Rus kazyýeti esasy eksport geçirijisiniň işlerini togtadanyndan bir gün soň, gazak prezidenti ýurduň dünýä bazarlaryna nebit çykarýan ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge çagyrdy.
Kasym-Žomart Tokaýewiň 7-nji iýulda aýdan sözleri Gazagystanyň ýurduň esasy girdeji çeşmesi bolan nebitini dünýä bazarlaryna çykarmak baradaky aladalaryny görkezdi.
Şeýle-de bu sözler, özara gatnaşyklary Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy sebäpli üýtgän iki ýurduň, Gazagystan bilen Russiýanyň arasynda bolup biljek dartgynlyklary görkezdi.
Gazagystanyň nebit eksportynyň takmynan 80 göterimi Hazar geçirijisiniň üsti bilen Russiýanyň Gara deňiz portuna, Noworossiýskdäki terminala akýar.
ABŞ-nyň nebit ägirtleri bolan “Chevrony” we “ExxonMobili”, beýleki halkara kompaniýalaryny öz içine alýan Hazar geçiriji konsorsiumy 6-njy iýulda rus düzgünleşdirijilerine konsorsiumyň rus böleginiň desgalaryny barlamak tabşyrygynyň berlendigini aýtdy.
Häkimiýetler ilkibaşda konsorsiuma nebitiň syzmagy bilen baglanyşykly düzgün bozmalaryň düzedilmegi üçin 30-njy noýabra çenli wagt berdiler.
Emma sebitara düzgünleşdirijileri garaşylmadyk ýagdaýda rus terminalynyň ýapylmagyny talap etdiler we ýerli kazyýet bu talaby 6-njy iýulda kanagatlandyrdy diýip, rus metbugaty habar berdi.