Balkan welaýatynyň käbir etrap we obalarynda býujet işgärleri we işsiz ýaşlar şugundyr ýygnamaga çekilýär. Şol bir wagtda, bu iş üçin degişli etraplaryň mugallymlary we lukmanlary öz orunlaryna derek hakyna tutma adam ugratmaga mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 17-nji dekabrda habar berdi.
Habarçy regionda dowam edýän şugundyr ýygnamak işleriniň barşy bilen tanyşdy. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýyl Balkan welaýatynyň Serdar, Bereket we Magtymguly etraplarynda daýhanlaryň kärende ýerlerinde döwlet tabşyrygy esasynda gant şugundyry ösdürilip ýetişdirildi. Şu günler welaýatda ýetişen şugundyr hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, Serdar etrabynyň Parahat, Çemenli, Garabogaz, Ýalkym daýhan birleşiklerinde, şeýle-de Magtymguly etrabynyň Näre, Akkel, Bendesen we beýleki obalarynda işsiz ýaşlar şugundyr ýygnamaga çekilýär. Býujet işgärleri irden sagat 10:00-a çenli döwlet edaralarynda işläp, soňra hasyl ýygnamaga mejbur edilýär. Býujet işgärleriniň hatarynda mugallymlardan we lukmanlardan öz orunlaryna derek şugundyra hakyna tutmak adam ugratmak ýa-da munuň üçin olardan öz işleýän edara ýolbaşçysyna pul bermek talap edilýär.
“Býujet işgärleriniň orta gatlagy, ýagny mugallymlar we lukmanlar [şugundyr ýygnamak üçin] öz orunlaryna hakyna adam tutup ugradýarlar ýa-da her gün öz başlyklaryna 20 – 30 manat aralygynda pul bermeli bolýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.
Onuň maglumatlaryna görä, şugundyr ýygnamak işleri bilen baglylykda ýolbaşçysyna pul beren ýa-da hakyna tutma adam ugradan mugallym ýa-da lukman öz esasy işine adatdakysy ýaly gatnaýar.
“Mugallymyň ýa-da lukmanyň pul bermegi ony öz işinden azat etmeýär. Olardan doly iş wagty işine gelmek talap edilýär” diýip, Azatlygyň habarçysy ýurt içinden habar berýär.
Türkmenistanyň dürli regionlarynda, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, mugallymlar we lukmanlar döwletiň gözegçiliginde öz işlerinden daşgary şugundyr ýygmak we şuňa meňzeş beýleki oba hojalyk işlerine-de goşant goşmaga mejbur edilýärler.
Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, golaýda Magtymguly etrabynda bir mekdebiň ähli mugallymlarynyň özleriniň şugundyr ýygmaga mejbury çekilmeklerinden närazy bolup, tas köpçülikleýin iş taşlaýyş yglan etjek bolupdyr.
“Emma Balkanyň Magtymguly we Serdar etrabynyň halky maddy taýdan Balkanabat, Türkmenbaşy, Gumdag we Hazar etraplary bilen deňeşdirilende ençeme esse garyp ýaşaýar. Iş meselesi hem uly problema. Olar esasan daýhançylyk bilen günlerini görýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.
Býujet işgärleri şugundyr ýygnamakdan närazy bolýan wagty, şugundyr ýetişdirýän kärendeçiler hem öz hasyllarynyň döwet harmanyna wagtynda kabul edilmezliginden zeýrenýär.
“Tehnika ýetmezçilik edýär. Kärendeçiler öz ýetişdiren hasyllarynyň döwlet harmanyna tabşyrylmagynda döreýän meseleler sebäpli hasylyň tas ýarysynyň zaýalanmagyndan şikaýat edýärler” diýip, habarçy balkanly bir kärendeçiniň sözlerine salgylandy.
Türkmenistanda şugundyr ösdürip ýetişdirýän hojalyklar “Maryşeker” döwlet kärhanasy bilen şertnama baglaşyp, şol şertnamanyň esasynda öz önümlerini agzalýan kärhana tabşyrmaga borçlanýar.
Balkanly kärendeçiler öz hasylyny Marydaky şeker zawodyna tabşyrmak üçin 800 kilometrden gowrak ýol sökmeli bolýarlar.
Azatlygyň habarçysy kärendeçilere salgylanyp, bu ýyl Marydaky zawodyň hem doly güýjünde işlemeýändigini habar berýär.
“Şonuň üçin Balkanda ýetişdirilen gant şugundyryny çig mal hökmünde daşary döwletlere satmak mümkinçilikleri öwrenilýär” diýip, habarçy kärendeçilere salgylanýar.
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda 2015-nji ýylda ýurtda ikinji şeker zawodyny gurmak meýilleşdirildi. Ýöne Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, bu desganyň gurluşygy maliýe ýetmezçilikleri bilen baglylykda yza tesdirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.