Russiýanyň goşunlary söweş meýdanynda öňe süýşmegini dowam etdirýärkä, gündogar Ukrainadaky frontuň köp böleginde çaknyşyklar boldy. Bu ýagdaý Kremliň strategiýasy baradaky çaklamalaryň fonunda dowam edýär.
Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştaby 24-nji dekabrda ir säher bilen öten günüň başyndan bäri frontda 235 çaknyşygyň hasaba alnandygyny, Harhiw, Donetsk we Kupýansk ugurlarynda güýçli söweşleriň bolandygyny aýtdy.
Bu habarda Russiýanyň şol wagt aralygynda 1600-den gowrak esgerden we 30 sany sowutly ulagdan ybarat ýitgi çekendigi öňe sürüldi. Emma bu sanlary garaşsyz tassyklap bolmady. Moskwa uruşdaky ýitgileri barada seýrek teswir berýär.
Urşy öwreniş instituty (ISW) 24-nji dekabrda çap eden hasabatynda Russiýanyň häzirki söweşde ileri tutýan ugurlarynyň entek belli däldigini, sebäbi rus goşunlarynyň Donetsk sebitiniň esasy şäheri Pokrowskyň günorta we günorta-günbataryna köp çekilýändigini belledi.
"Rus güýçleriniň bu gazanjyny şäheri gurşap almak üçin ulanyp biljekdigi ýa-da Donetsk sebitiniň administratiw serhedine geçmek isleýändigi entek belli däl"- diýlip, ISW belledi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin geçen hepde Moskwanyň uruşdaky esasy maksadyna ýakynlaşýandygyny aýtdy, ýöne ol bu barada jikme-jik maglumat bermedi.
Ukrainanyň basyp alyjy rus güýçlerini kowmak üçin görkezýän garşylyk hüjümleri 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri az üstünlik gazanýar, rus goşunlary ýuwaş-ýuwaşdan günbatara tarap hereket edip, Donetskiň Awdiýiwka şäherini, soňra bolsa Wuldehar şäherini basyp aldy. Russiýa häzirki wagtda Donetskiň 60 göterimine gözegçilik edýär.
Habar berlişine görä, häzir şäherden bary-ýogy birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýän rus goşunlary häzirki frontuň golaýyndaky esasy logistika merkezi bolan Pokrowsky eýeläp bilerler.
Pokrowsk strategiki taýdan möhümdir, sebäbi esasy transport merkezi bolan we front liniýasyna ýakyn bu şäher Donbas sebitindäki harby amallar üçin üpjünçilik merkezi bolup hyzmat edýär.
Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweş soňky hepdelerde hasam güýçlendi, Moskwa Ukrainanyň çäginde esasan raýat we energiýa infrastrukturasyna gönükdirilen pilotsyz uçar we raketa hüjümlerini amala aşyrdy.
Kiýew Russiýanyň çäginde nebit we energiýa nyşanalaryna hüjüm etmek bilen jogap berdi we hepdäniň ahyrynda Russiýanyň nebite baý Tatarstan respublikasynyň paýtagty Gazanda belent binalara zarba urdy.
Geçen hepdede Putin Waşingtona we Günbatara yşarat edip, rus eglişikleriniň geljegi barada agzady we her ýyl geçirilýän sorag-jogap konferensiýasynda Russiýanyň eglişik etmäge taýýardygyny aýtdy.
Emma ol eglişik ideýasyna ençeme şertleri goşdy we Moskwanyň Ukrainany boýun egdirmek, NATO hem Günbatar ýurtlaryndan uly howpsuzlyk kepilliklerini gazanmak maksadynyň bardygyny öňe sürdi, şeýle-de Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskini kanuny lider hasaplamaýandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti wezipesine saýlanan Donald Trump 22-nji dekabrda Turning Point's America Fest konwensiýasynda eden çykyşynda 20-nji ýanwara bellenen kasam kabul ediş dabarasyndan soň urşy çalt bes etmek üçin hereket etjekdigini aýdyp, "Biz bu söweşi bes etmeli. Uruş elhenç, elhenç" diýdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum