Ýanwar aýynyň içinde, Rus patyşalygy bilen öz topragyny goran türkmenleriň arasynda bolan ganly söweşleriň Gökpede ýerli halkyň köpçülikleýin gyrylmagy, ýurduň 1991-nji ýyla çenli rus koloniýasyna öwrülmegi bilen tamamlanan urşuň 142 ýyllygyna gabat, Türkmenistana türkmen-rus gatnaşyklarynyň taryhynda birden onlarça rus resmisi sapara geldi. Rus goşunlarynyň öz ýurduny goran türkmenler babatdaky ýowuzlygynyň ýene bir mysalyna, Gazawat gyrgynçylygyna hem şu ýyl 150 bolýar. Emma bu barada ne Aşgabat, ne-de Moskwa dil ýarýar. Mundan başga, “Türkmengaz” bilen “Gazpromyň” 2009-njy ýyldaky töleg dawalary, beýle ýagdaýlaryň ýene gaýtalanmak ähtimallygy barada hem hiç zat aýdylmaýar. Synçylar Kremliň Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen aradaky hyzmatdaşlyga gaýtadan uly gyzyklanma bildirmegini, Ukrainada başlan urşy sebäpli barha kän üzňelige düşýän Moskwanyň sebitdäki täsirliligini ýitirmekden örän alada galmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Şol bir wagtda, synçylaryň käbiri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhyna kolonial döwrüň däl-de, şu günüň gözi bilen seretmelidigini belleýär.
Ýatlatsak, Russiýanyň Döwlet dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin geçen aýyň aýagynda türkmen Mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistan bilen bu diýilýän hyzmatdaşlygyň nähili amal ediljekdigini aýdyňlaşdyrmady. Şunuň bilen baglylykda, Azatlyk türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň gaýtadan, Türkmenistanyň däl-de, eýsem Russiýanyň zerurlyklary esasynda güýçlendiriljek bolmagyna ýerli synçylaryň nähili garaýandygy bilen gyzyklandy.
Ozalky diplomat Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, rus resmileriniň ýanwar aýynda Aşgabada eden görülmedik derejedäki köp adamly saparlary barha kän üzňelige düşýän Moskwanyň mümkin bolan post-sowet ýurtlaryny özünden daşlaşdyrmazlyk tagallasy bilen bagly.
“Orsýetiň edýän hereketleri, birinjiden, Orta Aziýa döwletleri hem Ukraina wakasy bilen bagly bolansoň, [olar] Orsýetden ýüzüni öwürmesin diýip edýän hereketleri diýip pikir edýärin. Onsoňam, [Russiýa olary] şu Orta Aziýa döwletleriniň üstünden Günorta Aziýa, Afrika ýurtlaryna täze ýol açmakda ulanmakçy bolýan bolsa gerek diýip pikir edýärin” diýip, Hanamow telefon gürrüňinde aýtdy.
Bolgariýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Annadurdy Hajyýewiň pikiriçe, “şü günki günde, girizilen sanksiýalar bilen baglylykda, ykdysady çökgünligi ýeňletmek üçin, Russiýa öz önümleri we hyzmatlary üçin täze bazar gözlemäge mejbur bolýar”.
“Rus ýolbaşçylaryny MA ýurtlaryna täzeçe garamaga hut sanksiýalar mejbur etdi” diýip, Hajyýew ýazdy.
“Türkmenistan barada aýdylanda bolsa, bu ýerde syýasy faktor hem bar. Belli sebäplere görä, Berdimhammedow maşgalasynyň režimi Günbatarda doly goldaw tapmaýar. Günbatar Aşgabatdan ozaly bilen jemgyýetiň demokratiýalaşdyrylmagyny talap edýär, Russiýa muny talap etmeýär we bilermenleriň käbiriniň pikiriçe, türkmen tandemini dolulygyna goldaýar” diýip, Hajyýew Azatlygyň soraglaryna ýazmaça beren jogabynda aýtdy.
Türkmen-rus gatnaşyklaryna şu günüň reallyklaryndan seretmelidigini aýdan Hajyýwewiň pikiriçe, MA ýurtlary SSSR dargaly bäri öz ösüşlerine günbatar, Russiýa we Hytaý aralygynda galdy.
Uzak wagt bäri sebitde iň uly ykdysadyýete eýe bolmagyna we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigindäki liderlik roluna garamazdan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan ýaly ýurtlaryň strategiki hyzmatdaşy bolsa-da, Russiýa Merkezi Aziýadaky ykdysady gatnaşyklaryny ýeterlik derejede ösdürip bilmedi we bu ýagdaý täjik prezidentiniň Moskwany sebitiň ýurtlaryna şindem sowet döwründäki ýaly çemeleşmekde tankytlamagyna getirdi diýip, türkmen ykdysatçysy belledi.
Elbetde, bu şertlerde iki ýurduň özara ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi we çuňlaşdyrmagy iki tarapa-da peýdaly bolup biler we, bu Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň käbir pudaklaryna ösüş itergisini berip biler diýip, ykdysatçy pikir edýär.
“Mysal üçin, akylly-başly çemeleşilen ýagdaýynda, awtoulag we gämi gurluşygy, derman önümleri, geologiki gözleg, nebit we gaz pudagynda şeýle hyzmatdaşlyk edilip bilner. Şol bir wagtda rus kompaniýalary, käbir günbatar kompaniýalary ýaly, Türkmenistana uly gurluşyk toplumy, aňsat we çalt, uly möçberde we gözegçiliksiz pul gazanyp boljak ýer hökmünde seretmegi dowam etdirýärler” diýip, ykdysatçy aýtdy.
Hajyýewiň Türkmenistanyň rus işewürleri üçin aňsat pul gazanylýan ‘gurluşyk meýdançasyna öwrülmek’ ähtimallygy baradaky pikiri bilen Hanamow hem ylalaşýar.
“O bolubiler. Näme üçin diýseňiz, diňe bu günki hereketleri däl, öňem ynha, Matwiýenko [Walentina Matwiýenko, Russiýanyň Federal ýygnagynyň Federal geňeşiniň başlygy] dagam şo ýerde, Türkmenistanda... Orsýet bu döwletleriň hemmesine daşyndan syn edýär, Türkiýäniň Türkmenistanda nähili pul gazanany barada, pul ýuwmak ýagdaýyny, bu zatlary görensoň, şeýdip, Orsýetem şolar ýaly, Türkmenistany ulanar diýip pikir edýärin.”
Türkmenistanyň Russiýa halkara sanksiýalaryndan sowulmak babatynda edip biljek kömegi barada aýdylanda, bu ýerde köp sorag bar diýip, A.Hajyýew türkmen režiminiň aýratynlyklaryny nazarda tutman bolmajakdygyna hem ünsi çekdi:
"Birinjiden, ol [türkmen režimi] örän we örän gorkak. Ikinjiden, Türkmenistanda Russiýanyň şu günki günde mätäçlik çekýän önümlerini öndürýän ýokary tehnologiýaly önümçilik pudaklary ýok. Üçünjiden, Türkmenistan durmuş hyzmatlary tehnikasynyň (holodilnikleriň, tozan sorujylaryň we ş.m.-leriň) importyny, özünde kompýuterleri we telewizorlary öndürmek üçin (harby pudakda hem ulanylýan çipleri bolan) elektron enjamlarynyň satyn alynmagyny birden ýokarlandyrdy diýeliň. Bu önümçilikleriň kuwwatynyň birden güýçlenmegi, şol sanda ýerli bazaryň sarp edijileri üçin bolanda hem, şobada şübhe, güman döreder” diýip, ykdysatçy pikir edýär.
Şeýle-de Hajyýew Türkmenistanyň nebit-gaz we beýleki pudaklaryna öz enjamlaryny satýan günbatar kompaniýalarynyň şertnama baglaşan wagtlarynda hemişe gaýtadan eksport etmek meselesini nazarda tutýandyklaryny belleýär. Bu Türkmenistanyň günbatarly hyzmatdaşlarynyň öz enjamlarynyň mundan beýläkki ulanylyşyndan hemişe habarly boljakdyklaryny aňladýar.
Mundan başga, günbatar sanksiýalaryndan aýlanyp geçmek üçin örän ösen bank ulgamy gerek we Türkmenistanyň bank ulgamy örän gowşak bolmagynda galýar, uly möçberlere amala aşyrylan islendik bank amaly şübhe döreder diýip, ykdysatçy pikir edýär.
"Türkmen statistikasy sanksiýa girizilen önümleriň importynyň ösüşi bilen bagly maglumatlary gizlese-de, daşary ýurtlar bu hili ýaşyrynlyga ýüz urmaýarlar, şu sebäpden sanksiýalardan sowulyp geçmek synanyşygynyň üsti uzaga gitmän açylar”.
Hajyýew Berdimuhamedowlaryň günbatar sanksiýalaryny bozmaga het edip biljeklerine o diýen ynanmaýar, sebäbi bu ozaly bilen olaryň öz bähbitlerine zarba urar diýip pikir edýär.
Mysal üçin, Russiýa garşy girizilen günbatar sanksiýalary Aşgabat tarapyndan bozulan ýagdaýynda, Berdimuhamedowlaryň bank hasaplary we emläkleri doňdurylyp bilner, Berdimuhamedowlar maşgalasynyň agzalarynyň hereket azatlygyna, prezident uçarynyň tehniki hyzmatlary üçin zerur bolan enjamlaryň satyn alynmagyna, günbatar banklarynda türkmen serişdelerine gadaganlyk girizilip bilner diýip, ykdysatçy pikir edýär.
Şunuň bilen baglylykda, ozalam özüni dünýäden üzňeleşdirendigi aýdylýan Türkmenistanyň Russiýanyň üzňeleşdirilmegini gowşatjak bolup, Aşgabady ‘has-da gözden saljagyna’ ynanmak kyn.
Şu sebäpden Hajyýew Türkmenistanyň Russiýanyň islendik haýyşyna özüniň öňki ýyllarda ussatlarça ulanan tutarygy, özüniň oňyn bitaraplyk durumy bilen jogap berip biljekdigini belleýär.
Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky öňki ilçisiniň pikiriçe, şu ýyl Rus patyşalygynyň Türkmenistany güýç bilen basyp alanyna 142 ýyl dolýar we Moskwanyň Aşgabatdan bu gyrgynçylyk üçin ötünç soramagy gerek. Onuň pikiriçe, belki, rus hökümeti Gökdepe gyrgynçylygynyň 150 ýyllygy bellenende, “patyşa döwründe şular ýaly ýagdaý bolupdyr” diýip, Türkmenistandan ötünç sorar, ýöne beýle ötünjiň asla soralmazlygy hem mümkin.
“Sebäbi Orsýet beýle zatlar üçin kän ötünç sorap ýören döwlet däl” diýip, Hanamow aýtdy.
Öňki diplomat iki tarapyň hem bu waka barada şu günki günde, hyzmatdaşlygyň giňeldilýän wagtynda hem dymmagyny gatnaşyklaryň ýürekden, bir-birege hakyky hormat-sylag esasynda gurulmaýandygynyň bir alamaty hasaplaýar.
“Iki tarapyň hem bu waka barada sesini çykarmazlynyň sebäbi ýene-de şol Orsýetiň-ä özüni aga hökmünde görmegi, Türkmenistanyň bolsa Kreml diýlende gorkudan çykyp bilmezligi bilen bagly”diýip, Hanamow Azatlyga Wenadan telefon arkaly beren gürrüňinde aýtdy.
Şu aralykda, “Eurasianet” neşiriniň türkmen-rus gatnaşyklaryndaky soňky wakalara syn edip ýazmagyna görä, “edil häzirki pursatda ruslary Türkmenistandan uzakda saklaýan zat ýok”.
Şol bir wagtda, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanwar aýynda eden gyssanmaç göçümini, ozal iki palataly etmek islän türkmen parlamentini gysga wagtda bir palataly edip, Halk maslahatyny has kän ygtyýarlykly gurama öwürmegini goldan Walentina Matwiýenko, Mihail Mişustin ýaly resmilerden tapawutlylykda, soňky ýyllarda Türkmenistandaky şertlerden gaçyp, Russiýa göçýän türkmenistanlylaryň sany köpelen hem bolsa, Russiýadaky şertlerden, hususan-da mobilizasiýadan gaçyp, Türkmenistana barýan russiýalylar barada anyk maglumat ýok.
“Meduza” neşiriniň Russiýanyň serhet gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, 2022-nji ýyl soňky bäş ýylda russiýalylaryň Merkezi Aziýa iň köp giden ýyly hökmünde taryha girdi.
Russiýadan Mongoliýa edilýän syýahat bir ýylyň dowamynda 989%, Gürjüstana - 475%, Gazagystana - 234%, Täjigistana - 212%, Özbegistana - 99% ýokarlandy diýip, habarda aýdylýar, emma Türkmenistan agzalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum