Türkmenistanda koronawirusyň "omikron" görnüşiniň möwjeýändigi baradaky habarlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri Halk Maslahatynyň mejlisine güýçli depginde taýynlyk görýär. Taýýarlyklaryň çäginde mejlise gatnaşjak adamlaryň köpçüligi Aşgabat we Mary şäherlerindäki myhmanhanalarda karantine ýerleşdirildi. Aşgabatdaky myhmanhanada beden temperaturasy aşa ýokarlanan 10 ýaşuly öýüne ugradyldy we 20 töweregi deputat keselhana ýerleşdirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky we Mary welaýatyndaky habarçylary habar berýärler.
Aşgabatdaky habarçymyzyň maglumatyna görä, Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşjak raýatlar, şol sanda ýaşulular, medeniýet işgärleri we deputatlar 10-njy ýanwarda şäheriň "Aşgabat" myhmanhanasynda karantine alyndy. Olar maslahat geçýänçä bu ýerde bolup, oňa görülýän taýýarlyklara gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky öýi bolan Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 11-nji fewralda geçirilýär.
Karantine ýerleşdirilen medeniýet işgärleriniň birnäçesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, gatnaşyjylardan günde iki gezek "kowid ekpres testini" etmek talap edilýär. Ýöne adamlar maska dakynmak we iki metr aralygy saklamak ýaly düzgünleri berjaý etmeýärler. Munuň bilen bir wagtda, soňky günlerde "Aşgabat" myhmanhanasynda beden temperaturasy aşa ýokarlanyp, keselleýän adamlar köpelýär.
"Soňky 20 günüň dowamynda azyndan 10 sany ýaşuly adam çärä ýaraman, öýlerine ugradyldy. Şeýle-de, endamynyň temperaturasy 39 gradusdan aşan deputatlaryň 20 töweregi keselhana ýerleşdirildi. Olary sowukda dümewländigi aýdyldy. Ýöne adamlar muňa şübhe bilen garaýarlar. Adamlar "omikronyň" özlerine ýokuşmagyndan howatyrlanýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygynyň soran lebaply medeniýet işgäri aýtdy.
Galyberse-de, ol çärä gatnaşýanlaryň ählisiniň gündelik maddy çykdajylaryny öz hasaplaryna çekmeli bolýandygyny hem belläp, bir adamyň gündelik myhmanhana töleginiň 140 manada barabardygyny aýtdy.
"Naharlanmak üçin hem maddy çykdajy etmeli bolýarys" diýip, ol sözüne goşdy.
Marydaky habarçymyz maslahata gatnaşjak adamlaryň şäheriň diňe "Mary" myhmanhanasynda däl, eýse welaýatyň merkezi metjidinde hem karantine ýerleşdirilendigini habar berýär.
"Maslahata güýçli depginde taýynlyk görülýär. Edara-kärhanalardan gelşikli, boýly, syratly ýaşlary saýlap aldylar. Olary we maslahata gatnaşjak beýleki adamlary geçen hepdäniň ikinji ýarymynda karantine ýerleşdirdiler" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 7-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, maslahata gatnaşýanlaryň şahsy maglumatlary doly barlanýar, olardan üç arkasy, ýaşaýan we işleýän ýeri baradaky resminamalar talap edilýär. Şeýle-de, olar COVID 19 testini tabşyryp, sanjym alandygy barada kepilnamany hem görkezmeli bolýarlar.
Mundan başga-da, maslahata gatnaşýanlar häkimlik tarapyndan üpjün edilýän egin-eşikleri hem satyn almaga mejbur edilýär. Bu egin-eşikleriň nähili bolmalydygy welaýat häkimliginiň işgärleri tarapyndan bir aý öňünden kesgitlendi.
"Adatça bolşy ýaly ýaşuly adamlaryň barysy birmeňzeş eşikde bolmaly" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Aşgabatdaky gatnaşyjylardan tapawutlylykda, Maryda maslahata gatnaşjak raýatlaryň gündelik maddy çykdajylaryny ýerli telekeçiler çekmeli bolýarlar. Çeşmämiziň aýtmagyna görä, bu barada organ işgärleri telekeçilere dilden buýruk berdiler.
"Hatda maslahata gatnaşyjylara berilmeli sowgatlar hem telekeçileriň boýnuna ýüklenýär" diýip, çeşmämiz belledi.
Habarçymyz şäher içinde gözegçilik çäreleriniň güýçlendirilendigini hem habar berýär. Şäheriň tas ähli ýerinde, şol sanda köçelerde polisiýa işgärler patrullyk çekýär. Hatda şäheriň golaýyndaky obalarda hem polisiýa işgärlerini görse bolýar.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada "Aşgabat" we "Mary" myhmanhanalaryndan maglumat alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleriniň Halk Maslahatynyň mejlisine görýän taýynlyk çäreleri, ýurtda koronawirusyň "omikron" görnüşiniň möwjeýändigi baradaky habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat gelýär.
Türkmenistanyň çäginde koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri ne maslahata görülýän taýýarlyklar, ne-de ýurtda "omikronyň" möwjeýändigi baradaky habarlar hakda aç-açan beýanat bilen çykyş edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.