Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rowaçlygy sorag döredýän kottežler ýa-da gymmat gurluşyklaryň zyýany nädip azaldylar?


"Rowaç" kottežler toplumynda 10, 16, 18-e çenli otagly, döwrebap we hemme amatlygy bolan jaýlaryň ulanmaga berlendigi aýdylýar.
"Rowaç" kottežler toplumynda 10, 16, 18-e çenli otagly, döwrebap we hemme amatlygy bolan jaýlaryň ulanmaga berlendigi aýdylýar.

Hazar kenarynda açylan täze kottežler toplumy Türkmenistanda döwlet serişdesine gurulýan desgalara edilýän harajatlaryň netijeli ulanylmagy baradaky meseläni ýene bir gezek gün tertibine getirdi. Azatlygyň habarçylary biraz öň bu kottežleri gurýan gurluşyk firmalarynyň öz işgärlerine üç aýlap hak berip bilmeýändigini habar beripdiler. Şu aralykda "Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy - 2022” atly halkara sergi, "Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat öz işine başlady. Şunuň bilen baglylykda, ýerli synçylar ýurtda 'öli kapitala' öwrülen desgalaryň netijeli ulanylmagy, bu meselede syýahatçylygyň oýnap biljek roly barada pikir etmek zerurlygyna ünsi çekýärler. "Döwlet eýeçiligindäki desgalar satuwa çykarylanda daşary ýurtlulary hem bäsleşikli söwda gatnaşmaga çagyrýan hökümet näme üçin goňşy ýurtlardan geljek syýahatçylara, şol sanda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlere syýahat wizalaryny bermekden çekinýär?" diýip, raýat aktiwisti Nurmuhamet Hanamow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmen TW-si 1-nji awgustda Hazar kenarynda zähmet rugsadynda bolýan prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan "Rowaç“ kottežler toplumynyň şanyna gurnalan aýdym-sazly dabarany halka ýetirse-de, "bir wagtda 900-e golaý adamy kabul etmäge ukyply, 240 maşgala niýetlenen” kottež şäherçesiniň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşendigini, onuň näçe ýylda özüni ödejekdigini aýtmakdan saklandy.

Öňki ýyllarda gurlan desgalaryň köpüsiniň özüni ödemän durandygy ýa gümürtik şertlerde hususy eýeçilige geçirilendigi nazara alynsa, bu desgalar hem kän girdeji getirjege meňzemeýär.

Hökümetçi "SalamNews” neşiriniň döwlet eýeçiligindäki metbugata salgylanyp, anyklaşdyrman ýazmagyna görä, täze açylan kottežler toplumynda 200-e golaý täze iş orny döredildi. Emma TDH-nyň habarynda bu diýilýän iş orunlary barada hiç zat aýdylmaýar.

“SalamNews” neşiri, “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirine salgylanyp, 2 gatly kotejžleriň 48 sanysyny özünde jemleýän täze şäherçäniň «Sabyrly maşgala» hususy kärhanasynyň, «Kent gurluşyk» hem-de «Güneşli deňiz» hojalyk jemgyýetleriniň buýurmagy esasynda gurlandygyny aýdýar.

Açylyş dabarasy, adatça bolşy ýaly, ulularyň we çagalaryň gatnaşmagynda, uludan tutuldy.
Açylyş dabarasy, adatça bolşy ýaly, ulularyň we çagalaryň gatnaşmagynda, uludan tutuldy.

Emma TDH bu taslamanyň şol ady agzalan firmalar (“Sabyrly maşgala” hususy kärhanasy, “Güneşli deňiz”, “Kent gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri) tarapyndan amala aşyrylandygyny aýdýar.

Şol bir wagtda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolmagyndan başga, bu kottežleri buýran ýa-da guran firmalaryň eýeleriniň kimlerdigi, olaryň täze dynç alyş şäherçesini nähili serişdeler we haýsy hasaplamalar esasynda, agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan ýurtda hakykatda kim we näme üçin gurandyklary aýdyňlaşdyrylmaýar.

“Awazada” ähli şertleri bolan kottežler toplumunyň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak barada baryp 2011-nji ýylyň tomsunda yglan edilen halkara tenderini nazara alsaň, türkmen emeldarlarynyň 'kottež' çyrçygy öňräkden bäri dowam edýär.

Häkimiýetler soňky onýyllyklarda ilatyň durmuş, ýaşaýyş şertlerini, dynç alyş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga niýetlenen dynç alyş desgalarynynyň onlarçasyny, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçesini gurandygyny aýdýar. "Watan” habarlarynda tassyklanmagyna görä, “iň ýokary dünýä ölçeglerinde halk köpçüligine hödürlenilýän saglyk-dynç alyş hyzmatlarynyň elýeterliligi” prezident Serdar Berdimuhamedowyň "durmuş ugurly syýasatynyň esasyny düzýär".

Döwlet mediasyndan tapawutlylykda, ýerli ýaşaýjylar we hünärmenler bu binalaryň halk köpçüligi üçin elýeterli däldigini, olaryň köplenç boş durandygyny ýa-da mejbury-meýletin ýagdaýda dolduryljak bolunýandygyny aýdýarlar.

Birnäçe ýyl ozal "Awazada” 5 aýlap işlän, häzir daşary ýurtda ýaşaýan balkanly raýatyň anonimlik şertinde gürrüň bermegine görä, bu ýerde millardlarça dollar harçlanyp gurlan binalar, köplenç ýapyk saklanmagy, ýurduň ilatynyň ýyl-ýyldan garyp düşmegi, daşary ýurtly syýahatçylaryň gelmegine mümkinçilik döredilmezligi sebäpli, esasan jogapkärçiliksizlik, döwlet serişdesini ýele sowurmak bolup görünýär.

