Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň üstünden daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylar köpelýär. Ýolagçylar türkmen gümrük işgärleriniň işinden nägile bolýar


Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gümrük nokady. Arhiw suraty
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gümrük nokady. Arhiw suraty

Türkmenistanda goňşy Özbegistana gidip, bu ýurtdan daşary döwletlere, hususan-da Russiýa gidýän raýatlar köpelýär. Bu usuly saýlap alýan raýatlar munuň sebäplerini Özbegistanda uçar biletleriniň bahalarynyň Türkmenistandakydan iki, käte üç esse arzandygy bilen düşündirýärler. Bu aralykda, türkmenistanlylar Farap gümrük nokadyndaky we Aşgabadyň aeroportundaky tejribelerine salgylanyp, türkmen gümrük işgärleriniň ýolagçylara "gödek çemeleşmeginden" nägile bolýarlar.

"Goşa raýatlygy, ýagny Türkmenistanyň we Russiýanyň raýatlygyna eýe bolan köp adam Özbegistandan Moskwa ýa-da beýleki ýurtlara uçmagy makul bilýärler. Olar Özbegistan bilen aradaky Farap gümrük nokadyndan geçip, Buharanyň aeroportundan uçýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 21-nji fewralda aýtdy.

Türkmenistanlylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, ýolagçylara Özbegistandan daşary ýurtlara, şol sanda Moskwa uçmak telim esse arzan düşýär. Şol sebäpli bu ugruň ilat arasynda meşhurlygy artýar.

"Russiýanyň 'S7' awiakompaniýasynyň Buhara-Moskwa ugry boýunça bir bilediniň bahasy $130-$160 aralygynda bahalanýar. Ýolagçy öz ýany bilen 23 kg bagažy we elinde 10 kg ýüki alyp gidip bilýär. Uçarda ýolagçylara sendwiç bilen kofe, çaý we miwäniň şiresi berilýär. Özbek howaýollary kompaniýasy edil şu ugur boýunça bir biledi $80 satýar, ýöne uçarda iýip-içmäge hiç zat bermeýär. Käbir ýolagçylar Moskwanyň 'Domodedowo' aeroportunda 'Türkmenistanhowaýollary' kompaniýasynyň Moskwadan Aşgabada bir ugur boýunça biledi $390 satýandygyny gördüler. Özbegistandan uçmak iki-üç esse arzan düşýär" diýip, dekabrda Buharadan Moskwa uçan we fewral aýynda Moskwadan Buhara, ol ýerden hem Türkmenistana dolanan ýolagçylaryň biri aýtdy.

Türkmenistanlylar üçin Özbegistanyň üstünden daşary ýurtlara, şol sanda Russiýa, Hindistana gitmegiň iň arzan ýollaryň biridigi we bu ugruň ilat arasynda meşhurlygynyň artýandygy barada Azatlyk mundan ozal hem birnäçe gezek habar beripdi.

Geçen ýylyň oktýabrynda Aşgabatdaky habarçylarymyz biletleriň bahalarynyň köp raýatyň maddy mümkinçiliginden gymmatdygy sebäpli, goşa raýatlygy bolan türkmenistanlylaryň köpüsiniň Özbegistanyň üsti bilen Russiýa gidýändigini aýdypdy.

Şonda habarçylarymyz ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, güzeran eklenji agyrlaşan ilatyň bolup bildiginden pul tygşytlamaga çalyşýandygyny belläpdiler.

Bu aralykda, bu ugur boýunça syýahat edýän ýolagçylar syýahatçylyklarynyň Özbegistanda we Russiýada ýeňil, çalt we bökdençsiz geçýändigini, ýöne Farap gümrükhanasyna ýetenlerinde, "muşakgatly" ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.

"Men gije sagat 2-de Buharanyň aeroportuna gondum. Irden sagat 7-de taksä münüp, özbek-türkmen serhedine gitdim we iki sagat soň serhede bardym. Taksä 2000 som, ýagny 18 sent töledim. Özbek serhedinden türkmen serhedine gidýän marşrutka münüp, 9:15-de Farap gümrük nokadyna ýetdim. Bu ýerde Kowid üçin test tabşyrmaly eken. Test üçin 130 manat töledim. Sagat 11-e çenli şepagat uýasynyň gelmegine garaşdym" diýip, türkmenistanly ýolagçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şepagat uýasy testiň netijelerini sagat 3-de getirdi. Bu aralykda, ähli ýolagçylar garaşdy. Olaryň arasynda irden sagat 7-den bäri garaşýan ýolagçylar, şol sanda hytaýlylar hem bardy.

"Bu ýerde suw ýa-da iýmäge zat satyn alar ýaly hiç zat ýok. Adamlar daňdan bäri ne suw içip bildi, ne-de bir zatlar garbanyp bildi. Buharanyň gümrükhanasynda garbanyşhana bardy, ýöne ol ýerde ähli barlaglar örän çalt geçdi. Şol sebäpli bir zatlar almaga zerurlyk hem bolmady. Men sagat 4:25-de Farap gümrükhanasyndan çykdym. Şonda başga-da ýedi ýolagçy garaşyp otyrdy" diýip, ýolagçy belledi.

Ol ýolagçylaryň diňe garaşmak bilen çäklenmän, eýsem gümrük işgärleriniň gödek çemeleşmegine hem sezewar bolýandygyny aýdýar.

"Gümrük işgärleri ähli ýolagçylaryň çemodanlaryny açyp, ellerine ellik geýmän, hemme egin-eşiklerini dördüler. Goş-golamlar daş-töwerege seçildi. Bu barlag däl-de, reýddi! Olar öýde gaplanan mürepbäni geçirmegiň gadagandygyny aýdyp, ýolagça gygyryp, gödek çemeleşdiler. Olar ýolagçynyň "näme bolanokmy?" diýen soragyna has-da gaharlanyp, oňa iki gün tussaglykda saklamak bilen haýbat atdylar. Biziň ýurdumyza näme bolýar, näme üçin adamlar bilen şeýle gödek çemeleşýärler diýip, köp ýolagçy gaharlandy" diýip, başga bir ýolagçy belledi.

Habarçy şuňa meňzeş, käte mundan hem "beter" ýagdaýlaryň Aşgabadyň aeroportunda yzygiderli gaýtalanýandygyny aýdýar.

Türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmenistanly zenanlaryň ençemesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, aeroportdaky gümrük we migrasiýa işgärleri olary diňe "watan dönügi" diýip atlandyrman, eýse olardan pul hem talaýarlar.

"Aeroportdaky işgärler esasan-da ýurtdan çykjak wagtyňda azar berýärler. Men Türkmenistandaky garyndaşlarymy görüp, ýanwar aýynda yzyma Türkiýä gaýtjak bolanymda, meni bir otaga saldylar. Bu ýerde 10 töweregi adam bardy. Olar $50 bermesem, 'erbet boljakdygyny' aýtdylar. Men bu alamançylaryň goşuma bir zat oklamagyndan gorkup, soran puluny berdim" diýip, türkmenistanly zenan anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Farap gümrük nokadyndan we Aşgabadyň halkara aeroportundan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen raýatlary ýurduň migrasiýa we gümrük işgärleriniň ýolagçylara gödek çemeleşýändigi barada ýyllarboýy aýdyp gelýärler. Geçen ýylyň dekabrynda habarçylarymyz Aşgabadyň aeroportunda şeýle wakalaryň köpelendigini aýdypdylar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada düşündiriş ýa maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG