Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Aşgabada gelip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy diýip, hökümetçi neşirhabar berýär.
Minnihanow 19-njy ýanwarda Aşgabatda geçiriljek türkmen-rus Işewürler forumynyň umumy mejlisine, Arkadag şäherindäki metjidiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşar diýip, Tatarystanyň prezidentiniň metbugat gullugy ýazýar.
Şeýle-de ol Aşgabatdaky «KamAZ» hyzmat ediş merkezine baryp görer, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar.