Türkmenistanda ýer, oba hojalygy we işsizlik bilen bagly meseleler 2021-nji ýylda hem çözülmän galana meňzeýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutany noýabryň aýagynda ýer böleklerinden peýdalanmak hukugy bilen bagly täze buýruga gol çekdi, emma bu kararyň manysy adamlara ne metbugatda, ne ýerlerde düşündirildi.
Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň sözlerine görä, ýer böleklerinden peýdalanmak hukugy baradaky täze kararyň taslamasy ýurduň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklerine, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin taýýarlandy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kararyndan sitata: “Ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin, agzalan şahslaryň ylalaşygy (!) esasynda bes etmek, şeýle hem ýer böleklerini degişli döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga bermek bellenildi”. Sitatanyň soňy.
Eger-de ýurduň oba hojalygynda dörän ýagdaýyň hronikasyna gysgaça seredilse, ozal ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazow ‘täze oba syýasatyny’ yglan edip, ahyrynda ‘ýeriň hakyky eýesini tapyp bilmändigini’ açyk boýun aldy; soň ikinji prezident ‘oba adamlarynyň meselesini çözmegi’ wada berip, 2007-nji ýyldan 2017-2018-nji ýyllara çenli aralykda bir ‘ýer özgertmelerini’, soňra ýene bir ‘özgertme’ yglan etdi.
Emma ol oba hojalygyndaky işleriň ýagdaýyny tankytlamak bilen, ýerleriň şorladylmagy, hasyllylygyň juda peselmegi bilen baglylykda, esasan resmileri we daýhanlary netijesiz işlemekde günäkärledi we adamlaryň kärende ýerlerini yzyna alyp, hususy telekeçilere bermek pikirini birnäçe gezek dile getirdi.
Azatlygyň habarçylary bilen gürleşen hünärmenleriň köpüsi problemany daýhanlara hiç hili erk, hukuk berilmezliginde görýär. Hökümetiň ekiljek ekin, alynmaly hasyl we onuň bahasy bilen bagly ähli meseläni özbaşdak çözmegi oba adamlarynyň garyplaşmagyna, işsizligiň we zähmet migrasiýasynyň görülmedik derejelerde ösmegine, maşgalalaryň juda kyn ýagdaýlara düşmegine sebäp boldy diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýerli hünärmen Azatlyk radiosyna aýtdy. Biz bu ýagdaý barada obadan çykan we Türkmenistanyň oba hojalyk ýagdaýyny, ýönekeý adamlaryň kynçylyklaryny gowy bilýän ýazyjy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeş bolduk.
Azatlyk radiosy: - Ozaly tutuş regiona, post-sowet ýurtlary diýilýäniň oba hojalyk ýagdaýyna baha berseňiz, siz Pragada, internetiň gowy işleýän ýerinde ýaşaýarsyňyz we habarlary wagtynda alyp bilýärsiňiz. Eger gysgaça aýtmaly bolsa, ozal ilatyň uly bölegini iş bilen üpjün eden, şol sanda ýerli bazarlary azyk bilen üpjün eden oba hojalygyna näme boldy?
Hudaýberdi Hally: – Oba hojalygy dargady, sebäbi sowetler döwründe oba hojalygyny kolhozlar hem sowhozlar dolandyrýardy, şonuň bilen birlikde fermalar bardy, meselem, guşçulyk ýa-da maldarçylyk fermasy diýen ýaly. Respublikalar öz garaşsyzlygyny alandan soň, Türkmenistan barada aýtsak, onuň diňe ady üýtgedildi, kolhoz-sowhoza derek, daýhan birleşigi diýildi. Aslynda ol nähili birleşik? Nämäniň birleşigi? Girdeji – paýyň birleşigimi ýa ýeriň birleşigi – ol belli däl. Häzirki wagtda oňa daýhan birleşigi diýilse-de, diňe bir adam eýelik edýär, diňe bir häkimlik bar, bir adamyň sözi bilen şol hojalyk dolandyrylýar, başga adamyň sözi diňlenenok. Onsoň ol nähili birleşik bolýar, ony aýtmak kyn.
Ýöne Türkmenistanyň prezidentiniň soňky kararyna hem ondan öňdäki kabul edilen kararlara seretseň, oba hojalygy şol öňki SSSR-iň çäginde bolşy ýaly, şol sanda Türkmenistanda iň möhüm pudak bolup durýar. Eger ýadyňyzda bolsa, Sowet häkimiýeti dörände, ilkinji kabul edilen dokumente “Ýer hakynda dekret” diýildi. Şondan soňam tä SSSR dargaýança, oba hojalygyna degişli kanunlar birnäçe gezek kabul edildi, birnäçe gezek üýtgedildi, ahyrynda-da şu işi ýola goýup bilmediler.
Türkmenistanda seniň belläp geçişiň ýaly, S.Nyýazow döwründe birnäçe gezek synanyşyklar boldy, Türkmenistanyň häzirki ikinji prezidenti döwründe-de birnäçe synanyşyk bar, ýöne bu, meniň pikirimçe, täzelik däl. Sebäbi ýer paýlaryny edaralara, uly hojalyklara bermek – L.I. Brežnewiň döwründe amala aşyrylypdy. L.I. Brežnewiň döwründe 80-nji ýyllarda ýurda bildirmeýän açlyk geldi, zat ýetmezçiligi boldy.
Şol döwürlerde tutuş bir gün balyk etini iýmeli, başga et iýmeli däl diýlen düzgün girizilipdi. Halkyň sarp edýän serişdeleri düýpden gyt boldy. Şonda ýerleri kolhoz-sowhozlardan bölüp alyp ýa-da eýesiz ýerleri hojalyklara bermek, meselem, pagta işleýän zawoda bir bölek ýer bermeli, şolar goşmaça hojalyklary döredip, öz işgärlerini azyk önümleri bilen üpjün etmeli diýildi. Indi häzirki kabul edilýän karar hem şoňa meňzeş. Bu ýerde esasy ýalňyş nämede, meniň pikirimçe, entek ýer meselesine – ýeri ulanmak-peýdalanmak meselesine düýpli girişip bilenoklar.
Azatlyk: - Ýerli hünärmenleriň köpüsiniň aýtmagyna görä, ýakynda men olaryň ýene biri bilen gürleşdim, ol anonimlik şertinde gürleşdi, olar bu meseläniň özenini häkimiýetleriň adamalara ýer bermek islemezliginde görýär. Bilşimiz ýaly, bolşewikleriň serdary Wladimir Lenin hem daýhanlara ýer bermegi wada beripdir. Emma ýerler henizem ‘dawaly’ bolmagynda galýar. Türkmenistanda bu meseläni hem daýhanlara, hem döwlete we hökümete peýdaly çözmek mümkinçiligi barmy? Muny soraýanymyň sebäbi, 1980-nji ýyllaryň ahyrynda ýer meselesi metbugatda gozgalyp başlanda, Çary Aşyryň “Ganly saka” romanyndaky wakalar ýatlanyp, käbir aladalar bildirildi. Eger çözgüt bar bolsa, ol çözgüdiň esasy nämede? Ýa adamlara ýer ýetmän hem bilermi?
H. Hally: – Türkmenistanda adamlara ýer ýeterlik, sebäbi ýurduň ilat sany juda az. Menem oba hojalygyndan çykan adam, öňki kolhozçy, birnäçe ýylymy kolhoz işine sarp etdim. Owaly ýer bölünip berilse, dawa bolar diýen mesele bar. Bu meselede, meniň pikirimçe, aýratyn hukuk gerek. Meselem, Lebap welaýatynyň suw üpjünçiligi hem ýer mümkinçiligi bir aýry, Daşoguzyň suw üpjünçiligi bir aýry. Bu iki welaýat biri-birine meňzeş, Maryda ýagdaý düýbünden başga. Eger Ahala gelsek, düýpden başga bir şertler bar. Günbatar welaýatda has hem aýratyn, şonuň üçin her welaýata özbaşdak çemeleşilse. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda her ştatyň öz kanuny, öz hukugy bar, şol hukugy ýokardan üýtgetmek mümkin däl, ony şol ýerli şerte görä çözýärler. Şolar ýaly ýerli häkimlere aýratyn hukuk berilse gowy bolar.
Ýeriň hususylaşdyrylmagy ýa-da kärendesine bermek, ol hem dünýä derejesinde dürli-dürli, meselem, men öz gören ýerimi aýtsam, Ysraýylda ýer döwletiňki, sebäbi Töwratda – ýahudi dininiň esasynda ýer bir şahsyýete berilmeli däl diýlen düzgün bar, şol esasda-da, ýer döwletiňki. Ýöne Ysraýyl döwleti ýeri adamlara 50 ýyllyk möhlet bilen berýär. 50 ýyl diýmek bir adamyň ömri, 50 ýyl dolandan soň, şol şertnamany ýaňadan özgerdip bolýar. Indi olar ýaly çuňluga gelmesek, biziň ýaşaýan ýerimiz Çehiýada kimiň öňden ýeri bolup, elinde kanuny dokumenti bar bolsa, şol ýerler adamlaryň özlerine gaýtarylyp berildi, beýleki ýerleri umumylykda peýdalanýarlar, bäş-üç ýa-da on hojalyk jemlenip, uly ýeri peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň şertine gelsek, esasy kyn mesele gallaçylyk bolup durýar. Dünýäde iň ýokary gallany Angliýa öndürýär, olarda her gektardan 70 sentnere çenli hasyl alynýar, Angliýa jan başyna düşýän iň hasylly ýurt hasap edilýär. Angliýada adamlaryň ýeriniň daşynda haýat bar, şol haýatdan geçmek gadagan. Ähli ýer adamlaryň mülki – şonda-da beton guýup, daş gömüp gurluşyk etmäge hakyň ýok, onuň üçin ýokardan – parlamentden hukuk almaly, ýagny ýer özüňki bolany bilenem isledigiňçe peýdalanmaga hukuk berilmeýär.
Türkmenistanda şeýle kanunçyklyklar ýok, daýhanyň ertire ynamy ýok. Düýn oňa kärende diýip ýer berdiler, bu gün onuň elinden kärende ýerini aldylar. Ertirki gün ol ýer haýsydyr bir biznes eýesine beriljek, sen oňa garamaýak bolup işlemeli. Ony kim işlesin? Onsoňam daýhanda bir gürrüň bar: "meniň maşgalam gowaçanyň içine girip pagta ýyganda, şol çeken azaby aýagynda tozýan köwşüniň bahasyna ýetsedi" diýýär.
Azatlyk: - Indi ýer bilen baglylykda syýasy erk, syýasy isleg meselesine gelsek, tankytçylaryň käbiriniň pikirine görä, hökümet ilatyň gurplanmagyndan we ýene köp zat islemeginden gorkýar we olary özüne garaşly edip saklamaga çalyşýar. Eger şeýle bolsa, soňky 30 ýylda bu başartmady, köp adam ýurtdan gitdi. Resmi taýdan tassykladyp bolmaýan maglumatlara görä, häkimiýetler zähmet migrasiýasynyň güýçlenmeginden alada galýarlar we gidenleri yzlaryna getirmek tagallalaryny edýärler. Indi, adamlaryň kärende ýerleri alnyp, olar döwlet edaralaryna, hususy telekeçilere berilse, daşary ýurtlarda kyn ýagdaýa düşen adamlar yzlaryna gelip, arzan işçi güýji bolmaga razy bolarmy?
H. Hally: – Beýle zat bolup bilmez, sebäbi bir ýerde öz ýaşamagyna şert tapmadyk millet başga bir ýerlere göçüpdir, ol bütin taryh dowamynda bolup gelipdir. Elbetde, Türkmenistanyň hökümeti adamlaryň baý bolmagyny islänok, ýöne ol adamlara eklenmäge şert bermeli. Meselem, sowetler döwründe ähli zat sowetleriň elindedi, ýöne daýhana gerek zatlaryny berýärdiler. Biziň ýerimizde diňe pagta ekmelidi, ýöne kartoşkany Moskwa baryp Polşadan, Ukrainadan, şolar ýaly uzak ýerlerden getirip berýärdi. Bize galla berýärdiler, bizi üpjün edýärdiler. Häzirki döwürde milleti hem-ä üpjün etmän, hem ony özüňe bakna edip saklamak, ol, megerem, mümkin däl. Millet hökman dargar, millet gider, sebäbi ol ýaşamaly, şu gününiň, ertiriniň – çagalarynyň aladasy edýär. Adam iş bar ýerine, gazanç edip boljak ýere ymtylýar. Şonuň ýoluny Türkmenistan hiç wagt baglap bilmez.
Azatlyk: - Oba hojalygy we iş mümkinçilikleri meselesinde nähili gowy çözgüt görýärsiňiz? Türkmen şertlerinde, eger hökümet islese, emele gelen ýagdaýlardan netije çykaryp, öz bärden gaýdan ýerlerini analiz etse, nähili dünýä tejribeleri ulanylyp bilner? Sebäbi bu giden adamlaryň yzyna gelmegi, ýurtda galan adamlaryň daşary ýurtlardan iş gözlemäge gitmezligi, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolup durýar.
H. Hally: – Şeýle mümkinçilikler bar, özem gaty köp. Häzirki prezidentiň bar aladasy – ýerleri bölmek ýa-da ýerden köp hasyl almak meselesi, ikinji bir tarapdan, ýerden önen önümi peýdalanmak meselesi bar. Türkmenistan öňki döwürde diňe çig mal öndürip, çig mal satýardy. Häzirki döwürde pagtany ýurduň öz içinde işläp başladylar, tekstil fabrikleri döredildi, ýöne beýleki önümler barada şol şertler ýok. Meselem, üzüm – üzümden çakyr ýasalýar, pomidordan tomat öndürilýär. Beýleki zatlar işlenilenok.
Ýewropanyň ortasynda oturan bir kiçijik ýurt Awstriýa – onda ekin ýerleri juda az, ýöne kädi çigidinden ýag öndürýär. Ol örän peýdaly hem gymmat bahaly ýag. Türkmenistanda näme kädi ösenokmy? Şol kädini ösdürýän adama ýag ýasar ýaly zawod açmaga hem ony satmaga mümkinçilik bermeli ýa-da zeýtun – Gyzyletrekde zeýtun ösýär. Adamlara zeýtun ýagyny almaga-da mümkinçilik bermeli. Oba hojalygynyň önümini ikinji gezek işlemek meselesi Türkmenistanda entek işlenenok. Şol tapgyr durşuna dur, meselem, käşirden şire etmek ýa alma, miwe önümlerinden şireler, dürli içgiler ýasamak ýaly tehniki taýdan işlemek meseleleri bar, şol pudaklar durşuna dur. Eger şol pudaklar işe girizilse, birnäçe işçi ýerleri açylardy hem millet şony satmakdan birneme baýardy, özüni tutup gurplanardy. Gynansak-da, şol işlere Türkmenistanda şindizem baş galdyrylanok.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.