Megerem şu sebäpden, türkmen metbugatynda milli syýahatçylyk zolagynyň getirýän ýyllyk, aýlyk girdejileri, ol ýerde işleýän adamlaryň gazançlary, syýahatçylyk biznesinde ýa-da gurluşyk biznesinde baýan firmalar, aýry-aýary adamlar barada anyk maglumatlar çap edilmeýär.

Dynç alýanlar üçin ähli şertleriň döredilendigi aýdylýar.
Dynç alýanlar üçin ähli şertleriň döredilendigi aýdylýar.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, döwlet baştutany Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna täze toplum üçin niýetlenen awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Emma TDH ozal il içinde öňki prezidentiň “gapjygy” adyny alan Aleksandr Dadaýewiň ornuna bellenen täze başlygyň adyny, "TSTB-niň agzalarynyň mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, Watanyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrsa-da, näme üçindir, habarda aýtmady.

"SalamNews” neşiriniň maglumatyna görä, "umumy meýdany 10 gektara deň bolan kottežler toplumynyň gurluşygyna geçen ýylyň ýanwarynda badalga berildi”, “standart, maşgala we lýuks görnüşli 10, 16, 18 otagly kottejlerde dynç almaga gelýän raýatlar üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulan”.

Emma resmi habarlar bu toplumyň gurluşygynyň has öňräk başlanandygyny görkezýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy” Gurbanguly Berdimuhamedowyň bir ýyl ozal kiçi Berdimuhamedowyň 1-nji awgustda açan kottežlerini gaýtadan reňklemegi buýrandygyny ýatladýar.

Neşiriň maglumatyna görä, bu toplumyň gurluşyk meýilnamasy öňki prezidente 2018-nji ýylyň iýun aýynda görkezildi, şol wagt bu ýerde 48 däl-de, 63 sany kottež gurmakçy bolupdylar.

G. Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň iýul aýynda bu toplumyň gurluşygy bilen tanşyp, düýpli nägilelik bildirdi we öz görkezen kemçiliklerini derhal düzetmegi talap etdi. Ol bu topluma şu ýylyň 5-nji maýynda sapar edende eýýäm prezident däldi, Halk maslahatynyň Milli geňeşiniň başlygy hökmünde gelip, oňa prezident döwründe gulagyna ýaran “Rowaç” adyny dakypdy.

Eger ýatlatsak, G.Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň başynda doglan we şol wagtky içeri işler ministri Isgender Mulikow tarapyndan sowgat berlen taýçanagy "Rowaç” diýip atlandyrdy. Döwlet eýeçiligindäki media bu taýçanaga “Rowaç” adynyň dakylmagyny “rowaçlygyň subutnamasy” hökmünde wagyz eden hem bolsa, şondan soň Isgender Mulikowyň-da, umumy halk köpçüliginiň hem “rowaçlygy barha peselmek bilen boldy” diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Emma ýurtda giň ýaýran korrupsiýa ýol açmakda aýyplanýan G.Berdimuhamedow öz "Rowaç” taýçanagyna bagyşlap goşgy ýazdy, soň ony agtygy Kerimguly bilen aýdym edip aýtdy. Mundan başga, ol 2019-njy ýylyň tomsunda "Awazada” synlan bir ýahtasyna hem “Rowaç” adyny dakdy. 2019-njy ýylyň dekabrynda bolsa, Balkan sebitinde açylan täze oba “Rowaç” ady dakyldy.

Türkmen diliniň sözlüginde “şowlulyk”, “üstünlik”, “oňaýlylyk” hökmünde düşündirilýän “rowaç” sözi, synçylaryň köpüsiniň pikirlerine görä, Türkmenistandaky hakyky ýagdaýy aňlatmaýar.

“Bu söz, belki-de, Berdimuhamedowlaryň maşgalasy, olaryň ýakyn töweregi, Senagatçylar we telekeçiler birleşigindäki iş şärikleri babatynda ulanylanda öz hakyky manysyny berýändir, emma ol türkmenistanlylar babatynda beýle däl; halk hakykatda üç prezident döwründe hem nädogry, netijesiz dolandyryşyň, çuň kök uran korrupsiýanyň pidasy boldy” diýip, Azatlygyň balkanly söhbetdeşi aýtdy.

Bu pikir bilen Awstriýada ýaşaýan raýat aktiwisti, öňki ilçi we Türkmenistanda giň ýaýaran korrupsiýa praktikasyndan habarly Nurmuhammet Hanamow hem ylalaşýar.

“Bu gurulýan gurluşyklaryň, hususan-da Awazadaky gurluşyklaryň hqmmesiniň yň arkasynda korrupsiýa dur. [Bular] diňe şol korrupsiýa üçin edilýän zatlar” diýip, ol Azatlyk bilen eden telefon gürrüňinde aýtdy. Ýöne N.Hanamow şu ýagdaýda hem, eger şeýle niýet bar bolsa, çykalga tapyp boljakdygyny, birinjiden, ýurt içindäki ilata şol dynç alyş desgalarynda dynç almak üçin ýeňillikli şert döretmelidigini, ikinjiden, daşary ýurtlardan geljek syýahatçylara, öňki sowet giňişliginiň adamlaryna, şol sanda etniki türkmenlere giň ýol açmalydygyny, ýogsa bu gurulýan desgalaryň gitdigiçe dargamak bilen boljakdygyny aýdýar.

Şu aralykda S.Berdimuhamedow "Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022” atly halkara serginiň we onuň bilen ugurdaş geçirilýän "Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahatyň başlanmagyny gutlady.

Adatça bolşy ýaly, döwlet baştutanynyň gutlagynda gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynda hem düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy aýdylýar, wagtynda öňki prezidentiň bölekleýin boýun alan kemçilikleri hem agzalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG