Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkim prezidenti aldaýarmy ýa-da olar bileleşip, özlerini aldaýarlar?


TDH: Lebabyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty sebitiň kärendeçileriniň gowaça ekişini tamamlandyklary baradaky habardan başlandy.
TDH: Lebabyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty sebitiň kärendeçileriniň gowaça ekişini tamamlandyklary baradaky habardan başlandy.

Il içinde 'gülala-güllük' habarlary diýip bilinýän hasabatlaryň soňkusy Azatlygyň derýadaky suw pesligi, gowaça ekiljek ýerlere ýuwuş suwlaryny tutmakdaky kynçylyklar, suw nasoslarynyň ogurlugy, zeýkeş suwlaryny ulanmak barada berilýän tabşyryklar barada beren habarlynyň yz ýanyna gabat geldi

Azatlygyň ýerli habarçysy sebitiň ekerançylyk meýdanlaryna aýlanyp, Lebap welaýatynyň häkiminiň prezidente 'ýalan hasabat' berendigini aýdýar.

Türkmenistanyň hökümet başlygy her hepde diýen ýaly hökümet mejlislerini, iş maslahatlaryny geçirýär we degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňleýär. Ol hasabatlarda köplenç tutumly işleriň edilýändigi aýdylyp, uly-uly ösüş sanlary getirilýär we, käbir nägileliklerine garamazdan, prezident özüne berlen hasabatlardan umuman 'kanagatlanma' bildirýär.

Bu 3-nji maýda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda hem şeýle boldy. TDH-nyň anyklaşdyrman beren habaryna görä, Lebabyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty sebitiň kärendeçileriniň gowaça ekişini tamamlandyklary baradaky habardan başlandy.

Türkmen mediasynyň habarlaryndan görnüşine görä, olarda her ýylyň möwsümlerine laýyklykda şol bir mazmunly hasabatlar berilýär we şol bir tabşyryklar gaýtalanýar, emma soňra gazanylan ýa gazanyljak üstünlikler barada berlen maglumatlar durmuş ýüzünde tassyklanmaýar. Muňa derek, TDH häkimlere ýa beýleki resmilere berlen käýinçler, berk käýinçler, soňky duýduryşlar, işinde 'düýpli kemçilik' goýberenleriň weizpesinden boşadylyşy we olaryň orunlaryna orunbasarlarynyň geçirilişi barada dabaraly habarlary berýär.

Il içinde 'gülala-güllük' habarlary diýip bilinýän hasabatlaryň gowaça ekişi baradaky bölegi Azatlygyň derýadaky suw pesligi, gowaça ekiljek ýerlere ýuwuş suwlaryny tutmakdaky kynçylyklar, suw nasoslarynyň ýagdaýy, zeýkeş suwlaryny ulanmak barada berilýän tabşyryklar barada beren habarlarynyň yz ýanyna gabat geldi

"Gowaça ekişini doly tamamladyk diýmek bilen, Lebabyň häkimi prezidente ýalan hasabat berdi, aslynda Lebapda gowaça ekişi indi başlandy" diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy 4-nji maý güni giçlik, ekin meýdanlaryna aýlanyp geleninden soň habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Farap, Darganata ýolunyň boýundaky gowaça meýdanlaryna "indi suw berlipdir". Apreliň başynda habarçy Lebapda ýuwuş suwunyň ýarpy hem tutulmandygyny, häkimiýetleriň ogurlanan suw nasoslaryny gözleýändigini habar beripdi.

Ýerli habarçynyň soňky anyklaşdyrmalaryna görä, daýhan hojalyklarynyň käbirinde gowaça ekişi 40% töwereginde amala aşyrylypdyr, ýöne ýaňy suw çekilen, ekişe taýyn edilmedik ýerler hem az däl.

Şeýle-de, habarçy bilen anonimlik şertinde aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe kärendeçiniň tassyklamagyna görä, Darganata, Dänew etraplarynda ýuwuş suwy tutulmadyk "müňläp gektar ýer bar".

Şu aralykda, gowaça ekjek ýerlerini şordan ýuwmak, tehnika, dökün, ekiş aladalary bilen başagaý bolan kärendeçi daýhanlary ýene bir mejbury zähmet, ýüpekçilik talaplary hem aljyradýar.

Darganatada häkimiýetler raýatlardan döwletiň ýüpek tabşyryklary üçin pul ýygnaýar, her kärendeçi we mugallym 15 kilogram pile puluny, 1500 manat bermeli, ýerli häkimiýetler her kilogram pile üçin 100 manatdan pul alýar diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp aýdýar.

Başsaka geňeşliginiň, Krançyoba geňeşliginiň ýaşaýjylaryndan 15 kilogram piläniň puluny alýarlar, kärende ýeri bolan raýatlaryň ählisinden pul pul ýygnaýarlar, emma obalarda köp adamyň çörek puly iň uly gaýga öwrüldi diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýtdy.

Türkmenistanda döwletiň ýüpek tabşyrygy adamlary sowet ýyllaryndan bäri tomsuň yssysynda ýaşamaly salkyn jaýlaryndan çykmaga, tut ýapragynyň gözleginde sergezdan bolmaga mejbur edýär. Emmaýylda millionlap agaç nahalyny ekýän ýurtda adamlar tut ýapragy üstündäki dawada bir-birine şikes ýetirýär.

"Tut ýok, gurçuklara bermäge ýaprak tapylanok, Darganatada tut agajy, tut ýapragy üstünde turan dawada sekiz çemesi adamyň bir-birine şikes ýetirmegi netijesinde dört sany jenaýat işi açyldy" diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, arçynlar tut meselesini çözjek hem bolmaýarlar, olar diňe adamlary gorkuzyp, "kärende ýeriňi alarys" diýip, pile puluny almagy bilýärler.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň maglumatyna görä, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimiýetleri şu wagt, oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly wagtynda, kärendeçileriň käbiriniň ýerlerini alyp, prezidentiň iş bilen üpjün etmek tabşyrygy esasynda, olaryň ýerlerini günäsi geçilen tussaglara bermekçi bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG