Türkmen häkimiýetleri pandemiýa sebäpli daşary döwletlerde galan raýatlaryny ýurda getirmek ugrundaky tagallalaryny güýçlendirene meňzeýär. 20-nji awgustda "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň uçary ýene ýüzlerçe türkmen raýatyny watana getirdi. Bu waka Türkmenistana dolanmak isleýän onlarça türkmen raýatynyň Stambulyň aeroportunda garaşmagy dowam etdirýändigi baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat gelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeroportundaky çeşmeleri habar berdiler.
"Türkiýäniň Stambul şäherinden ugran Boeing 777 kysymly uçar sagat 18:30 töwereginde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeroportuna gondy. Uçarda 300-e golaý raýat öz ýurduna dolandy" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu ýolagçylar uçardan düşen badyna, olardan COVID-19 testi alyndy. Şondan soňra goş-golamlary berlen ýolagçylar üç gün möhlet bilen karantine ýerleşdirildi.
Çeşmämiz munuň soňky bir hepdeden hem az wagtyň dowamynda "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň türkmen raýatlaryny Stambuldan Türkmenistana getirmegi bilen bagly ikinji wakadygyny hem aýtdy.
Ýatlatsak, Azatlygyň Türkmenabadyň aeroportundaky çeşmesi 17-nji awgustda giçlik sagat 7:50 töwereginde Türkmenabada Boeing 777 kysymly uçaryň gonandygyny we Stambuldan gelen bu uçarda 300-e golaý türkmenistanlynyň ýurda dolanandygyny habar beripdi.
11-nji iýunda prezident Serdar Berdimuhamedow “ýakyn wagtda” beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikeltmek boýunça işleri geçirmegi tabşyrdy. Muňa garamazdan, öz çaginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny erjellik bilen tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başynda ýatyran halkara uçar gatnawlaryny heniz hem doly derejede dikeltmediler.
Häzirki wagtda türkmen awiakompaniýasy Dubaý (BAE), Kazan (Tatarystan) we Moskwa (Russiýa) ugurlary boýunça dowamly uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. Ýöne häkimiýetler beýleki ýurtlara, hususan-da türkmenleriň has köpdügi aýdylýan Türkiýe ugry boýunça adaty uçar gatnawlaryny henizem dikeltmeýärler.
Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleriniň wagtal-wagtal gurnaýan çarter uçarlaryna münmegi umyt edip, Stambulyň aeroportuna üýşýän türkmenistanlylaryň sany göz-görtele artdy. Käbir türkmenler gitmäge başga ýeri bolmansoň, birnäçe aýlap şol ýerde galýarlar. Iýul aýynyň başyndan bäri bu ýerdäki türkmenler Türkmenistana yzygiderli uçar gatnawlarynyň dikeldilmegini talap edip, birnäçe gezek protest bildirdiler.
Bu protest çärelerinden yz ýany, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede galan raýatlaryny watana getirmek ugrundaky tagallalaryny birneme güýçlendirdiler.
Türkmenabadyň aeroportundaky çeşmämiziň 19-njy awgustda beren maglumatyna görä, soňky bir hepdäniň dowamynda Türkmenistana gury ýer we howa ýollary arkaly getirilen raýatlaryň sany 1500-den aşdy.
Ýöne çeşmelerimiziň we türk metbugatynyň maglumatlaryndan çen tutulsa, türkmen häkimiýetleriniň tagallalary heniz hem ýeterliksiz bolmagynda galýar.
18-nji awgustda Stambulyň aeroportunda bolan çeşmelerimiz onlarça türkmenistanlynyň oturgyçlarda oturandygyny ýa-da ýatandygyny görendiklerini gürrüň berdiler.
Mundan başga-da, SonDakika.com neşiriniň 11-nji awgustda çap eden wideo reportažynda türkmen raýatlary Türkmenistana dolanmak üçin häkimiýetlerden, şol sanda türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogandan kömek soradylar.
Türkmen häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda galan müňlerçe türkmenistanlynyň ykbaly barada asla maglumat bermeýärler. Häkimiýetler Azatlygyň bu baradaky soraglaryny hem jogapsyz goýýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum