2022-nji ýyl taryha, Ukrainada barýan urşuň fonunda, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda 1991-nji ýyldan bäri dowam edýän ýapyk çekeleşigiň Aşgabadyň garaşsyzlyk pozisiýasyny iň gowşadan ýyly hökmünde girjege meňzeýär. Şol bir wagtda, Brýus Panniýer ýaly synçylar bu ýylyň türki döwletleriň arasynda ýakynlaşmak, hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we Moskwanyň täsirinden daşlaşmak üçin iň netijeli ýyllaryň biri bolandygyny öňe sürýär. Emma muňa garamazdan, Ukrainadaky uruş we Günbatar bilen arada dörän çaprazlyklar Russiýanyň Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda ýitiren bähbitlerini yzyna dolamak isleglerini güýçlendirdi we Russiýanyň türkmen gazynyň Hazaryň üsti bilen ýewropa bazarlaryna çykarylmagyna ýol bermejekdigi baradaky haýbatlar eşidilýär.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň öňki we häzirki ýolbaşçylarynyň arasyndaky ysnyşmalardan, şonuň bilen birlikde Aşgabadyň Ukrainadaky uruş bilen bagly halkara derejesinde edilýän tagallalardan doly çetde galmagyndan çen tutulsa, türkmen häkimiýetleri Garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndaky özbaşdaklyk pozisiýalaryny, şol sanda Ukraina bilen arada 1990-njy ýyllaryň başynda ýola goýlan özara peýdaly gatnaşyklary Kremliň täsiri astynda görnetin gowşadana meňzeýär.
Ýatlatsak, Aşgabat garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda rus goşunlarynyň ýurtdan çykarylmagy, latyn elipbiýine geçilmegi, unudylan taryhy dikeltmek, gaz ýollaryny diwesifikasiýa etmek we bitarap ýurt bolmak inisiatiwalary bilen, Moskwanyň ýolbaşçylygynda döredilýän guramalardan çetde galmagy belli derejede başardy.
Ýöne Moskwanyň 2009-njy ýylda dörän gaz dawasyny ýuwaş-ýuwaşdan ýumşatmagy bilen, türkmen ýolbaşçylary Russiýa bilen aradaky strategiki hyzmatdaşlygy, şol sanda ozal “Gazprom” bilen arada kesilen gaz söwdasyny giňeldýäne çalym edýär. 2009 ýylda, Russiýa gaz iberilýän geçirijiniň partlamagy bilen başlanan dawalardan soň, Türkmenistan “Gazpromy” tölege ukypsyzlykda aýyplapdy. Ýöne soň bu dawanyň detallary, Eýran bilen aradaky töleg dawasynda, Hytaýa iberilýän gazyň bahasyndaky ýaly, syr bolmagynda galdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iýun aýynyň başynda prezident wezipesindäki ilkinji resmi saparlarynyň birini Russiýa etmegi bilen, iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasynda dowam edýän aýdyňsyzlyk doly saklanjaga meňzeýär. Çünki prezident 15 sany resminama gol çekip, TDH-nyň ýazmagyna görä, “döwletara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren” hem bolsa, aýdyňlyk meselesi düýpden agzalmady. Resmi habarda anyklaşdyrmazdan aýdylmagyna görä, gol çekilen "Jarnamada... howpsuzlyk ulgamynda hem geljek üçin bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi".
Russiýanyň “Nowosti” habar gullugynyň 18-nji maýda beren habaryna görä, türkmen prezidenti bu sapardan öň, "iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin”, Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — “Dostluk” ordeni bilen sylaglandy.
Ýöne onuň häkimiýet başynda bolan birnäçe aýynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyga nähili uly goşant goşup ýetişendigi anyklaşdyrylmady.
BMG-niň Baş Assambleýasynda 3-nji martda geçirilen ses berişliginde Türkmenistanyň 141 ýurduň ses beren kararyna, Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasynyň ýazgarylmagyna goşulmazlygy, synçylaryň pikiriçe, ýurtda 12-nji ýanwarda bellenen Hatyra gününi Aşgabat ýer titremesiniň ýatlama gününe goşan we metbugatda kolonial syýasat temasyna dilden gadaganlyk girizen öňki prezidentiň 'hyzmaty' hasaplanýar.
