Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda uzakly gün agyz suwy bolmady, ýene-de


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň aşa gyzmagy bilen, paýtagt Aşgabadyň ençeme ýaşaýyş sebitiniň agyz suw üpjünçiliginde ýene-de bökdençlikler ýüze çykdy.

“Şu gün, ýagny 18-nji iýulda ir sagat sekizden bäri Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda düýbünden suw ýok. Häzir eýýäm sagat 17 töweregi bolsa-da, entegem suw berilmedi” diýip, Aşgabadyň ‘Parahat’ etrapçasynyň ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Paýtagtda suwuň, öňünden hiç hili duýduryş berilmezden, kesilendigini Aşgabatdaky ýene bir habarçymyz tassyklady.

"Şäheriň 'Parahat' etrapçasynda ikindin töweregi suw gaýtadan berildi. 11-nji etrapçada günüň aýagyna çenli hem suw üpjünçiligi ýola goýulmady. Günüň birinji ýarymynda 10-njy etrapçanyň jaýlarynda hem suw bolmady" diýip, habarçymyz 18-nji iýulda giçlik aýtdy.

Ol Aşgabadyň suwy kesilen sebitlerine aýlanyp görendigini, ýöne hiç ýerde suw daşaýjy awtoulagyň göze ilmändigini we adatça bolşy ýaly suwuň getirilmegine garaşyp duran adamlaryň hem ýokdugyny belledi.

Ol ýerli resmileriň bu ýagdaýlary paýtagtyň suw üpjünçilik ulgamyndaky ýüze ýüze çykan näsazlyklar bilen düşündirýändiklerini aýtdy.

"Görnüşinden, ýagdaýlary düzetmäge howlukmaýarlar. Suwuň durandygy sebäpli, ýerzeminlerden, lýuklardan lagym yslary aňkap, burnuňa urup dur" diýip, habarçymyz sözüne goşdy.

Türkmenistana bu tomus aşa yssy howanyň aralaşmagy bilen, ýurduň dürli künjeklerinde yzygiderli suw we elektrik üpjünçiligi bilen baglylykda nogsanlyklar ýüze çykýar.

Türkmen paýtagtynyň ýaşaýyş jaýlarynda suw üpjünçiligi geçen aýdan bäri hasam gowşady. Ýaşaýyş jaýlarynda suw gijelerine ýygy-ýygydan kesilýär, gündizlerine gelýän suwuň basyşy köplenç gowşak, suwuň hili bolsa pes bolýar.

Iýunda türkmen hökümeti suw üpjünçiligi meselesini ara alyp maslahatlaşdy. Döwlet metbugatyna görä, prezident Amyderýanyň we Garagum kanalynyň ugurlaryny gözden geçirmegi, şeýle hem suwy süýjediji zawodlaryň gurluşygyna we Hazar deňzinden Aşgabat şäherine suw getirmek mümkinçiligine garamagy tabşyrdy.

Emma muňa garamazdan, howanyň temperaturasynyň kölegede 40 gradusdan hem geçýän tomsuň bu günlerinde, paýtagt bilen birlikde, ýurduň dürli künjeklerinden suw üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklaryň dowam edýändigi barada maglumatlar gowuşýar.

Halkara guramalary, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda suw ýetmezçiliginiň has agyrdygyna, emma şonuň bilen birlikde suwuň aşa sarp edilýändigine ünsi çekýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy edarasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda suwuň harçlanmagynyň krisiz derejesine ýetendigini mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde halkara guramasynyň hasabatynda yssy howaly Türkmenistanyň ilatynyň agyz suwunyň ýetmezçiliginden kösenýändigi bellenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG