Merkezi Aziýa sebitinde suw barha we barha azalýar, munuň özi ykdysady kynçylyklaryň hasam agyrlaşmagyna sebäp bolýar. Adamlar yssydan kösenýärler, ýagyş ýagmazlygy sebäpli howanyň temperaturasy ýokary bolmagynda galýar. Bu ukypsyz dolandyryş işlerini hem hojalygyň dargamagynyň jogapkärçiligini kim öz üstüne almaly?
Fermalardaky ýagdaý
Güýçli gurakçylygyň alamatlaryny ilki bolup daýhanlar bilen maldarlar bildiler. Mangystau sebitiniň öňki ýaşaýjysy, häzirki raýat aktiwisti Žanybek Kožygyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, Gazagystan häzirki gurakçylyk ýaly agyr ýagdaýy bu golaýda görmändir.
Kožygyň aýtmagyna görä, eýýäm ýazyň başyndan güýçli gurakçylygyň ýakynlaşýandygy belli bolupdy. Resmiler beýle duýduryşa ýeterlik ähmiýet bermediler diýip, ol hasap edýär.
Mangystau – maldarlar üçin esasy çöl ýaýlasy, ýöne öri meýdanlarynyň mümkinçiligi azalýar. Şonuň üçin sebitdäki goýunlaryň, sygyrlaryň hem ýylkylaryň ýitgisi köpelip barýar, hakykat ýüzünde ýitgileriň mukdaryny hiç kim anyk bilmeýär.
Mal bakmak üçin ot ýetmezçilik edýär, Gazagystanyň köp ýerinde ot-bede we däne iýmitiniň bahalary ýokarlandy.
Iýun aýynda köpçülige ýaýran habara görä, käbir çopanlar ýabylary karton kagyzlaryna nahar galyndylaryny garyp iýmitlendirip başlapdyrlar.
Kožyk ýaşaýjylaryň mallary iýmitlendirmek üçin, Aktaudan karton getirendigini gürrüň berýär, ýöne indi "hatda kartonyň hem ýetmezçilik edýändigini" aýdýar.
Gazagystanyň hökümeti ýagdaýyň agyrdygyna düşünmekde gijä galdy, ýöne soňra Gazagystanyň beýleki ýerlerinden ot getirmek üçin çäreleri ýola goýdy hem maldarlaryň zerurýetini üpjün etmäge synanyşdy.
26-njy iýulda Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi mallaryň iýmitini we gallany eksport etmek işine alty aýlyk gadaganlyk girizdi hem-de mal iýmitini ýurduň öz içerisine gönükdirmäge görkezme berdi.
Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Çuý welaýatynda daýhanlar abanyp gelýän gurakçylyk howpuny ilkinjiler bolup duýdular. Ekinler gögerdi, ýöne suw ýetmezçiligi sebäpli gurap başlady.
Gyrgyzystanyň resmileriniň açyk boýun almagyna görä, suwuň ýeterlik däldigi äşgärdir, ýöne olar sowet döwründen galan kanallara we suwaryş ulgamyna ünsi çekip, bu desgalaryň täzelenmäge mätäçdigini we häzirki zaman zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilmeýändigini aýtdylar.
Gyrgyzystanyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary Nurlan Şeripow Çuý welaýatynda suwaryş ulgamynyň ýygy-ýygydan suwarmagy talap etmeýän ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin gurlandygyny, onuň döwlet hojalygyna niýetlenendigini aýdýar.
—Häzirki wagtda hususy eýeçilikde bolanlar mekgejöwen, miwe, gawun-garpyz we beýleki köp suw talap edýän ekinleri ösdürip ýetişdirýärler – diýip, Şeripow düşündirýär.
Häkimiýetler gyssagly çäre görüp bilmänsoň, Çuý daýhanlarynyň käbiri bu meseläni öz eline aldy, olar kanallardan öz kadasyndan artyk köp suw alýarlar ýa-da adatça gijelerine suwy öz ekin meýdanlaryna sowýarlar. Beýleki ýeri gurap barýanlaryň arasynda bu gahar-gazap döredýär.
Netijede, häkimiýetler kanallardan suw alýan kiçi suw howdanlaryny ýapmaly boldular hem howpsuzlygy üpjün eder ýaly daş-töwerekde garawul goýdular.
Soňra Çuý daýhanlary Oş bilen Bişkek aralygyndaky esasy ýoly baglap, häkimiýetlerden özleriniň suw ýetmezçiligi meselesini çözmegi talap etdiler.
Ýerli häkimiýetler bar bolan kanallary täzeden abatlaşdyrmak, suw howdanlaryny ýaňadan dikeltmek we täzesini gurmak, sebitde täze guýulary gazmak barada söz berdiler.
Özbegistanyň gündogaryndaky Namangan welaýatynda Dawlatabad etrabyndan bolan daýhanlar bilen Turakurgan etrabynyň daýhanlarynyň arasynda suw meselesinde dawa-jenjel möwjeýär. Dawanyň netijesinde Turakurgan etrabyndan bir daýhan kellesinden şikes aldy.
Surhanderýa welaýatynyň Angora etrabynyň daýhanlary ýerli suw-hojalyk işgärleri bilen garpyşmaly bolýarlar.
Nawşahar obasynyň hususy ýer eýeleri fermanyň suwuň köp bölegini alýandygyny we suwy adalatsyz paýlamakda ýerli häkimiýetleri günäkärleýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň Özbek redaksiýasy hojalyk ýerleriniň eýeleri bilen suwa gözegçilik ediji döwlet toparynyň işgärleriniň arasyndaky gapma-garşylygyň iýul aýynyň başyndan bäri dowam edýändigini, onuň indi kazyýetde seredilýändigini habar berdi. Muňa garamazdan, iki toparyň arasynda her gün diýen ýaly suw bilen üpjün etmeli kanal meselesinde dawa-jenjel ýüze çykýar. Netijede, çaknyşyklaryň öňüni almak üçin, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri birnäçe gezek wakanyň ýerine gidýärler.
Azatlygyň Özbek gullugynyň belleýşi ýaly, daýhanlaryň arasyndaky şuňa meňzeş gapma-garşylyklar Özbegistanyň köp sebitinde ýüze çykýar.
Şäherdäki ýagdaý
Suw ýetmezçiliginiň kynçylyklaryny ilkinji bolup daýhanlar we maldarlar gören bolsalar, indi şäher ýaşaýjylary-da gurakçylygyň nähili kynçylyk döredip biljekdigini başdan geçirýärler.
Azatlygyň Täjik gullugy Täjigistanyň üçünji uly şäheri bolan Kulýabyň köp ýaşaýjysynyň öýlerinde suw ýetmezçiligi meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny we plastik çüýşeler hem bedreler bilen jemgyýetçilik suw turbalaryna gitmäge mejbur bolýandyklaryny habar berdi.
Kulýab şäherindäki Şohin mähellesiniň ýaşaýjysy Talab Ibrohimow Azatlygyň Täjik gullugyna şeýle diýdi:
— Men 78 ýaşymda bolanyma garamazdan, iki sany plastik bedre bilen suw çekýärin. Suw daşamak meniň wezipäme öwrüldi – diýip, ol ýaşuly aýdýar.
12-nji iýul gijesi Gazagystanyň iň uly şäheri Almatynyň golaýynda ýerleşýän Besagaş şäherinden bolan 100 töweregi ýaşaýjy öýlere berilýän suwuň ýapylmagyna garşylyk bildirip, köp awto-ulag gatnawly esasy ýoly ýapdylar. Şuňa meňzeş ýadaýyň Gazagystanyň demirgazyk-günbataryndaky Uralsk şäherinde-de ýüze çykandygy habar berildi.
Türkmenistan üçin tomsuň yssy howasy adaty ýagdaý, ýöne tutuş ýurt boýunça şu ýyl temperatura köplenç 50 dereje ýetýär. Lebap welaýatynyň gündogar böleginde, 7-nji iýulda temperatura 55 derejä çenli ýokarlandy.
Lebap welaýatynyň şäher ýaşaýjylary ýakyn ilatly ýerlerdäki guýulardan getirilýän suwy we çüýşeli suwlary satyn alýarlar. 20 litr suw bäş manatdan (takmynan 1,4 dollar) satylýar diýip, Azatlygyň Türkmen gullugy habar berýär. Bu gymmat baha däl, ýöne hojalykda egin-eşikleri, gap-gaçlary ýuwmak we beýleki hajatlar üçin, ol baha derrew bildirýär.
Gyrgyzystanda elektrik energiýasynyň köp böleginiň gidroelektrostansiýalar tarapyndan öndürilýän ýerlerinde, resmiler eýýäm suw howdanlarynda suwuň pesligi we ýurduň esasy energiýa merkezi Toktogul gidroelektrostansiýasynda alnyp barylýan abatlaýyş işleri sebäpli raýatlara elektrik togunyň kesilmegine taýyn bolmaga duýduryş berýärler.
Suw ýetmezçiligi azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna getirýär. Oba hojalygynda ekinleriň guramagy, mallaryň sanynyň azalmagy sebäpli bahalaryň ýokarlanmagy, geljek ýylda-da ýokary bolmagyny dowam etdirip biler.
Käşir – Merkezi Aziýanyň dürli tagamlarynda iň köp ulanylýan gök önümlerden biri, ýöne soňky döwürde Täjigistanda käşiriň bir kilogramynyň bahasy takmynan 700% ýokarlandy. Şuňa meňzeş ýagdaý Merkezi Aziýanyň beýleki dört ýurdunda-da bolýar.
Gurakçylyk ahyry bir gün gutarar, ýöne suw meselesi aradan aýrylmaz.
Töwerekdäki gurşawyň özgermegi garaşylmaýan aşa üýtgäp duran howa şertleriniň döremegine sebäp bolýar. Şeýle kynçylykly ýagdaýyň ýygy-ýygydan ýüze çykmagy ähtimal.
Merkezi Aziýanyň ilaty 1900-nji ýyllaryň başynda bary-ýogy sekiz million töweregi eken, häzir bu sebitiň ilaty takmynan 75 million adama ýetdi. Şu ösüş depginini saklansa, 2030-njy ýyla çenli Merkezi Aziýanyň ilaty takmynan 80 milliona ýeter.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň resmileri häzirki suw ýetmezçiligini tiz çözmek üçin, has köp guýy gazmagy wada berýärler.
Mangystau sebitiniň käbir ýaşaýjylary nebit kompaniýalaryny nebit-gözleg burawlamak işini bes etmäge we enjamlaryny suw guýularyny burawlamak üçin ulanmaga çagyrýarlar.
Bu örän geň teklip, iň bolmanda ol Merkezi Aziýada haýsy suwuklygyň örän möhümdigini hemmelere ýatladýan bolsa gerek.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.