Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda çörek gytçylygy bilen bagly problema ýiti bolmagynda galýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň bir daýhan birleşiginde ilata çörek her dört günden bir gezek satylýar. Aşgabadyň döwlet dükanlarynda hem çörek gytçylygy saklanýar. Adamlar subsidirlenen bahadan çöregi satyn almak üçin daň atmanka garaňkyda nobata durup başlaýarlar.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen söhbetdeş bolan "Ýaňgala" daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary döwlet dükanlarynda çöregiň her gün satuwa çykarylmazlygyndan şikaýat edýärler.
"Adamlara her dört günden bir gezek dört sany çörek satylýar. Bu çörek hem ýaşaýjylaryň ählisine ýetmeýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy 4-nji aprelde gürrüň berdi.
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda hem çörek gytçylygy dowam edýär. Ýaşaýjylar üç sanysy iki manada satylýan buhanka çöregini satyn almak üçin daňdan sagat 4-de nobata durýarlar.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, dükanlaryň aglabasynda çörek sagat 5-de satylyp başlanýar. Paýtagtyň 16-njy döwlet dükanynda bolsa, çörek irden sagat 7-de satuwa çykarylýar we her adama üç sany çörek iki manada satylýar.
Habarçymyz bu dükanda çöregiň satuwy boýunça käbir bidüzgünçiliklere hem ýol berilýändigini aýdyp, ikinji gezek çörek satyn almak üçin nobata duran adamlara iki sany çöregiň iki manada satylýandygyny belleýär.
"Bu bikanun düzgün dükan müdiriniň razyçylygy bilen amal edilýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy 4-nji aprelde gürrüň berdi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada 16-njy döwlet dükanyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi. Bu barada redaksiýamyzyň ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem netije bermedi.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda çörek gytçylygy bilen bagly problema ençeme ýyl bäri dowam edýär. Bu gytçylyk geçen ýylyň ikinji ýarymynda has-da güýçlendi. Häkimiýetler çöregiň satuwyny we onuň möçberini yzygiderli azaltdy. Şu ýylyň başynda Aşgabadyň häkimiýetleri gaýta-gaýta nobata durup, kesgitlenen möçberden has köp mukdarda çörek satyn alýan raýatlary tussag edip başlady.
Bellesek, döwlet dükanlarynda her bir raýatyň günde, sebitlere görä, iki ýa-da üç sany çörek satyn almagyna rugsat berilýär. Hususyýetçilerde bir çöregiň bahasy 5-10 manat aralygynda bahalanýan mahaly, ilata subsidirlenen bahadan satylýan çöregiň bahasy 60 teňňä deňdir. Soňky ýyllarda ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň ýitileşmeginiň fonunda, ýurtda has köp maşgala subsidirlenen bahadan satylýan çörege garaşly boldy.
Habarçylarymyz ýurt ýaşaýjylarynyň prezident saýlawlaryndan soňra azyk üpjünçiliginiň birneme gowulanmagyna garaşandygyny aýdyp, ilatyň döwlet dükanlaryndaky çörek üpjünçiliginiň ýagdaýyndan örän nägiledigini hem belleýärler.
"Adamlar saýlawdan soň, täze prezident Serdar Berdimuhamedow ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyryp, azyk üpjünçiligini gowulandyrar diýip pikir etdi. Ýöne ähli umytlar puja çykdy, ol hiç hili oňyn üýtgeşme girizmedi" diýip, "Ýaňgala" daýhan birleşiginiň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Resmi maglumatlara görä, ýurtda döwletiň bugdaý plan borçnamasy artykmajy bilen ýerine ýetirilip, her ýyl 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý öndürilýär. Şol bir wagtda, Türkmenistan azyk önümleriniň, şol sanda bugdaý importynyň mukdaryny hem artdyrýar. Muňa garamazdan, soňky ýyllarda ýurt ilaty azyk ýetmezçiligi we bahalaryň ýokarlanmagy bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.