Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň 20-21-nji iýul aralygynda, Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçiriljek dördünji maslahatynyň çäginde, sebitiň bäş ýurdunyň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin, täze hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişilmegine garaşylýar.
Russiýanyň wekilleri gatnaşmazdan geçiriljek bu çärä, bitaraplygy saklamaga synanyşan Türkmenistanyň we dürli birleşiklere goşulmakdan saklanyp gelýän Özbegistanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşjakdygy habar berildi.
Bu Russiýanyň Ukraina çozup girmeginden bäri hem-de Merkezi Aziýa respublikalarynyň köpüsinde uly ganly wakalar ýüze çykandan soň, sebitdäki döwletleriň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygydyr.
Çolpon-Ata sammiti: onuň ähmiýeti hem maksady
Gyrgyz Respublikasynyň Prezident administrasiýasynyň daşary syýasat bölümi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň prezidentleriniň – Kasym-Žomart Tokaýewiň, Emomali Rahmonyň, Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň Yssyk-Kölüň kenarynda duşuşmaga razylyk berendiklerini mälim etdi.
Bu bölümiň başlygy Muratbek Azymbakiýewiň sözüne görä, sammitde şu aşakdaky meselelere serediler:
− Goňşy ýurtlaryň ýolbaşçylary sebitleýin howpsuzlyga abanýan kynçylyklara we howplara bilelikdäki jogap hökmünde, Merkezi Aziýa döwletleriniň özara täsirini güýçlendirmek barada pikir alşarlar, sebitdäki döwletleriň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahat ederler, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da güýçlendirmek meselelerine serederler.
Mälim bolşy ýaly, duşuşygyň çäginde, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirer.
Bu aralykda, Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda, goňşy ýurtlaryň baştutanlarynyň "Gazagystan Respublikasy, Gyrgyzystan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy 21-nji asyrda Merkezi Aziýanyň ösüşi üçin dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk Şertnama gol çekerler" diýen proýekti peýda boldy.
Ol resminama düşündiriş berlende "geosyýasy bulaşyklyk, halkara arenasyndaky dartgynlyk, global howpsuzlyk töwekgelçiliginiň ýokarlanýan şertlerinde, Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklaryň çuňlaşmagy Gazagystan üçin has möhüm bolup durýar" diýilýär.
“Sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, ynamdar gatnaşyklary gurmak hem sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurt içindäki durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek, şeýle hem sebitiň döwletleriniň bähbitlerine täsir edýän meseleleri dürli halkara platformalarynda öňe sürmek üçin çäreler görülýär. Döwlet baştutanlarynyň geçiren üç maslahatynyň netijelerine esaslanyp, sebitara ýakynlaşma prosesleri durnukly häsiýete eýe boldy. Sebitde konstruktiw häsiýetli köptaraplaýyn syýasy gepleşik ýola goýuldy" diýlip, resminamada aýdylýar.
Bu şertnamanyň esasy maddasy: "taraplar güýç ulanmakdan ýa-da birek-birege gönükdirilen güýç howpundan saklanmak borjuny tassyklamak, dünýä we sebit derejesinde biri-birine gönükdirilen, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, häzirki zaman kynçylyklaryna we howplaryna garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny utgaşdyrmak" bolar. “Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak, dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklaryň amatly nusgasyny döretmek we häzirki zaman kynçylyklaryna we howplaryna umumy çemeleşmeleri ösdürmek üçin, berk esas bolup hyzmat eder, şeýle hem sebitde döwletara hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşar" diýlip, aýratyn bellenýär.
Bişkegiň pozisiýasy
Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginden, ýokardaky resminama barada, düşündiriş almak mümkin bolmady.
Bölüm müdiriniň orunbasary Dinara Kemelowa kärdeşi Nuran Nyýazaliýewiň ýakyn wagtda geçiriljek sammiti guramak üçin jogapkärdigini aýdyp, ýygnakda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň jikme-jikliklerini açyp bilmejekdigini aýtdy. Nuran Nyýazaliýew öz gezeginde şeýle diýdi:
− Men bu mesele barada teswir berip bilmerin, sebäbi bu prezidentleriň ýygnagy, şonuň üçin jogap döwlet baştutanynyň administrasiýasyndan soralmaly. Ýa-da soňra biziň metbugat gullugymyz maglumat berer. Soňrak maglumat bolar diýip pikir edýärin, ýöne garaşmaly bolýarys.
Analitikler öz gezeginde gün tertibinde duran sammiti gurnaýjylaryň Moskwanyň basyşy astyndadygyna ynanýarlar, şonuň üçin häkimiýetler gol çekilmäge taýýarlanan resminamalar barada, düşündiriş bermekden howatyr edýärler.
Syýasatşynas Mars Sariýew Merkezi Aziýada we Kawkazda bolup geçen soňky geosyýasy üýtgeşmelere şeýle baha berýär:
− Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary sebitiň bähbitlerini goramak üçin birleşmäge synanyşýarlar. Bu döwletleriň baştutanlarynyň, “uly dogansyz” – Russiýa gatnaşmazdan özbaşdak duşuşmagy seýrek hadysadyr. Şuňa meňzeş tendensiýany Kawkazda hem görmek bolýar. Ermenistan daşary syýasatyny düýpgöter özgertdi, Türkiýe we Azerbaýjan bilen gatnaşyklaryny gowulaşdyrdy we Gürjüstan bilen bilelikde sebitde birleşmek we ýakynlaşmak başlangyçlaryny alyp barýar. Şeýlelikde, sebit guramalary Kawkazda-da, Merkezi Aziýada-da ýüze çykýar. Häzir bu ýurtlar Russiýadan daşlaşýarlar, bu, elbetde, halanmaýar. Şeýle-de bolsa, “basyş gurallarynyň” gerimi azalýar, olar bolsa muňa düşünýärler. Ýöne bu biziň sebitimiz üçin howply pursat – diýip, bilermen aýdýar.
Gyrgyzystan Respublikasynyň öňki Daşary işler ministri Daniýar Sydykow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ideýasynyň täzelik däldigini we bu inisiatiwanyň uzak wagt bäri aýdylýandygyny belledi:
– Şeýle maksat bilen bäş ýurduň ýolbaşçylary ilkinji gezek Nur-Sultanda, soň bolsa Daşkentde duşuşdy. Şondan soň şeýle sammit Bişkekde geçirilmelidi, ýöne ýurduň içerki problemalary, soň bolsa prezident we parlament saýlawlary sebäpli, çäre yza süýşürildi. Şoňa görä geçen ýyl Türkmenistanda maslahat alyşmak duşuşygy boldy. Indi bize nobat ýetdi. Nobatdaky geçiriljek sammit taryhy waka bolup, bu ýurtlaryň prezidentleri ylalaşsa, sebitdäki meseleleri bilelikde çözmek üçin, şertler peýda bolar. Munuň özi bolsa söwda, ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny we howpsuzlygy güýçlendirmek üçin peýdalydyr – diýip, Daniýar Sydykow aýdýar.
Çolpon-Atada geçiriljek sammit Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň sebitdäki birnäçe ýurtda bolup geçen ganly wakalardan, Türkmenistanda häkimiýetiň çalyşmagyndan we Russiýanyň Ukraina hüjüminden soň, ilkinji duşuşygy bolar. Şuňa meňzeş ýygnak geçen 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçirildi. Soňra sebitiň döwlet baştutanlary hyzmatdaşlygyň "ýol kartasyny" düzmäge razy boldular.
Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň ilkinji özara maslahat alyşmak ýygnagy Nur-Sultanda (2018), ikinjisi Daşkentde (2019) geçirildi. 2020-nji ýylda sammiti Gyrgyzystanda geçirmeklik meýilleşdirilipdi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli, bir ýyl yza süýşürildi we 2021-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistan sebitdäki goňşularyny kabul etdi.
1990-njy ýyllardan soň Merkezi Aziýada agzybirlik – birleşmek meselesi gozgaldy, hatda Daşkentde sebitleýin hyzmatdaşlyk guramasynyň ştab-kwartirasy hem döredildi. Ýöne birnäçe wagt geçip, Russiýa bu gurama goşulandan soň, onuň işi togtadyldy. Moskwanyň girmegi bilen ol birleşme Ýewraziýa ykdysady bileleşigine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Guramasy ýatyryldy.