Döwlet telewideniýesine görä, 3-nji dekabrda geçirilen Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde baş prokuror Batyr Atdaýew hasabat bilen çykyş etdi.
Baş prokuroryň hasabatyndan mälim bolşuna görä, 44 ýaşly Mulikow aýratyn uly möçberde para almakda güman edilip, oňa garşy jenaýat işi gozgalypdyr. Resmi maglumatda öňki ministriň uly möçberde para alandygy habar berilýär. Döwlet telewideniýesi jenaýat işi boýunça geçirilen derňewleriň esasynda Mulikowyň kazyýetiň hökümi bilen azatlykdan mahrum edilendigini habar berýär.
Ýöne onuň sud işiniň haçan we nähili şertlerde geçirilendigi we aýyplamalaryň jikme-jiklikleri barada anyk maglumatlar mälim edilmeýär.
Şeýle-de, resmi habarda Mulikowyň emläkleriniň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň we awtoulaglarynyň gozgalmasyz edilip, döwletiň haýryna geçirilendigi habar berilýär. “Watan” habarlar gepleşiginde öňki ministriň özüne bildirilýän aýyplamalary boýun alyp, toba edişi görkezildi.
"Men Isgender Mulikow 2009-njy ýyldan 2019-njy ýyla çenli içeri işler ministri wezipesinde işlemek bilen uly jogapkärli wezipede işläp jenaýat garşy göreşmeli adamdygyma garamazdan, gara nebsime haý diýip bilmän wezipe-gulluk ygtyýarlyklarymdan hyýanatly peýdalanyp, para aldym, jaýlary emläkleri edindim. Belen serkerdebaşymyzyň maňa işlemek we ýaşamak üçin hemme şertleri döredip berendigine garamazdan, men haramlyga ýüz urup, aýratyn uly möçberde para alyp geldim. Eden bikanun hereketlerimiň üsti açylyp, kanun esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekildim. Men eden işimi doly boýun alýaryn we ökünýärin" diýip, Mulikowyň eden tobasy "Watan" habarlar gepleşiginde görkezildi.
Döwlet telewideniýesi öňki ministriň näçe ýyl möhlete azatlykdan mahrum edilendigini mälim etmedi.
Resmi habardan mälim bolşuna görä, 2017-nji ýylyň fewral-noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinde işlän Meýlis Nobatow hem parahorlykda aýyplanýar.
Döwlet telewideniýesi onuň "deslapky derňew" netijesinde häzirki wagtda "tussag edilendigini" habar berdi. Resmi habardan görnüşinden, onuň işi boýunça heniz kazyýet höküm çykarmady.
Nobatowyň telewideniýede görkezilen boýun alyşlygynda ol özüniň "jenaýatçylara ýardam berendigini hem-de para alandygyny" aýdýar.
Döwlet telewideniýesi baş prokuroryň hasabatyna görä, para almakda aýyplanýan ýokary derejeli howpsuzlyk resmilerini görkezdi, ýöne olara para beren taraplar barada anyk maglumat berilmeýär.
Nobatow 2017-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi. Şol ýylyň noýabrynda ol, başga işe geçýändigi sebäpli, bu wezipeden boşadyldy, ýöne resmi maglumatlarda onuň geçen başga işi barada maglumat berilmedi.
Öňki içeri işler ministri wezipesinde işlän Mulikowa 10 ýylyň dowamynda 12 gezek käýinç ýa-da berk käýinç yglan edilipdi. Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri onuň mundan ozal, 2017-nji ýylyň iýulynda sagyk ýagdaýlary bilen baglylykda öz arzasy bilen işden boşamaga synanyşandygyny habar beripdi.
Prezident Berdimuhamedow 3-nji dekabrda geçirilen Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde baş prokuroryň hasabatyndan soň söz sözläp, Türkmenistanda korrupsiýa we parahorlyga garşy berk çäre görüljekdigini ýene-de gaýtalady.
Dünýädäki korrupsiýa maglumatlaryny yzarlaýan "Transparency International" guramasynyň hasabatlarynda Türkmenistanda korrupsiýanyň giň ýaýrandygy nygtalýar. Global töwekgelçilik boýunça geňeşdarlyk hyzmatlaryny hödürleýän The Risk Advisory topary 2019-njy ýyl üçin aprel aýynda çap eden hasabatynda korrupsiýanyň döredýän päsgelçilikleri boýunça hem-de ýurt içindäki korrupsiýa maglumatlarynyň elýetersizligi babatda Türkmenistany dünýäde birinji orunda ýerleşdirdi.
Ýatlasak, şu ýylyň 1-nji oktýabrynda Isgender Mulikow Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşadyldy.
Bu barada prezidentiň çykaran kararynda onuň "işde düýpli kemçilikleri goýberendigi, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy, wezipe ygtyýarlyklaryny gödek bozandygy" aýdyldy. Munuň bilen bir hatarda, Mulikowyň general-leýtenant harby çini polisiýanyň maýory derejesine peseldilipdi we ol ähli döwlet sylaglaryndan mahrum edilipdi.
Wideo: Türkmenistanyň öňki içeri işler ministri Isgende Mulikow 1-nji oktýabrda wezipesinden boşadyldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.