Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Murgaply daýhan: Ejemiň maýyp arabasyny satyp alan tohumlyk kartoşkam suwsuz guraýar


Suwuny ýarysyna golaýy ýere siňýän we bugarýan Garagum kanaly. Bezeg suraty
Suwuny ýarysyna golaýy ýere siňýän we bugarýan Garagum kanaly. Bezeg suraty

Türkmenistandaky oba hojalyk syýasaty gurak gelen ýyl bilen birleşip, baryny-ýoguny tohuma beren oba adamlaryny melleklerinden aljak azyk önümlerinden hem mahrum edýär. Murgaply daýhan oba ýaplarynyň iki hepde bäri gurap ýatandygyny, maşgalanyň göz dikip oturan ekinleriniň guraýandygyny aýdýar.

Murgap etrabynyň Dostluk (öňki Gyzylbaýdak) daýhan birleşiginiň adamlary melleklerine eken ekinleriniň halynyň harapdygyny, sebäbi oba ýaplaryna goýberilmeli suwuň gowaça meýdanlaryna berilýändigini aýdýarlar.

Oba ýaplaryna suw goýberilmeýär, adamlar uly zyýan çekýär, häzir ähli suwy potrat ýerlerine, ýagny gowaça meýdanlaryna tutmaly etdiler diýip, Dostluk daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary Azatlygyň Marydaky habarçysyna aýtdylar.

Olaryň sözlerine görä, oba ýaplary iki hepde bäri, suwuň tüýs gerek wagtynda gurap ýatyr. Bu pagtaçylykdan ýylyň-ýylyna pes girdeji alýan ýa bergili çykýan oba adamlarynyň göz dikip oturan melleklerinden hem boş çykjakdygyny, dowam edýän açlygyň çuňlaşjakdygyny aňladýar.

Ikinji tarapdan, bu ýyl gowaça meýdanlarynda hem gögeriş gowy bolmady, gowaça meýdanlary keliň saçyny ýatladýar, her ýerde bir ýa iki gowaça süllerip otyr, bu ýyl ybaly pagta bolmaz diýip, aýry-aýrylykda gürleşen potratçylar Azatlyk radiosyna aýtdylar.

Aýdylmagyna görä, kärendeçileriň ählisinden gowaça ösüş suwlaryny tutmagy talap edýärler.

Elbetde, ösüş suwy tutulmaly, ýöne bu iş daýhanlaryň öz hususy melleklerinde eken ekinleriniň guradylmagynyň hasabyna tutulmaly däl, sebäbi gowaça hasylynyň öňki ýyllara garanda has az boljakdygy hemmelere düşnükli, keşleriň ýarysy boş, gögeren gowaçalarda hem 2-3 goza bar, gögermedik gowaçanyň hasyl bermejegini bilip durkaň, näme üçin ol ýere suw tutmaly diýip, kärendeçiler başlykdan soraýar.

Emma başlyk "şeýtmeli diýip buýruk geldi, diýlenini edibermeseň başga alaç barmy?" diýip, soraga sorag bilen jogap berýär.

Oba adamlarynyň käbiri mellekleri suwarmaly ýaplaryň guradylyp, bolanja suwuň hem hasyl bermejek gowaça akdyrylmagynyň sebäbi prezidentiň Mary sebitine etjek sapary bilen bagly bolmasyn diýip pikir edýär.

"Prezident geljek bolsa, häkimler şoňa ýaranjak bolup her zat eder" diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen daýhanlaryň biri aýtdy. Onuň pikiriçe, bu ýylky ýagdaý, üstesine mellekdäki ekinleriniň hem suwsuz guradylmagy potratdan eli sowan kärendeçini has-da köpeltse gerek. Indiki ýyl potrat ýerimi taşlajak, bu işden indi netije ýok diýýänler barha köpelýär.

"Meniň ejem maýyp, emma biz onuň inwalit kolýaskasyny satyp, güýzlük kartoşka ekmegi niýet edindik. Galan zatlarymyzy, işikdäki mallary, awtoulagymyzy öň derman üçin satypdyk" diýip, Dostlugyň ýaşaýjylarynyň biri öz hojalygynyň düşen ýagdaýyny gürrüň berdi.

Emma daýhan indi ejesiniň maýyp arabasyny satyp alan 1600 manatlyk kartoşka tohumynyň hem suwsuz gurap ýatandygyny, 10-12 gün ozal ekilen kartoşka bir gezek hem suw bermändiklerini aýtdy.

Kartoşkadan öň eken kelemlerimiz, beýleki ekinlerimiz hem suwsuz, ýene 2-3 gün ýaplara suw goýberilmese, bar azabymyz reýgan boljak diýip, bu ýagdaýy beýleki birnäçe ýaşaýjy hem tassyk etdi.

"Her ýyl oba içindäki ýaplary gazmaly diýip pul almaly bolsa, hökümet bar, olar derrew her hojalykdan 20-30 manatdan pul ýygnap alýar, emma bize gerek wagty suw bolmasa, gyşda suw berenleri gerek däl" diýip, oba adamlary aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri oba adamlarynyň düşen agyr ykdysady ýagdaýlary, şol sanda ýurtdaky ýiti suw ýetmezçiligi barada çykýan habarlara düşündiriş bermän, azyk howpsuzlygynyň döredilendigini tekrarlap, ýerlere sapar edýän prezidente alkyş aýtmak üçin taýýarlanan adamlaryň çykyşlaryny telewideniýede görkezmek bilen çäklenýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG