Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus senatory: Russiýa Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygyna razylyk bermez


Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty. Illýustrasiýa suraty
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty. Illýustrasiýa suraty

Rus senatory Aleksandr Başkin Russiýanyň Türkmenistandan Azerbaýjana Transhazar gaz geçirijisiniň gurulmagyna ýol bermejekdigini aýtdy. Bu barada "Turkmen.news" neşiri Astrahanyň "Ast-News" websaýtyna salgylanyp, 16-njy dekabrda habar berdi.

Başkin günbatarly bilermenleriň türkmen gazynyň Bakuwdan Türkiýä we ol ýerden Ýewropa akyp biljekdigini, munuň bolsa Ýewropanyň rus gazyna bolan garaşlylygyny azaltmaga kömek edip biljekdigini çaklaýandygyny aýtdy.

Ýöne ol Hazarýaka döwletleriniň bäşisi tarapyndan gol çekilen Hazaryň statusy baradaky resminama laýyklykda, daşky gurşaw howpsuzlygy babatynda duýgur taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň razylyk bermelidigini belledi.

"Gaz geçirijiniň suwasty böleginiň Hazar deňziniň daşky gurşaw howpsuzlygyna abandyrmagy mümkin howp sebäpli Russiýa onuň gurluşygyna razylyk berip bilmez" diýip, rus senatory belledi.

Onuň bu çykyşy, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlarynyň Awaza kurort şäherçesinde üçtaraplaýyn sammit geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

14-nji dekabrda geçirilen sammitde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda “Türkmengaz” we azeri hem-de türk energetika ministrlikleriniň arasynda ähtnama gol goýuldy. Ýöne Transhazar gaz geçiriji taslamasy barada hiç zat aýdylmady.

Bu aralykda, "Anadolu" agentliginiň habaryna görä, türk prezidenti sammitde eden çykyşynda türkmen gazynyň Ýewropa iberilmegi babatynda Türkiýäniň Türkmenistan we Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

“Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň ykdysady bähbitleri barada alada etmäge zerurlyk ýok. Bu dostlukly ýurtda öndürilen islendik göwrüm Hytaý, Hindistan we Russiýa tarapyndan doly kabul edilip bilner" diýip, Başkin belledi.

Türkmen gazynyň Azerbaýjana iberilmegine degişli taslamalar baradaky gürrüňler dünýäde we sebitde energetika üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň dowam edýän, Türkmenistanyň ýiti ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän mahalynda gün tertibine getirilýär.

Iýulyň başlarynda Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşan ýokary derejeli türk resmisi türkmen gazyny Türkiýä eltmegiň üç ugrunyň işlenilip düzülýändigini we bu ugurdaky taýýarlyk işleriniň tamamlanyp barýandygyny aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG