Lebap welaýatynyň Farap etrabynda ilatyň elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz üpjünçiligi kadasyz bolmagynda galýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji aprelde sebitden habar berdi.
“Ilat tok, suw we gaz bilen diňe agzaçar we agyz beklenýän wagty iki sagat töweregi üpjün edilýär. Soň ýygy-ýygydan kesilýär” diýip, faraply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, Farap ilatynyň tok, suw we gaz üpjünçiligi zerur infrastruktura ýetmezçiligi sebäpli bökdelýär. Turbalaryň ýarylmagy, olaryň doly hatardan çykmagy, transformator zerurlygy we beýleki problemalar farap ilatyny köseýär.
“Öňki Buhara köçesinde turbalaryň ýarylmagy hemişe bahana. Remont bahanasy bilen suw kesmek däbe öwrüldi” diýip, bir ýerli ýaşaýjy habarça gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, Farapda häkimlik binasynyň ýerleşýän köçesinden başga köçeleriň ýaşaýjylary kadasyz agyz suw üpjünçiligine sezewar bolýarlar.
Paýtagt Aşgabatdan 640 kilomtr töweregi aradaşlykda ýerleşýän gündogar Farap etraby Özbegistan bilen serhetleşýär.
Azatlygyň habarçysy etrabyň Ýalkym obasynda ilata berilýän tebigy gazyň basyşyň pesdigini we oba ilaty üçin elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň uly mesele bolmagynda galýandygyny habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, bu sebitleriň suw üpjünçiligini ýola goýmak üçin 40 kilometr uzynlykda suw turbasy we 4 sany elektrik transformator gerek.
“Ýollar we köprüler hem gözgyny emma baş mesele tok we suw” bir oba ýaşajysy habarça gürrüň berdi.
Elektrik üpjünçiligi bilen bagly meseleler hatda mekdep jaňlaryna çenli öz täsirini ýetirdi.
Habarçynyň maglumatyna görä, etrabyň 15-nji orta mekdebi elektrikli jaňdan el çekip, el bilen kakylýan jaň ulanmaly bolýar.
“Sapaklaryň arasyndaky arakesmäni kesgitleýän elektrikli jaň deregine el bilen kakylýan jaň sesi bilen arakesmä çykylýar” diýip, bir faraply habarça gürrüň berdi.
Türkmen hökümetiniň maslahatlarynda, adatça, ýurduň öz ilatynyň ençeme ýyllardan bäri kösenýän tok ýetmezçiligi barada kelam agyz söz aýdylman, munuň deregine ýurtda öndürilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksportyny artdyrmak barada gürrüň edilýär.
Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň ýanwaryndan başlap suw, elektrik energiýasy we tebigy gaz ýaly ilata çärýek asyrlap mugt berlen ýeňillikli harytlary, hyzmatlary ýatyrdy. Bu karar Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edildi. Şonda ilatyň durmuş derejesiniň ýokary galandygy aýdylypdy. Emma Azatlyk ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň, gytçylygyň we gymmatçylygyň arasynda gurpdan düşen ilatyň gün-güzeran aladalarynyň has hem kynlaşandygy barada dowamly maglumatlary beripdi.
Mundan ozal, farap häkimiýetleri gazy tygşytlamak tagallalarynyň çäginde, habarçynyň malgumatyna görä, sebitde oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanalary tebigy gaz üpjünçiliginden mahrum edipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.