Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda ýerli häkimiýetler elin öndürilen azyk, gök-bakja önümlerini köçelerde satýanlara garşy reýd geçirýärler. Ýurtda dowam edýän agyr ykdysady krizisiň arasynda köp hojalyklar, resmi ýagdaýda bazarda ýer almaga mümkinçiligi bolmany üçin, öz öndüren harytlaryny uly söwda merkezleriniň golaýynda satmaga mejbur bolýarlar.
“Soňky günler polisiýa Türkmenabadyň ‘Kenar bazarynyň’ golaýynda öýünde ýetişdiren gök-bakja önümlerini, elin süýt-gatyk, sary ýag ýaly harytlaryny satýanlaryny ele salmak ugrunda işleri geçirýärler. Häkimiýetler olaryň söwda üçin degişli rugsadynyň ýokdugyny aýdyp, olary bazaryň golaýyndan gitmäge mejbur edýärler” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolandygyny aýdýan ýerli ýaşaýjylaryň biri 28-nji sentýabrda gürrüň berdi.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan köçe satyjylarynyň ençemesi şäheriň bazarlarynda we beýleki söwda nokatlarynda resmi ýagdaýda ýer almaga maliýe ýagdaýlarynyň asla ýokdugyny, üstesine-de munuň üçin ‘wezipeli tanyşlaryň’ zerurdygyny aýdýarlar.
Olar bu ýagdaýlarda, şeýle-de ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizis, azyk gymmatçylygy we ýetmezçiligi, şeýle-de giň ýaýran işsizlik sebäpli elin öndüren harytlaryny köçelerde satmakdan başga çäresiniň ýokdugyny sözüne goşdular.
Şol bir wagtda, Azatlygyň söhbetdeşleri häzirki ýaly reýdleriň diňe bazarlaryň we uly söwda nokatlarynyň golaýynda geçirilýändigine ünsi çekýärler. Olar muny bazarlarda we köçe satyjylarynyň hödürleýän şol bir harytlarynyň bahasynyň arasyndaky ara-tapawut bilen hem baglanyşdyrýarlar.
“Mysal üçin, ‘Kenar’ bazarynda 1,5 litr süýt 15 manatdan satylsa, köçe söwdagärleri ony 9 manatdan ýerleýärler. Köçede garpyzyň 1 kg bahasy 2,5 manat bolsa, bazarda ol 4,5 manada deň. Söwda merkezlerinde 9 manatdan satylýan sogan, köçede 4 manada satuwa çykarylýar. Garaz, bu tas ähli haryda degişli” diýip, söhbetdeşimiz belledi. Şeýle-de ol köçe satyjylaryny söwda nokatlarynyň golaýyndan aýyrmak baradaky haýyşyň bazar resmilerinden we telekeçilerinden gelen bolmagyň mümkindigini nygtady.
Azatlyk bu maglumaty beýleki garaşsyz çeşmelere, şol sanda ýerli edaralara häzirlikçe tassykladyp bilmedi. Türkmenabadyň häkimligi ýokarky meseleler boýunça Azatlygyň soraglaryna, umuman, jogap bermekden ýüz öwürdi.
Türkmenistanda indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri ilatyň öz hojalyklarynda öndüren önümlerini bazarlaryň daş-töwereginde ýa-da etrapçalaryň aralarynda satmaga rugsat berilmeýär.
Türkmen häkimiýetleri söwdanyň bu görnüşiniň bikanundygyny, satyjylaryň ýörite rugsatnama we bazarlarda söwda tekjelerini almalydygyny aýdyp, köçede azyk önümleri satýanlara garşy gözegçiliklerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.
Şol bir wagtda, kiçi söwdagärler bazarlarda söwda etmek üçin rugsatnamany almagyň kyndygyny we söwda tekjeleriniň kireýiniň özleriniň maddy mümkinçiliginden aşa gymmatdygyny aýdýarlar.
Galyberse-de, Azatlyk türkmen häkimiýetleriniň, esasan hem pandemiýa döwründe, birtaraplaýyn görnüşde girizen çäklendiriji düzgünleriniň bazar söwdagärleriniň işine hem ýaramaz täsir edendigi, hökümetiň biznese ýeten zyýanynyň öwezini dolmaýandygy sebäpli öz janyna kast eden telekeçileriň hem bolandygy barada habar beripdi.
Türkmenistan ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünligi we azyk gytçylygyny boýun almaýar, işsizleriň sanyny aýtmaýar we türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi, önüm öndürmegi we öz durmuşyny gowulandyrmagy üçin ähli mümkinçiligiň döredilendigini öňe sürýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum