Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen studentleriniň 400-e golaýy ýurda dolandy. Stambulyň aeroportundaky türkmenistanlylar türk häkimiýetlerinden kömek sorady


Stambulyň aeroportunda garaşyp, Türkmenistana gitmäge synanyşýan türkmen raýatlary. Arhiw suraty
Stambulyň aeroportunda garaşyp, Türkmenistana gitmäge synanyşýan türkmen raýatlary. Arhiw suraty

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri watanyna dolanyp bilmeýän türkmenistanlylaryň ýene ýüzlerçesini ýurda getirdiler. Belarusda we Täjigistanda okuwyny tamamlan türkmen studentleriniň 400-e golaýy watanyna dolandy. Bu aralykda, türk metbugaty Türkmenistana dolanmak umydy bilen, Stambulyň aeroportunda garaşýan türkmen raýatlarynyň öz ýurduna gitmek üçin häkimiýetlerden kömek soraýandygyny habar berdi.

"13-nji awgustdan 14-nji awgusta geçen gije Belarusyň paýtagty Minsk şäherinden gelen Boeing-777 kysymly uçar Türkmenabadyň halkara aeroportuna gondy. Bu uçarda 280 töweregi türkmenistanly student watana dolandy" diýip, Azatlyk Radiosynyň agzalýan aeroportdaky ygtybarly çeşmesi 15-nji awgustda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, türkmen studentleri uçardan düşen badyna, goş-golamlary berlenden soň, Türkmenabadyň baş karantin zonasyna ýerleşdirildi.

"Olar bu ýerde üç gün karantinde saklanýarlar" diýip, çeşmämiz belledi.

Häkimiýetleriň daşary döwletlerde galan türkmenistanlylary watana getirmek tagallalarynyň çäginde Täjigistanda ýokary bilimini tamamlan türkmen studentleriniň 100-e golaýy hem ýurda dolandy.

"Bu studentler 13-nji awgustdan 14-nji awgusta geçen gije, sagat 2 töwereginde Türkmenistana geldiler. Awtobusly Täjigistandan ýola düşen türkmen studentleri Özbegistanyň üsti bilen Farap gümrükhanasyna geldiler" diýip, Azatlygyň agzalýan gümrük geçelgesindäki ygtybarly çeşmesi 15-nji awgustda gürrüň berdi.

Onuň maglumatyna görä, bu studentler hem gümrükden geçen badyna, Türkmenabadyň baş karantin zonasyna ýerleşdirildi.

"Her talyp awtobus biledi üçin 45 dollar töledi. Talyplar diňe dollarda alnan tölegleri täjik awtobus sürüjilerine tölediler" diýip, çeşme belledi.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada Türkmenabadyň aeroportundan we Farabyň gümrükhanasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistan global pandemiýa sebäpli halkara uçar gatnawlaryny 2020-nji ýylyň martynda ýatyrdy. Ýurtda koronawirusyň ýokdugyny erjellik bilen öňe sürýän türkmen häkimiýetleri pandemiýa sebäpli girizilen karantin çäklendirmelerini belli bir derejede gowşadan bolsa-da, halkara uçar gatnawlaryny heniz hem doly dikeltmedi.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy maýyň ahyrynda Dubaýa (BAE), iýunda Kazana (Tatarystan) we iýulda Moskwa (Russiýa) ugurlary boýunça dowamly uçar gatnawlaryny dikeltdi. Ýöne häkimiýetler beýleki ýurtlara, hususan-da türkmenleriň has köpdügi aýdylýan Türkiýe ugry boýunça adaty uçar gatnawlaryny henizem ýola goýmady.

Soňky aýlarda "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň wagtal-wagtal gurnaýan çarter uçarlaryna münmegi umyt edip, Stambulyň aeroportuna üýşýän türkmenistanlylaryň sany göz-görtele artdy. Käbir türkmenler birnäçe aýlap şol ýerde galýarlar.

Bu türkmenler ýollaryň açylmagyny we uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagyny talap edip, iýulyň başyndan bäri birnäçe gezek köpçülikleýin protest çärelerini geçirdiler. Bu çärelerden soňra, türkmen häkimiýetleriniň daşarda galan raýatlary ýurda getirmek ugrundaky tagallalaryny güýçlendirendigi we Stambuldan Türkmenistana birnäçe çarter uçaryny gurnandygy habar berildi.

Ýöne türk metbugatynda peýda bolan soňky habarlarda türkmen häkimiýetleriniň tagallalarynyň ýeterlik däldigini, watanyna dolanmak isleýän onlarça türkmenistanlynyň Stambulyň aeroportunda garaşmagy dowam etdirýändigini görse bolýar.

SonDakika.com neşiriniň 11-nji awgustda çap eden wideo reportažynda türkmen raýatlary Türkmenistana dolanmak üçin häkimiýetlerden, şol sanda türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogandan kömek soraýarlar.

Wideoda özüni Güljan Seýtiýewa diýip tanyşdyran türkmenistanly Türkiýä okamak üçin gelendigini, ýöne türkmen häkimiýetleriniň ýeterlik uçar gatnawlaryny ýola goýmandygy sebäpli ençeme ýyl bäri watanyna dolanyp bilmeýändigini gürrüň berdi.

"50 sapar [türkmen] konsulhanasyna gitdim. Bizi hiç kim diňlemeýär. Käbir adamlar bar. Olar sistem eýle-beýle diýip, adamlardan 2000 dollar alýarlar. Bu ýere hiç kim gelmeýär. Arka tarapdan bilet berip, bu adamlary alyp gidýärler... Haýyş edýärin, biziň watanymyz bize kömek etmeýär. Men Taýýyp Erdogana ýüzlenýärin. Bize kömek etsin... Biziň ejemiz, kakamyz, garyndaşlarymyz ýogaldy. Biz olary bu ýerde jaýladyk. Bize hiç kim eýe çykanok. "Döwlet adam üçindir" diýýärler. Hany, nirede adam üçin?!" diýip, Seýtiýowa belledi.

Şeýle-de, ol özleriniň Türkmenistana ýüzlenmeýändiklerini, sebäbi türkmen häkimiýetlerinden bir zat talap etmegiň peýdasynyň ýokdugyny aýdyp, Türkiýe döwletinden uçar gatnawlaryny ýola goýmagy haýyş edýändiklerini hem aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri daşary ýurtlarda galan müňlerçe türkmenistanlynyň ykbaly barada asla maglumat bermeýärler. Häkimiýetler Azatlygyň bu baradaky soraglaryny hem jogapsyz goýýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG