ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçisi Brijit Brink wezipesinden ir gidýär diýip, Döwlet departamenti habar berdi.
Öňki prezident Jo Baýden tarapyndan bellenen Brink, 2022-nji ýylyň maý aýyndan bäri Kiýewde ilçilik wezipesini ýerine ýetirýärdi. Ol Russiýanyň Ukrainadaky doly gerimli urşa başlamagyndan soňky möhüm döwürde ABŞ-Ukraina gatnaşyklaryny dolandyrdy.
“Ilçi Brink wezipesinden gidýär. Ol üç ýyl bäri şol ýerde ilçilik edýärdi – bu urşuň barýan sebiti üçin uzak wagt,” diýip, Döwlet departamentiniň metbugat wekili Tämmi Brýus 10-njy aprelde žurnalistlere aýtdy.
Onuň geljekki hepdelerde wezipesinden gitmegine garaşylýar.
Baýden administrasiýasy döwründe Waşingtonyň Moskwa bilen gatnaşyklary Sowuk uruşdan soňky iň pes derejä düşdi. Bu döwürde ABŞ Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen aragatnaşygy kesdi.
Munuň tersine, Donald Trampyň administrasiýasy Kreml bilen göni aragatnaşyk gurdy. Tramp we Putin soňky aýlarda azyndan iki gezek telefon arkaly gepleşdiler. Häzirki wagtda Waşington Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky mümkin parahatçylyk ylalaşygyna araçylyk etmek ugrunda tagalla edýär.