Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroportunda ýolagçylara gödek çemeleşmek ýagdaýlary köpelýär


Aşgabadyň halkara aeroporty. Arhiw suraty
Aşgabadyň halkara aeroporty. Arhiw suraty

Aşgabadyň aeroportunda Migrasiýa we Gümrük gulluklarynyň işgärleriniň ýolagçylara gödek çemeleşmegi we olara dürli haýbatlary atyp, gorkuzmagy ýaly wakalar köpeldi. Bu barada daşary döwletlere sapar edýän we ýurda dolanýan türkmenistanlylaryň ençemesi gürrüň berdi. Bu waka Türkmenistanda halkara howa we gury ýer gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilip, ýuwaş-ýuwaşdan pandemiýadan öňki tertibe dolanýan mahalyna gabat geldi.

"Migrasiýa we gümrük işgärleriniň gödek hereketleri ýurt üçin hemişe problema we utanç bolupdy. Ýöne pandemiýadan öňki birnäçe ýylyň dowamynda olaryň özlerini alyp baryşlary birneme gowulanypdy. Ýöne halkara gatnawlarynyň dikeldilmegi bilen, hususan-da soňky bir aýyň dowamynda adamlaryň bu babatda şikaýatlary artdy" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Ýolagçylara gödek çemeleşilmegi ýaly wakalara 18-nji noýabrda Türkiýeden ugrap, Aşgabada gonan uçarda gelen türkmenistanlylar hem sezewar boldy.

Olaryň sözlerine görä, migrasiýa işgärleri käte ýolagçylaryň resminamalaryny ogurlaýarlar, käte-de kemsidiji we paýyş sözleri ulanyp, olaryň uzak ýyllaryň dowamynda daşary ýurtlarda näme edendigini soraýarlar.

"Ýolagçylary ilki Migrasiýa gullygynyň işgärleri garşylaýarlar. Olar köp ýolagça haýbat atyp, organ işgärlerine jaň etmek bilen gorkudylar. Olar paýyş sözleri ulanyp, ýolagçylar bilen juda gödek gürleşýärler. Şol güni bir migrasiýa işgäriniň bir gyzyň pasportyny we talyp şahadatnamasyny ogurlandygyna şaýat boldum. Ol gyz aeroportuň başlygyna çykjakdygyny aýdansoň, migrasiýa işgäri onuň resminamalaryny gyza tarap zyňdy" diýip, ýurda dolanan bir ýolagçy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýolagçylar diňe migrasiýa däl-de, eýse gümrük işgärleriniň özlerini alyp baryşlaryndan, goş-golamlaryň ählisini tozduryp, bidüzgün dörmeginden hem şikaýat edýärler.

"Ýolagçylaryň ähli goş-golamlary monitordan geçirilýär. Muňa garamazdan, gümrük işgärleri ýolagçylardan öz çemodanlaryny açyp, şübhe döredip biljek zatlary görkezmegi soramagyň deregine bäş adam bolup bir çemodanyň daşyna geçýärler. Olar çemodany açyp, ony aldygyndan dörüp başlaýarlar. Olaryň ellerinde ýörite ellikler hem ýok. Olar ähli goş-golamlary dökýärler we soňra-da ýolagçylardan yzyna salmagy isleýärler. Olar edenlerini edýärler" diýip, başga bir ýolagçy anonimlik şertinde aýtdy.

Ol ýurduň gümrük işgärleriniň daşary ýurtly ýolagçylara çemeleşişini görende, olaryň hereketleriniň özüni we beýleki ýolagçylary diňe gaharlandyrman, eýse utandyrandygyny hem belleýär.

"Olar daşary ýurtlulara has-da gödek çemeleşip, olary gorkuzýarlar we üstünden gülýärler. Işgärleriň biri daşary ýurtly bir ýolagçynyň çemodanyndan bir guty çilimi alyp, arkaýynlyk bilen jübüsine saldy. Bu gözleg däl-de, talaňçylyk bolýar" diýip, ýolagçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, köp adam olaryň gödek çemeleşişine hiç hili reaksiýa bildirmeýär. Sebäbi olara garşylyk görkezenler dürli problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, olary ençeme sagat aeroportda saklaýarlar. Käte ýolagçylar olardan sypmak üçin para bermäge mejbur bolýarlar.

"Aeroportuň işgärleri özleriniň eden-etdilikler we jenaýatlar üçin jezalandyrylmajakdyklaryna doly ynanýarlar" diýip, ýolagçy belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Aşgabadyň aeroportundan, ýurduň Migrasiýa we Gümrük gulluklaryndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen raýatlary ýurduň migrasiýa we gümrük işgärleriniň ýolagçylara gödek çemeleşýändigi barada ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Türkiýä goýberilmedik ýolagçylar gahar-gazaba mündi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Mundan başga-da, Azatlyk migrasiýa işgärleriniň türkmen ýolagçylaryny – hiç hili düşündiriş bermezden - uçara goýbermeýändigi barada ençeme gezek maglumat taýýarlady.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada hiç hili düşündiriş ýa maglumat bermeýärler.

Türkmenistan halkara uçar gatnawlaryny 2020-nji ýylyň martynda togtadyp, olary iki ýyldan gowrak wagt soň, ýagny şu ýylyň maýynda dikeldip başlady. Soňky iki aýyň dowamynda Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen aradaky uçar gatnawlary has-da köpeldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG