Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk üçin çäklendirilen çilim birlerini baý edýär, beýlekileri - garyp


Gutuly çilim alýan alyjy tasdan ýok, köp adam 1, 2, kän bolanda 3 çilim alyp gidýär diýip, habarçy aýdýar.
Gutuly çilim alýan alyjy tasdan ýok, köp adam 1, 2, kän bolanda 3 çilim alyp gidýär diýip, habarçy aýdýar.

Çilim üstünde turan dawa-jenjeller sowet döwründe arak-şeraba girizilen gadaganlyklaryň döreden goh-galmagally nobatlaryny yzyna getiren ýaly boldy diýip, 70-den aşan ýaşaýjy aýtdy. Ýöne ol sowet döwründe hususy dükanlaryň bolmandygyny, emma aragyň bir topar adama aňsat gazanç bolandygyny belledi.

Türkmenistanda çilim söwdasy dolulygyna diýen ýaly gara bazara geçdi, häkimiýetler bikanun çilim söwdasyna göz ýumýar diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär.

Döwlet dükanlarynda dörän uly nobatlaryň biriniň sebäpkäri bolan çilim gytçylygy Türkmenistanda temmäki önümleriniň söwdasynyň doly döwlet ygtyýarlygyna geçirilmegi bilen güýçlendi we, eli ýuka raýatlaryň alyp bilýän çilimleri ýyl başynda gutusy 50 manatdan hepdede üç gün satyldy.

Ýöne çilim nobatlaryndaky dawa-jenjeller, adamlaryň el-aýagyna şikes ýetmegi, dükanlaryň penjireleriniň döwülmegi netijesinde, synçylar aýtmyşlaýyn, çilimkeşleriň bir guty çilim üçin "jan alyp, jan bermäge taýyn bolmagy" bu söwdanyň bes edilmegine alyp geldi.

Çilim gytçylygy we arzan çilim üstünde turýan dawa-jenjeller, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, emeli ýagdaýda döredildi we ýokardan goldawly adamlaryň aňsat ýerden millionlap pul gazanmagyna şert döretdi.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, Türkmenabadyň 1-nji senagat zolagynda ýerleşýän ammarlarda köp möçberde çilim bar, olar döwlet dükanlarynda satylmaly harytlar, ýöne aşaklykdan hususy dükanlara paýlanýar.

Hususy dükanlara baransoň, çilimiň her gutusy 200 manat bahalanýar, ýagny her guty çilimiň üstünden 150 manat artykmaç girdeji gelýär.

Anonimlik şertinde gürleşen söwda işgäriniň aýtmagyna görä, bu söwdanyň arkasynda "düýpli adamlar" durýar we her guty çilimden öz paýyny alýar.

Emma birlerini baýadýan çilim beýleki bir topar adamyň maşgala býujetine uly urgy bolýar, köp adamyň indi bir guty çilim almaga hem ýagdaýy ýok. Onsoň, 10 manat töläp, bir çilim alyp duran alyjylary köp görse bolýar.

Çilim çytçylygy we gymmatçylygy adamlaryň "türkmen çilimine", ýagny elde, ýerli ot-çöplerden ýasalan çilimlere geçmegine itekleýär, ynsan saglygyny goramak üçin diýlip girizilen çäklendirmeler çilimini goýup bilmeýän adamlary has uly saglyk töwekgelligine salýar diýip, ýerli lukman radio bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Çilim üstünde turan dawa-jenjeller sowet döwründe arak-şeraba girizilen gadaganlyklaryň döreden goh-galmagally nobatlaryny yzyna getiren ýaly boldy diýip, 70-den aşan ýaşaýjy aýtdy. Ýöne ol sowet döwründe häzirki ýaly hususy dükanlaryň bolmandygyny, emma şol wagtam dükanlardan gizlin, awtoulaglara ýükläp çykarylan çelek-çelek aragyň bir topar adama aňsat gazanç bolandygyny belledi.

Diňe döwlet dükanlarynda satylmaly edilen çilim öz satylmaly ýerinde ýok, hususy dükanlarda bolsa, 200 manatdan gizlenip däl, aç-açan satylýar diýip, habarçy aýtdy.

Meniň aýlanyp gören hususy dükanlarynyň ählisinde çilim açyk satylýar, ýöne gutuly çilim alýan alyjy tasdan ýok, köp adam 1, 2, kän bolanda 3 çilim alyp gidýär diýip, habarçy hususy dükanlarda ýene bir bikanun söwdany görendigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Remezan aýynda dükanlarda arak-şerap satmaga girizilen çäklendirme hem açyk diýen ýaly bozulýar. Kanun boýunça, bu aýda ne döwlet dükanynda, ne hususy dükanda spirtli içgi satdyrylýar.

Elbetde, dükanlaryň tekjelerinde görnüp duran arak-şerap ýok, içimlik suwlar dur, emma Türkmenabatdaky hususy dükanlara baryp, islendiginden sorasaň, gizläp goýan ýerinden spirtli içgileri çykaryp berýärler diýip, Azatlyga gelen habarda aýdylýar.

Ýöne arak satýan satyjylar çilim satýanlara garanda seresap bolmaga çalyşýarlar, "çüýşäni eliňizde görkezmän çykyň" diýip tabşyrýarlar.

Saparmyrat Nyýazow döwründe ýurtdaky arak-şerap we çilim söwdasy prezidentiň ogly Myradyň we prezident goragynyň başlygy Akmyrat Rejebowyň gözegçiliginde dolandyrylýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG