Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garagumda dyngysyz ýagyş ýagdy. Köne tehnika ilatyň tok üpjünçiligini bökdedi


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

18-19-njy aprelde Mary welaýatynyň käbir sebitlerinde dyngysyz ýagyş ýagdy. Munuň bilen bagly welaýatyň käbir obalarynda elektrik energiýasynyň we gazyň üpjünçiliginde näsazlyk emele geldi. Bu näsazlyk ilatyň, şol sanda önüm öndürijileriň gündelik durmuşynda dürli kynçylyklary döretdi.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, Garagum etrabynyň obalaryna iki günläp uzakly gün tok berilmedi. Tok üpjünçiligi gijelerine hem kadaly bolmady.

"Toguň kesilmegi netijesinde mekdeplerde mugallymlar sapaklaryň arasyndaky arakesmeleri özleri kesgitlemeli boldular. Bu bökdençlik etraplardaky önüm öndürýän telekeçileriň işini hem saklady. Agyz beklän adamlar garaňkyda agyz açyp, näme iýýänini hem doly bilmediler. Tok ýoklugy sebäpli metjitlerde azan hem aýdylmady" diýip, garagumly oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde 20-nji aprelde gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ençeme ýaşaýjynyň sözlerine görä, sebitde ýagyn ýagan mahaly, ilatyň tok üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly ýagdaý yzygiderli gaýtalanýar.

Ýerli elektrik edarasynyň işgärleri munuň sebäplerini sebitdäki elektrik geçiriji simleriň we transformatorlaryň könelişip, hatardan çykmak derejä ýetendigi bilen düşündirýärler.

"Ýagyş ýagan döwründe sebitiň tok üpjünçiligini kesmäge mejbur bolýarys. Sebäbi simleriň ýagdaýy görer ýaly däl. Olar haçan üzülip ýere gaçsa gaçybermeli. Transformatorlar hem gaty köne. Biz geçen ýyllar hem gorkup ýördük. Häzir bir ýerde tok çakyşaýsa, transformatorlar göni atylar. Onsoň olar tä bejerilýänçä, ilat toksuz oturmaly bolar. Şol sebäpli ýagyş ýagsa, togy kesýäris" diýip, ýaşaýjy ýerli elektrik edarasynyň bir işgäriniň sözlerini sitirledi.

Azatlyk bu barada Garagumyň elektrik edarasyndan resmi kommentariýa alyp bilmedi.

Ýagyn ýagyp, howanyň birden salkynlamagy bilen, sebitde ilatyň gaz üpjünçiligi hem ýaramazlaşdy. Hojalyklaryň köpüsine barýan gazyň möçberi azalyp, ilat nahar bişirmekde we hammamdaky peçlerini ýakyp, suw gyzdyrmakda kynçylyk çekdi.

"Obalaryň çetinde ýaşaýan adamlaryñ gazlary asla ýok diýen ýaly boldy. Hammamlar ýylap ýetişmeýändigi sebäpli çagalar sowuk suwa ýuwunmaly boldy. Adamlar odun ýakyp, nahar taýýarlamaly boldular. Şeýle-de, olar agyz açar wagtynda otaglary ýagtylatmak üçin el telefonlarynyň çyralaryny ýa-da şem ýakyp mydar etmeli boldular" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri asuda ilaty gapyl basyp biljek tebigy hadyslar barada öňünden ýa soňundan habar bermekden adatça saklanýar. Bularyň ilata ýetiren täsirleri barada hem, ne ýurt häkimiýetleri, ne-de resmi media kelam agyz söz aýdýar.

Galyberse-de, elektrik energiýasyny we gazy daşary ýurtlara eksport edýän hem-de özüniň tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda ilat tok we gaz üpjünçiliginiň kadaly ýola goýulmazlygy bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolýar. Ýöne soňky ýyllarda bu bu problemalar has-da ýitileşýär.

Ýurduň paýtagtynda, welaýat merkezlerinde we çetki obalarynda gazyň, elektrigiň kadasyz üpjünçiligi we ýyladyş ulgamynyň hatardan çykmagy yzygiderli gaýtalanýar. Bu problemalar gyşyň aýazly we tomsuň jokrama yssy günlerinde has-da ýitileşýär. Obalarda köp hojalyk odun ýakyp nahar taýýarlamaga we ýylynmaga mejbur bolýar. Bu ýagdaýlar barada yzygiderli habar berýän Azatlygyň habarçylary soňky gezek 12-nji aprelde Lebap welaýatynyň Farap etrabyndan maglumat berdiler.

Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň ýanwaryndan başlap suw, elektrik energiýasy we tebigy gaz ýaly ilata çärýek asyrlap mugt berlen ýeňillikli hyzmatlary ýatyrdy. Bu karar Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edildi. Şonda ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanandygy aýdylsa-da, Azatlyk ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň arasynda ilatyň gün-güzeran aladalarynyň has hem kynlaşandygy barada dowamly maglumatlary beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG