Şu günler Mary welaýatynyň Baýramaly we Garagum etraplaryndaky ekin meýdanlarynda gant şugundyryny ýygnamak işleriniň depgini güýçlendirildi. Maryda bu oba hojalyk önüminiň hasyly ýene-de býujet işgärleriniň hasabyna ýygnalýar.
"Baýramalydaky we Garagumdaky ekin meýdanlarynda gant şugundyryny ýygnaýan işgärlere geňeşlikleriň we arçynlyklaryň wekilleri gözegçilik edýärler. Olar häkim gyssap dur diýip, hasyly bolup bildiginden çalt ýygnap almaga howlukýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.
Maryda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerine resmi derejede geçen ýylyň 28-njy oktýabrynda girişildi.
Şu ýyl Marynyň 10 etrabynda döwlet tabşyrygy boýunça 14 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny eken daýhanlar 200 müň tonna şugundyr hasylyny ýygnap almagy meýilleşdirýärler.
Şugundyrly meýdanyň iň uly bölegi, ýagny 5 müň gektary Garaguma degişli bolup, bu etrapda şugundyr ýygnamak işlerine gatnaşýan marylylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, häkimiýet wekilleri köpräk aýak ýoluna gidýän ýygymçylary hem halamaýarlar.
"Olar şeýle ýygymçylara az işländiklerini aýdyp, olaryň günlük töleglerini 25% az berýärler. Mundan ozalky günlerde bular ýaly gyssamaýardylar. Häzir sowuk howada sähel köpräk aýak ýoluna çyksaň-da, ertir sagat 8-den garaňky düşýänçä işläp, 40 manada derek 30 manat alýarsyň" diýip, hakyna tutulan maryly işçi anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek bu çäreleriň güýçlendirilmegi, soňky bir aýyň dowamynda prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz, öz wagtynda ýygnap almagy degişli hökümet ýolbaşçylaryna birnäçe gezek tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Prezident şeýle tabşyryklaryň birini geçen aýyň 16-nda geçiren iş maslahatynda belläpdi.
Sebit häkimiýetleri döwlet baştutanynyň bu tabşyrygyny belli bir derejede býujet işgärleriniň hasabyna amal etmäge çalyşýan ýaly bolup görünýär. Adatça bolşy ýaly döwlet edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylaryndan bu işler üçin işgär ýa-da olara derek hakyna tutulan adam ugratmak talap edilýär.
"Şugundyr ýygnamaga gitmek islemeýän we deregine hem adam tapyp, ekin meýdanyna ugradyp bilmeýän býujet işgärleriniň her biriniň 50 manat pul tabşyrmalydygy aýdylýar. Işgärler özlerine derek adam iberseler-de ýa-da pul töleseler-de, gündelik işlerini hem doly berjaý etmeli bolýarlar" diýip, habarçy aýtdy.
Bu aralykda, Baýramalyda we Garagumda şugundyr ýygnamak işlerine gatnaşýan hakyna tutulan işçiler şu günler häkimiýet wekilleriniň özleri bilen juda gödek çemeleşýändigini, käte paýyş sözleri hem ulanýandygyny aýdýarlar.
"Gündelik tölegleriniň wagtynda berilmezligi işçilere goşmaça urgy boldy. Geçen hepdäniň ahyrynda häkimiýet wekilleri gündelik 40 manadyň indi 7 gektar meýdanyň şugundyry ýygnalandan soň beriljekdigini aýtdylar" diýip, işçi belledi.
Habarçy ýolbaşçylaryň gödek çemeleşmeleri we gündelik tölegleriň kesilmegi zerarly hakyna tutulan onlarça işçiniň şugundyr ýygnamaga gitmekden ýüz öwürendigini hem aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada sebit häkimliklerinden we oba hojalygy bölümlerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanda şugundyr hasylynyň býujet işgärleriniň, esgerleriň, okuwçylaryň hasabyna ýygnalýandygy barada Azatlyk mundan ozalky ýyllarda hem ençeme gezek maglumat beripdi.
Şu ýyl ýurt boýunça gant şugundyrynyň 224 müň tonna hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.
Resmi habara görä, şugundyr hasyly ýurtda şeker we dürli gant önümlerini taýýarlaýan ýeke-täk karhanada "Maryşeker" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işlenip taýýarlanylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum