Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Kursk şäheri dron hüjümine sezewar boldy: bir aýal heläk boldy


Kursk
Kursk

Russiýanyň Kursk şäheri 15-nji aprele geçilýän gijäniň dowamynda köp sanly dron hüjümine sezewar boldy.

Bularyň netijesinde ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetdi, bir adam heläk boldy, we soňky maglumatlara görä, dokuz adam ýaralandy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Kursk sebitiniň asmanynda 109 sany ukrain dronunyň ýok edilendigini habar berdi.

Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, 85 ýaşly bir aýal heläk bolupdyr, köp otagly üç ýaşaýyş jaýyna uly zeper ýetip, olarda ýangyn döräpdir.

Ukraina bu hüjüm barada entek resmi beýanat bermedi.

Kursk oblasty dowamly dron hüjümlerine sezewar edilýär, serhet ýaka sebitlerde entegem uruş hereketleri gidýär.

XS
SM
MD
LG