Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem-de "Russiýa nämä gerek?" diýen pragmatiki sorag


Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow resmi sapar bilen Bişkege gelen Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen barýar. 2022-nji ýylyň 26-njy maýy.
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow resmi sapar bilen Bişkege gelen Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen barýar. 2022-nji ýylyň 26-njy maýy.

Russiýanyň Ukraina harby çozuşyndan soň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygynda, uruş we onuň netijeleri maslahat edilermi? Ýaranlary Moskwadan daşlaşýarmy? Russiýanyň sebitdäki täsiri peselýärmi? Bu şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlary özara hyzmatdaşlygy giňeldip bilermi? Azatlyk Radiosy ABŞ-nyň Pittsburg uniwersitetiniň Dolandyryş we bazarlar merkeziniň müdiri, Merkezi Aziýa boýunça barlagçy Jennifer Brik Murtazaşwili bilen söhbetdeş boldy.

RUSSIÝANYŇ "PESELÝÄN" TÄSIRI

Azatlyk Radiosy: 20–21-nji iýulda Çolpon-Atada Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň dördünji maslahat duşuşygy geçirilýär. Onda "21-nji asyrda Merkezi Aziýanyň ösüşi üçin dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk barada" bäş taraplaýyn şertnama gol çekiler diýlip garaşylýar. Bu sebit ýurtlarynyň birleşmegine getirermi? Üçünji tarap gatnaşmazdan, integrasiýa prosesi başlap bilermi?

Jennifer Brik Murtazaşwili
Jennifer Brik Murtazaşwili

Jennifer Brik Murtazaşwili: Dünýä sahnasynda bolup geçýän wakalar göz öňünde tutulanda, häzirki wagt Merkezi Aziýa üçin özara birleşmek örän möhümdir. Sebit ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilelikde işleşseler özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny has gowy saklap boljakdygyna düşünýändir diýip pikir edýärin. "Integrasiýa" adalgasynyň ýerine "sebit hyzmatdaşlygy" düşünjesini ulanmak, has dogry bolsa gerek, meniň pikirimçe, integrasiýa barada gürlemek entek ir. Bilşiňiz ýaly sebitdäki ýurtlar arasynda, henizem çynlakaý düşünişmezlikler bar. Mysal üçin, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň serhet dawalary nukdaýnazaryndan seretseňiz, çözülmedik mesele ýeterlik. Emma şol bir wagtyň özünde, sebitleýin hyzmatdaşlyk babatda çynlakaý ädimleri görýäris. Olar öz arasynda daşarky üçünji tarapa bil baglamazdan, sebit derejesinde hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirip biljek bir takyk guramany döretmekleri mümkin.

Azatlyk Radiosy: Siz eýýäm sebitdäki meseleleriň birini bellediňiz. Sebit hyzmatdaşlygynda başga päsgelçilikleri görýärsiňizmi?

Jennifer Brik Murtazaşwili: Päsgelçilikler bar we olar tebigy bolaýmaly. Sebitiň ýurtlary biri-biri bilen aragatnaşyk saklamaga synanyşanlarynda, henizem içerki özygtyýarlylygyny kesgitlemäge synanyşýarlar. Elbetde, daşarky faktoryň – Russiýa, ABŞ we hatda Hytaý ýaly oýunçylaryň sebitdäki döwletleri deňagramlaşdyrmakda oýnaýan roly bar. Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilelikde gatnaşyk saklanlarynda, özleriniň has güýçlüdigine düşünip başlaýarlar diýip pikir edýärin. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ Owganystandan goşun çykarylandan soň, geçen ýylyň awgustyndan bäri sebitde möhüm oýunçy däl.

Belli bir zat gazanylmasa-da, [Çolpon-Atadaky] ýygnak möhüm bolar diýip pikir edýärin. Bäş ýurduň ýolbaşçylary ýüzbe-ýüz bolup, bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik almagy, bu özara düşünişmekdir. Onda Türkmenistanyň bolmagyny gaty möhüm hasaplaýaryn, sebäbi bu ýurt ilkinji gezek şeýle ylalaşyga goşular.

Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň ilkinji özara maslahat alyşmak ýygnagy Nur-Sultanda (2018), ikinjisi Daşkentde (2019) geçirildi. 2020-nji ýylda sammiti Gyrgyzystanda geçirmek meýilleşdirildi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli, bir ýyl yza süýşürildi. (Suratda) 2021-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistan sebitdäki goňşularyny kabul etdi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň ilkinji özara maslahat alyşmak ýygnagy Nur-Sultanda (2018), ikinjisi Daşkentde (2019) geçirildi. 2020-nji ýylda sammiti Gyrgyzystanda geçirmek meýilleşdirildi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli, bir ýyl yza süýşürildi. (Suratda) 2021-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistan sebitdäki goňşularyny kabul etdi.

Azatlyk Radiosy: Käbir bilermenleriň pikiriçe, Russiýanyň Merkezi Aziýada täsiri Ukraina çozmagy we Russiýanyň ykdysadyýetine täsir edýän sanksiýalar sebäpli peselýär. Russiýanyň täsiriniň azalýandygyny görkezýän alamatlar barmy?

Jennifer Brik Murtazaşwili: Hawa, Russiýanyň ol sebite täsiri pese gaçýar. Ukrainadaky uruş Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň ahlak taýdan nähili kyndygyny görkezdi. Gazagystany göz öňüne getirseňiz, Russiýanyň Ukrainada näme edýändigine seredýär, Russiýanyň özüni aklaýşyny diňleýär, şonuň bilen birlikde, Putiniň Ukrainany basyp almak baradaky deliliniň Gazagystana garşy aňsatlyk bilen ulanylyp bilinjekdigi äşgärdir. Şonuň üçin sebitdäki ýurtlar özlerini asla erkin duýmaýarlar.

Beýleki bir mesele, uruş rus goşunynyň ejizligini görkezdi. Köpler Russiýanyň Ukrainada gaty çalt ýeňiş gazanmagyna garaşana meňzeýär, ýöne ol başa barmady. Merkezi Aziýa ýurtlary Russiýa Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň çäginde, howpsuzlygy üpjün edip biljek kepillik hökmünde garadylar. Indi meniň pikirimçe, köp ýurduň: eger Russiýanyň Ukrainada şeýle problemalar bar bolsa, onda çetde ýerleşýän Merkezi Aziýany nädip gorap biler diýmegi mümkin? Şonuň üçin häzir bu ýurtlar gaty pragmatik soragy orta goýýarlar: “Russiýa gerekmi?”, “Russiýa beren wadasyny ýerine ýetirip biljekmi?” Jogaplaryň oňyn boljagyna ynanamok.

Elbetde, ykdysady meseleler hem bar. Russiýa sebitiň köp ýurdunda möhüm ykdysady oýunçy bolsa-da, häzir ykdysady çökgünligi başdan geçirýär. Ýöne men bu çökgünlik ýurtlara ykdysady ösüş çeşmelerini diwersifikasiýa etmäge mümkinçilik berýär diýip hasaplaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Siz Russiýanyň täsiriniň peselýändigini bellediňiz. Bu beýleki oýunçylar üçin gapy açarmy? Hytaýyň täsiri artarmy? ABŞ bilen ýakynlaşma bolarmy?

Jennifer Brik Murtazaşwili: Elbetde, bu ýagdaý beýleki oýunçylar üçin gapy açýar. Gürrüňsiz, Hytaý, ABŞ we Ýewropa üçin. Emma Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň golaýda sebiti terk edendigini ýatlamak gerek. Meniň pikirimçe, iň möhüm zat, Merkezi Aziýanyň özi üçin gapylaryň açylmagydyr. Sebit ýurtlarynyň öz daşarky syýasatyna gözegçilik etmek mümkinçiligi bolar. Merkezi Aziýa ýurtlary täze söwda ýollaryny gözlemek üçin Günorta, Günorta Aziýa tarapa bakýarlar. Belli bir derejede Hindistana, şeýle hem Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklaryny güýçlendiren Eýrana we Türkiýä seredýärler. Sebit üçin bir uly daşarky güýje bagly bolmak däl-de, eýsem köp oýunçyny özüne çekmek, öz bähbitlerine laýyklykda olara bil baglamak möhümdir.

MERKEZI AZIÝANYŇ IKI ULY ÝURDY MOSKWADAN NÄDIP "DAŞLAŞÝAR"

Azatlyk Radiosy: Käbir günbatar bilermenleri Ukrainadaky uruş sebäpli Merkezi Aziýa ýurtlary Russiýadan daşlaşýar diýip hasaplaýarlar. Siz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Moskwadan daşlaşýan alamatlary görýärsiňizmi?

Jennifer Brik Murtazaşwili: Olara çuňňur ykdysady gatnaşyklar sebäpli Russiýadan gysga möhletde özlerini daşlaşdyrmak kyn. Russiýa Merkezi Aziýa uly maýa goýumlary bilen gelse, men ony geň görmerin, ýöne şol bir wagtyň özünde, beýle maýa goýumlarynyň geljegine hiç hili ynam ýok. Muňa aýratynlykda seretsek, Özbegistan köp ýyl bäri bütin dünýä üçin ýapyk ýurtdy, ýöne Şawkat Mirziýoýewiň gelmegi bilen ykdysady taýdan, şol sanda rus maýa goýumlary üçin açyldy. Şeýle maýa goýumlaryndan biri, ýadro elektrik desgasyny gurmagy meýilleşdirýän “Rosatom” taslamasydyr. Russiýa kyn ykdysady ýagdaýa düşenden soň, bu taslamanyň ýagdaýynyň nähilidigi meni gyzyklandyrýar. Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýaly taslamalaryň ýagdaýy nähili? Eger Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýakyn aýlarda we ýyllarda ep-esli gowşasa, muny geň görmerin.

Azatlyk Radiosy: Käbir bilermenler prezident Wladimir Putiniň Ukraina rus goşunlaryny girizmeginden soň, Moskwa bilen Nur-Sultanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşandygyny öňe sürýärler. Moskwa bilen Nur-Sultanyň arasyndaky dartgynlygy görýärsiňizmi? Gazagystan Russiýadan daşlaşyp bilermi?

Jennifer Brik Murtazaşwili: Hawa, bu möhüm faktor diýip hasap edýärin. Bu diňe bir Gazagystan babatda däl. Tokaýew separatistik guramalary ykrar etmeýändigini örän esaslandyryp aýtdy. Özbegistanyň Daşary işler ministri (indi öňki ministr – Red.) Abdulaziz Kamilow hem şeýle diýdi. Şeýlelikde, biz iki ýurduň hakykatdanam Russiýadan daşlaşýandygyny görýäris. Gazagystan Özbegistana garanda, has agressiw hereket edýär, emma Gazagystan bilen Russiýanyň arasyndaky umumy serhedi göz öňünde tutup, munuň dogrudygyny pikir edýärin. Prezident Putiniň Gazagystanyň emeli döwletdigi baradaky sözleri Gazagystanyň ýolbaşçylaryna Russiýadan uzaklaşdyrmakdan başga çäre galmaýar. Olar öz territorial bitewiligine howp abanmagyndan gorkýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kartada ýerleşişi
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kartada ýerleşişi

Azatlyk Radiosy: Ýurtlar Russiýadan çetleşmek bilen nähili töwekgelçilik edýärler?

Jennifer Brik Murtazaşwili: Maliýe töwekgelçiligi, howpsuzlyk töwekgelçiligi, Russiýanyň sebiti nähilidir durnuksyzlaşdyryp biljek töwekgelçilikleri bar. Elbetde, Merkezi Aziýa ýurtlary goňşulary bilen gowy gatnaşyk isleýärler. Zähmet migrantlary meselesi-de bar. Bu töwekgelçilikleriň ählisi möhüm ähmiýete eýe bolar.

Sowet geçmişine gaýdyp gelýän bu gatnaşykda, uzak ýyllap olar Russiýa uly hyzmatdaş, “uly dogan” hökmünde garadylar. Ýöne indi Russiýanyň işçi migrantlar babatynda, Merkezi Aziýa ep-esli derejede garaşlydygyny görýäris. Işçi güýjüniň ýetmezçiligini göz öňünde tutup, ykdysadyýetini goldamak üçin, Merkezi Aziýa döwletlerine we olardan gelýän zähmet migrantlaryna hakykatdanam mätäç, sebäbi Russiýanyň demografiki ýagdaýy gowulaşmak isleginde galýar.

Azatlyk Radiosy: Şu ýylyň başyndan bäri Gazagystan Hazar turbageçiriji konsorsiumynda üç gezek bölekleýin ýa-da doly ygtyýarlygyny ýitirdi (ýurduň nebitiniň ep-esli bölegi bu turba arkaly eksport edilýär). Turbageçirijiniň ýapylmagy bilkastlaýyn rus hereketi boldumy ýa-da tötänlikmi?

Jennifer Brik Murtazaşwili: Bu tötänlik däl diýip pikir edýän. Munuň Russiýa bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyny göz öňünde tutup, bilkastlaýyn hereket edilendigi äşgärdir. Gazagystanyň häkimiýetleriniň şeýle ýagdaýyň ýakyn aýlarda we ýyllarda dowam etjekdigini çaklaýandygyna ynanýaryn. Bu ýagdaý bolsa Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň üstaşyr geçiş ýollaryny, Russiýadan has daşlaşdyrjak beýleki ugurlary has ýiti gözlejekdigini aňladýar. Sebitiň geljegi diwersifikasiýa diýip pikir edýärin.

"DEMOKRATIÝANYŇ PESELMEGI" WE RAÝAT JEMGYÝETINIŇ AKTIWLEŞMEGI

Azatlyk Radiosy: Çolpon-Atadaky çäre Merkezi Aziýa liderleriniň Ukrainada uruş başlany bäri ilkinji duşuşygydyr. Bu ýygnakda Ukrainadaky uruş we onuň sebit ýurtlary üçin netijeleri özara maslahat edilermi? Belki, bu meseleler aç-açan däl-de, ýapyk gapylaryň aňyrsynda ara alnyp maslahatlaşylar?

Jennifer Brik Murtazaşwili: Bu sebitiň ýolbaşçylary üçin ileri tutulýan ugur. Bu meseleleri ara alyp maslahatlaşman bilmezler, ýöne toparlaýyn pikir alyşmagy göz öňüne getirip bilemok. Maslahat ýapyk gapylaryň aňyrsynda bolar. Maslahatlaşmagyň köp bölegi bu mesele bilen gönüden-göni baglanyşykly bolmaz diýip pikir edýärin, ýöne ähli ýolbaşçylar “gapdaldaky güýji” hem-de onuň sebite ýetirjek täsirini bilýärler. Bu hakda gürleşmän ýygnanyp bilmezler, şonuň üçin territorial bitewiligiň ähmiýeti ýa-da şuňa meňzeş bir beýanat bolsa, geň görmerin.

Azatlyk Radiosy: Öňler Gyrgyzystan sebitdäki demokratiýa adasy hasaplanýardy, ýöne indi beýle ruhda gürlemek kyn. Özbegistanda geçiriljek konstitusiýa özgertmeleri Mirziýoýewe prezidentlik möhletini ýoga çykmaga we ýene-de prezidentlige dalaş etmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanda dinastiýa geçişine şaýat bolýarys. Täjigistan hem bu mümkinçilige ýüz tutjaga meňzeýär. Merkezi Aziýada "demokratiýanyň pese gaçmagyny" görýärsiňizmi?

Jennifer Brik Murtazaşwili: Meniň pikirimçe, Merkezi Aziýada demokratiýa hiç haçan ösmändi, şoňa görä maňa onuň pese gaçmagyny görmek kyn. Bu nukdaýnazardan, Gyrgyzystana demokratiýanyň käbir pursatlaryny başdan geçiren ýurt hökmünde garap bileris. Emma beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, bar bolan demokratiýanyň hiç haçan berk binýady bolmandy. Gyrgyzystanyň öňki konstitusiýalarynda durnuksyzlygy döredip biläýjek meseleler bardy. Elbetde, sebitde gowulyga tarap käbir üýtgeşmeler bar, ýöne sebitde demokratiýanyň haçandyr bir wagt berk kök urandygyny çaklamak ýalňyşlyk bolar. Şol sebäpli Türkmenistan ýa-da Täjigistan ýaly ýurtlarda, üýtgeşmeleri görmek kyn.

Azatlyk Radiosy: Halkara guramalary tutuş Ýewraziýada diýen ýaly demokratiýanyň pese gaçýandygyny öňe sürýärler.

Jennifer Brik Murtazaşwili: Biz tutuş sebitde raýat jemgyýetiniň we raýat jemgyýetçilik guramalarynyň güýçlenýändigini, hatda hökümete degişli däl guramalary hasaba almak gaty kyn bolan Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlarda-da görýäris. Millet indi internetde gaty işjeň, ozalky edip bilmedik işlerini täze görnüşli jemgyýetde gurýarlar we öz işlerini ileri sürýärler. Muny biz Özbegistanda we Gazagystanda bolup geçen soňky wakalarda gördük, onuň dinamikasy takyk. Biz jemgyýetiň hereketine ýiti gyzyklanmany görýäris. Şeýle-de bolsa, bu häzire çenli kanunçylykda ýa-da döwlet dolandyryş ulgamynda düýpli üýtgeşmelere getirmedi. Ýöne men bu sebite gaty ruhybelent garaýan, sebäbi bu ýerde adamlar işjeň.

Çeşme: Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG