Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Reňk talaby awtoulag söwdasyna ýaramaz täsir ýetirdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Internetde alnyp barylýan ulag söwdasynyň soňky bir hepde töweregi wagt bäri awtoulaglaryň reňk talaby bilen baglylykda haýallandygyny habar berýär. Garaşsyz turkmen.news neşiri Aşgabatda indi ulaglaryň aşagynyň hem reňkledilmeginiň talap edilýändigini habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen atlandyrylmazlyk şertinde gürrüňdeş bolýan telekeçiler awtoulaglar boýunça girizilen reňk talabynyň awtoulag söwdasyna ýaramaz täsir edýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda häkimiýetler indi ençeme ýyl bäri ýurtda hereket edýän awtoulaglaryň reňkiniň goýy reňkde bolmazlygyny, olaryň açyk reňkde bolmagyny, hatda ak reňkde bolmagyny talap edip gelýär.

“Reňk meselesi orta çykansoň, awtomobil bazarynda ençeme telekeçiler uly zyýan çekendigini aýdýarlar” diýip, bir Lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Awtobazardaky ulag söwdasy togtady. Türkmenistanyň Internet bazarynda indi bir hepde bäri satuwa çykarylýan ulaglar satylmaýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, mundan beýläk Lebapda ýaşyl, açyk gök, çalymtyl gara we gyzyl reňkli awtoulaglaryň hem hereketine rugsat berilmeýär.

“Awtoulag reňkleýän ussalar bahalary iki esse ýokarlandyrdy. Ozal ýeňil sedan awtoulagyny 15-20 müň manada reňkläp berýän bolsalar, häzir ulagy reňklemegiň bahasy 30-45 müň manada çenli çykdy” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli awtoulag ussahanalary ýapyk bolansoň, awtoulaglar ulag ussalarynyň howlularynda reňklenýär.

“Ussalar öz öýleriniň howlusyna getirip, maşynlara reňk sepip berýärler. Bu ýene problema” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Garaşsyz turkmen.news neşiriniň habaryna görä, Aşgabatda häkimiýetler aşagy goýy reňkli awtoulaglaryň guratlyk gözegçiliginden geçirilmejekdigini duýdurýarlar.

Neşire görä, bu talap häzirlikçe ähli awtoulaglara degişli däl, ýöne türkmen paýtagtynda uly awtoulaglaryň aşagynyň goýy reňkde bolmagy makullanmaýar.

Neşiriň çeşmelerine görä, ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärleri şeýle awtoulaglary saklap, olaryň sürüjilerinden nobatdaky guratlyk barlagyna çenli awtoulaglaryň aşak ýüzüniň reňkledilmegini tabşyrýarlar.

Mundan ozal, Türkmenistanda awtoulaglaryň radiator gözeneklerine çenli, hatda awtoulaglaryň rezin “palçyk sowujylaryna”çenli ak reňke boýatdyrmak talap edilýärdi.

Türkme kanunçylygynda ýurduň çäginde hereket edýän transport serişdeleriniň belli bir reňkde bolmagy talap edilmeýär. Ýurtda awtoulaglar boýunça girizilýän ak reňk talaby dilden görkezme esasynda ýerine ýetirilýär.

Ýurduň media serişdelerinde görkezilýän wideolarda we suratlarda Aşgabatda hereket edýän awtobuslaryň hem köplenç ak reňkdedigini görmek bolýar.

Ýurt häkimiýetleri özleriniň awtoulaglar boýunça girizýän ak reňk talaplaryny resmi beýanat bilen köpçülige düşündirmeýärler, ýöne gytaklaýyn bu talaby ýurduň yssy howa şertleri bilen delillendirmäge synanyşýarlar.

Mundan ozal, Türkmenistanda awtoulaglar boýunça başga-da talaplar güýje girizilipdi.

Ýatlasak, 2021-nji ýylyň awgustynda türkmen häkimiýetleri Germaniýada öndürilen “Mercedes” kysymly awtoulaglaryň ýurda getirilmegini resmi taýdan gadagan etdi. Şol bir wagtda, 2017-2021-nji ýyllar aralygynda öndürilen dürli kysymdaky “BMW”, şeýle-de, “Volkswagen”, “GMC”, “Chrysler” we “Tesla” kysymly awtoulaglaryň hem käbir görnüşleriniň import edilmegi gadagan edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG