trampyň harby herekete geçmek haýbaty hem basyşa goşant goşýar. Eýran resmileri uruş ähtimallygyny aç-açan ret edýärler, analitikler Tährana howp abanýandygyny aýdýarlar.

Öňdäki ýol

Missuri ştatynyň Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça professory Mehrzad Boroujerdi Omandaky duşuşygy "taýýarlanyş gepleşikler" diýip häsiýetlendirdi we wajyp temalaryň entek üstünden barylmandygyny belledi.

"Olaryň gün tertibinde we maslahat ediljek umumy temalarda ylalaşan bolmagy ähtimal, ýöne möhüm meseleler geljekdäki gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylar" - diýip, bilermen Farda Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Boroujerdi Tähranyň we Waşingtonyň ikisiniňem "maksimalistik talaplardan yza çekilendigine" we ylalaşyk baglaşmak tarapyna ugur alandygyna meňzeýär diýdi.

Gepleşikleriň indiki tapgyrynyň formasy aýan edilmedi, ýöne göni däl gepleşikleri tankytlaýanlar gytaklaýyn diplomatiýanyň ozalky şowsuzlyklaryna salgylanyp, Waşingtonyň göni gatnaşygy talap etmelidigini öňe sürýärler.

"ABŞ aç-açan bolmaly: indiki tapgyrda gönüden-göni, düýpli duşuşyk bolmasa, gepleşik bolmaz" - diýip, Eýranyň ýadro programmasyna garşy täjirçilik däl birleşigiň syýasat müdiri Jeýson Brodskiý X-da ýazdy.

Ýene bir çözülmedik sorag, Tramp Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek isleýärmi ýa-da ony düýbünden ýok etmek isleýärmi? Tähran ýadro programmasynyň ýapylmagyna berk garşy çykdy, ýöne ýadro ýaragyny döretmek islemeýändigini we muňa kepillik bermäge taýýardygyny aýtdy.

Şeýle-de bolsa, şertnama baglaşmak üçin hakyky isleg bar ýaly, bu Eýrana ABŞ-dan has zerur.

Fereşteh Pezeşk, ylalaşyga gelinmeginiň Eýranyň karar çykaryjylarynyň "paýhas we batyrlyk görkezmegine" bagly boljagyny belledi.

Häzir iki tarapam gürleşmäge taýyn ýaly görünýär, ýöne muňa gaty az wagt galdy.

Azatlygyň Farda Radiosyndan Golnaz Esfandiariniň, Reza Jamaliniň we Muhammet Zargaminiň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG