Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy geçen hepdede daşary ýurt puluna 37 million 320 müň dollarlyk söwda etdi.
Döwlet mediasynda 23-nji dekabrda çap bolan maglumata görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Owganystanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy daşary ýurt puluna satyn alypdyr. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri guradylan buýan köküni we buýan köküniň baldagyny satyn alypdyr.
Şeýle-de, resmi habar görä, türkmen telekeçileri ýurduň içerki bazary üçin "Türkmennebit" döwlet konserniniň önümleri bolan binýatlyk ýagy, float aýnasy, nah we pagta galyndylary, pagta linti ýaly serişdeleri satyn alypdyr. Munuň jemi bahasy 28 million 843 müň manatdan gowrak diýlip görkezilýär.