Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri Türkiýä gidýän raýatlary köpçülikleýin 'ýoldan alyp galýar'


Aşgabat aeroportundaky ýolagçylar
Aşgabat aeroportundaky ýolagçylar

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy soňky günler Türkiýä uçýan uçara goýberilmeýän ýolgaçylaryň göz-görtele köpelendigini, “registrasiýadan geçirilmedik” adamlaryň näme etjeklerini billmän, aeroportda topar-topar bolup durýandyklaryny habar berýär.

Adamlary ýurtdan goýbermeýärler. Eger ýurt daşyna ilkinji gezek gitjek bolýan bolsaň, ýüzüniň ugruna alyp galýarlar. Geçen hepde birnäçe günläp her gün onlarça adamy Stambula gidýän uçara goýbermediler” diýip, habarçy aýtdy.

“Türkmen howaýollarynyň” Stambula her gün iki reýsi bar, irden we agşamlyk, her reýsde köp adamy alyp galdylar, hususan-da aýallary” diýip, bu maglumaty ikinji çeşme hem tassyk etdi.

Türkiýede ýaşan we işlän aşgabatly Şemşat (ady üýtgedildi) hem hereket azatlygy çäklendirlen zenanlaryň biri boldy, ol maşgalasyny görmek üçin, bir aýlyk Türkmenistana dolanypdy, emma soň yzyna goýberilmedi.

“Ýurda girende, ol arkaýyn geçýär, sebäbi elinde kimligi bar” diýip, maglumatda aýdylýar. Emma soň, maşgalasynyň arasynda bir aý bolup, 17-nji ýanwarda Türkiýä uçmak üçin 16-njy ýanwar gijesi “registrasiýa” baran zähmet migrantynyň “ýoly baglanýar”.


Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan zähmet migrantlarynyň sözlerine görä, Türkiýä gitmek üçin “registrasiýadan geçýän” ýolagçylar bir otagda migrasiýa gullugynyň üç işgäriniň soraglaryna jogap bermeli bolýarlar.

Bu sorag edişligi “başdan geçiren” ýolagçylar migrasiýa işgärleriniň her hili sorag berýändigini gürrüň berýärler.

Mysal üçin, adatça olar “sen näme üçin ýurtdan çykjak bolýarsyň, ol ýerde näme işleýärsiň?” diýip soraýarlar. Ýöne käte ýolagça has berk daraýan, öz wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykyp, adamlaryň maşgala durmuşyna, içerki meselelerine aralaşyp, gödek sözleri ulanýan, olary kemsidýän resmiler hem bolýar diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran zähmet migranty aýtdy.

Şemşat sorag edilýän otaga girmezinden öň, ol ýerden elleri pasportly dört ýolagçy, ýüzlerini sallap, yzlaryna çykypdyr.

Bu hili bolanda ýolagçylar köplenç öz ýanlaryndan “saklanan, ýurtdan goýberilmedik adamlaryň dokumentlerinde bir kemçilik bardyr, ýogsa olary goýbererdiler” diýip pikir edýär. Emma soň, aýdylmagyna görä, olar munuň başga, “kanuny däl sebäpleriniň hem bolup bilýändigine öz mysallarynda göz ýetirýärler”.

Şemşadyňky hem şeýle boldy: oňa sorag otagynda, dokumentleri ýerbe-ýer bolsa hem, ýurtdan çykmaga rugsat bermediler. Şonuň bilen bir wagtda, ol bu gadaganlygyň anyk sebäbini hem bilip bilmedi.


Türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň hereket azatlyklaryny çäklendirmek, migrant işçileri ýoldan saklamak praktikalaryny has ýygjam ulanyp başlandygy beýleki garaşsyz neşirlerde çykýan maglumatlarda hem tassyk bolýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna, görä, “Türkmen howaýollarynyň” 15-nji ýanwarda Stambula uçan uçary 3 sagat gijä galýar. Munuň sebäbi, neşiriň çeşmeleriniň tassyklanmagyna görä, migrasiýa gullugynyň işgärleriniň 20 çemesi biletli ýolagçyny ýoldan saklamagy bilen bagly.

“Iki sagat soňra uçara bilet almagy başaran täze ýolagçylar gelip mündi, uçar Stambula sagat 00:17-de geldi, ýogsa hakykatda sagat 21:15-de gelmelidi” diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň işgärleri diňe türkmen uçaryna bilet alan ýolagçylary däl, Türkiýäniň uçarlaryna bilet alan ýolagçylary hem köpçülikleýin alyp galýar diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär. Bu maglumaty garaşsyz neşirleriň habarçylary hem tassyklaýar.

“Turkmen news” neşiriniň maglumatyna görä, “Türk howaýollarynyň” Aşgabatdan Stambula uçan uçaryna 10-njy ýanwar güni irden 30-dan gowrak ýolagçy goýberilmedi.

“Ýolagçylaryň arasynda wajyp saglyk barlagyna barýan näsaglar hem bardy, Türkmenistandaky lukmanlar olara indi hiç bir kömek edip bilmeýändiklerini aýdypdy” diýip, neşir belleýär.

Şeýle-de habarda resmileriň öz gelýän kararlaryny hiç bir anyk sebäp bilen düşündirmeýändikleri, adamlara ýaşaýan ýerlerindäki migrasiýa gullugyna ýüz tutmagy maslahat berýändikleri, nägileligini bildiren ýolagçylaryň milli howpsuzlyk ofiseriniň iş otagyna eltilýändigi, olara “ömürlik gadaganlyk” haýbatynyň atylýandygy aýdylýar.

“Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hereketlerinde hiç bir logika ýok: ýoldan ýaşuly adamlary hem, ýaşlary-da, maşgala jübütlerini hem, bir maşgaladan bolan adamlary hem alyp galýarlar” diýip, “Turkmen.news” neşiriniň çeşmesi resmileriň Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny, iş rugsadyny alan adamlary hem, “bolanok” diýip, ýoldan saklaýandygyny aýdýar.


Ýurtdan goýberilmedik Şemşadyň sözlerine görä, aeroportdan çykan ýeriňde “ýurtdan çykmak kömegini” teklip edýän adamlar hem bar, olar bu hyzmatlary üçin 2500 dollar pul soraýaralar.

“Ýöne, çykaryp bilýäris diýseler-de, olaryň näderejede ynamdardygyny bilip bolmaýar” diýip, Türkiýede işläp, üç ýyl çemesi maşgalasyny eklän Şemşat aýtdy. “Wah, entekler gelmän, işläbersem bolmadymy” diýip, ol ahmyr edýär.

Onuň pikiriçe, Türkiýede işleýän türkmenistanlylaryň köpüsi “dokumentlerim düzüw” diýip, ýurduna gelende arkaýyn bolýar we kynlyk bilen tapan eklenç mümkinçiligini hem ýitirýär.

Şu aralykda Türkmenistanda oba hojalyk pudagynda işleýän hünärmenleriň, hususan-da gallaçylyk boýunça agronomlaryň iş orunlarynyň gysgaldylýandygy hakynda maglumatlar çykýar.

Türkmenistanlylar soňky on ýylda, işsizligiň artmagy sebäpli, köpçülikleýin daşary ýurtlara gidip, maşgala eklemäge çalyşýarlar. Resmi Aşgabat bu ýagdaýa anyk düşündiriş bermeýär.

XS
SM
MD
LG