Ýöne Türkmenistan, kiçi Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, BMG-niň Baş Assambleýasynda 7-nji aprelde, Ukrainada barýan esassyz uruş sebäpli, Russiýany Adam hukuklary geňeşinden çykarmak baradaky ses berişlige hem gatnaşmady. Şonda bu teklibi dünýäniň 93 ýurdy goldady.
Öz gezeginde, uruş başlanyndan soň eden az sanly daşary ýurt sapalarynyň birinde Aşgabada gelen rus prezidentiniň paýtagtda Berdimuhamedowalar bilen aýry-aýrylykda, ikiçäk duşuşandygy anyklaşdyrmazdan habar berildi.
Putin bu ýyl diňe täze prezidenti sylaglap oňmady, eýsem öňki prezidenti, häzir Halk maslahatynyň başlygy bolan Gurbanguly Berdimuhamedowy hem sylaglamagyny dowam etdirdi.
2017-nji ýylda, 60 ýaşynyň dolmagy mynasybetli, Russiýanyň Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglanan Berdimuhamedowyň döşüni bu ýyl Moskwada “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” diýen ordeniň IV derejesi hem bezedi. Putin mundan öň, 2018-nji ýylda onuň merhum atasyny, Berdimuhammet Annaýewi hem “Edermenlik” medaly bilen sylaglapdy.
Uly Berdimuhamedow noýabr aýynyň başynda Moskwa eden saparynyň çäginde, Federasiýa Geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, ýurtda rus dilli klaslaryň yzygiderli ýapylmagyna garamazdan, Türkmenistanda rus diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigini aýtdy.
Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça analitik Brýus Panniýeriň ýylyň dowamynda çap eden synlaryna, Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýdan pikirlerine dolanyp gelsek, Türkmenistan bu ýyl bir tarapdan, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda barýan urşuň fonunda, Türki döwletler bilen has ýakynlaşyp, Hazar deňziniň üsti bilen alternatiw geçiriji gurmak barada öňden edilýän arzuwynyň amala aşmagyna biraz ýakynlana meňzeýär. Ikinji tarapdan, analitigiň pikiriçe, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň saklanyp galmagy bilen, uly Berdimuhamedowyň öz prezident oglunyň syýasy gelejeginiň howpsuzlygyny esasan Moskwanyň howandarlygynda görýän bolmagy "gaty ähtimal".
Emma muňa garamazdan, türkmen, türk we azeri liderleriniň golaýda bolan duşuşygyndan soň, Serdar Berdimuhamedowyň ýanwarda Türkiýä etjek saparyna we Transhazar gaz geçirijisi baradaky maslahatlaryň çynyrgamagyna garaşylýan wagtda rus senatory Aleksandr Başkin Moskwanyň Türkmenistandan Azerbaýjana çekilmekçi bolýan geçirijiniň gurluşygyna ýol berip bilmejekdigini aýtdy.
Russiýanyň daşary işler ministrliginiň resmisi Aleksandr Sternik “Waldaý” forumynda çykyş edip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Russiýa bilen aradaky gatnaşyklary üzmek ähtimallygynyň "olaryň ykdysadyýetine örän uly zyýan ýetirjekdigini" aýdyp, haýbat atdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministrligi bu beýanatlara şu wagta çenli hiç bir açyk reaksiýa bildimedi.
Indiki ýyl öz ýurduny goran müňlerçe türkmenistanlylaryň, şol sanda çagalaryň we aýallaryň rus basybalyjylarynyň Gazawatda amala aşyran rehimsiz gyrgynçylygyň pidasy bolanyna 150 ýyl dolýar. Indiki ýyl öz ýurduny goran müňlerçe türkmenistanlynyň, şol sanda çagalaryň we aýallaryň rus basybalyjylarynyň Gazawatda amala aşyran rehimsiz gyrgynçylygyň pidasy bolanyna 150 ýyl dolýar. Türkmenistan häzire çenli bu sene bilen baglanyşykly planlaryny yglan etmedi.
Şu aralykda Serdar Berdimuhamedow ýene Russiýa sapar etdi. Bu gezek ol Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň baştutanlarynyň ýyllyk resmi däl sammitine gatnaşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum