Aşgabatda ak reňk mejburylygyna degişli täze talaplar peýda boldy. Şu günler kiçi we uly ýük ulaglaryň kabinasynyň, şeýle-de öndüriji tarapyndan başga reňkde göz öňünde tutulan radiator gözenekleriniň we gapdal aýnalarynyň indi ak reňkde bolmagy talap edilýär. Bu talabyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.
"Şu günler paýtagtyň köçelerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri kiçi we uly ýük ulaglary saklap, olardan ulaglarynyň kabinasyny we radiator gözeneklerini ak reňke boýamagy talap edýärler" diýip, ýük ulag sürüjileriniň biri anonimlik şertinde 5-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Bellesek, mundan öň bu talaplar diňe ýeňil awtoulaglara we awtobuslar, mikroawtobuslar, poçta ulaglary ýaly käbir döwlet edaralarynyň transport serişdelerine degişlidi.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, bu talaplar barada ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýa-da ýol gözegçilik polisiýasynyň Çoganlydaky edarasynda hiç hili bildiriş edilmändir. Polisiýa ýük ulag sürüjilerine hem bu baradaky buýrugy ýa karary görkezmeýär.
Muňa garamazdan, PÝGG-niň işgärleri birinji gezek saklanan ýük ulag sürüjilerine duýduryş bermegiň deregine 150 manat möçberinde pul jerimesini ýazýarlar.
Bu talaplar käbir döwlet edaralarynyň düzümindäki tehniki we transport serişdelerine hem degişli. Habarçymyzyň sözlerine görä, häzirki wagt ýol polisiýasy bu talabyň çäginde şäherde zibil daşaýan "MAZ" we "KAMAZ", şeýle-de tozan sorýan "Mercedes" kysymly ulaglary saklap, olara jerime ýazýar we olaryň "tehtalon" resminamalaryny alýar.
Bellesek, mundan ozal, has takygy geçen ýylyň bahar paslynda ýük ulaglaryň, şol sanda döwlet edaralaryna degişli käbir tehniki serişdeleriň daşyny ak reňke boýamak talabynyň güýje girendigi mälim bolupdy. Aşgabatdaky habarçymyz bu talaby şäheriň jemagat hojalygyna degişli edaralaryň ilkinjileriň biri bolup berjaý edendigini we mämişe reňkli ulaglaryň ählisiniň ak reňke boýalandygyny aýdypdy.
Şu ýylyň aprelinde bolsa, awtobuslar, mikroawtobuslar, ýeňil awtoulaglar, poçta ulaglary ýaly döwlet edaralarynyň transport serişdelerini we olaryň zawod tarapyndan başga reňkde öndürilen detallaryny tutuşlygyna ak reňke boýamaly edildi.
"PÝGG-niň işgärleri degişli döwlet edarasynyň ýolbaşçylaryny we baş mehanigini polisiýa bölümine çagyryp, hojalygyň balansyndaky ähli ýük awtoulaglarynyň daşky görnüşine degişli detallary gysga wagtyň içinde düzetmegi tabşyrýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşmämiz 5-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, häzirki wagt şäheriň jemagat hojalygy edarasynyň awtoduralgasyndaky ýük ulaglaryň 50%-den gowragynyň radiator gözenekleriniň we gapdal aýnalarynyň ak reňke boýalandygyny görse bolýar.
Azatlyk ýük ulaglarna degişli täze talaplar barada Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Bellesek, bu talaplar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin" diýip, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri Ataýew Wepaly Durdymuhammedowiçe berk käýinç yglan eden mahalyna gabat gelýär. Döwlet baştutany bu baradaky buýruga 3-nji noýabrda gol goýdy we "ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi" oňa soňky gezek duýdurdy. Bu kemçilikleriň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmady.
Türkmenistanda awtoulaglary ak reňke boýamak talaby ilkinji gezek 2017-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda peýda boldy. Goýy reňkli ulaglaryň sürüjilerine jerime salyndy we olar ulaglary aga boýamaga mejbur boldy. Aşgabadyň köçelerinden goýy reňkli ulaglar köpçülikleýin ewakuasiýa edildi. 2018-nji ýylda bu talap tapgyrlaýyn esasda tutuş ýurda ýaýrady.
Şondan soň ulag sürüjilerinden hususy ulaglarynyň öndüriji tarapyndan başga reňkde göz öňünde tutulan detallary üçin hem jerime salnyp başlandy, olaryň öňündäki we yzyndaky bamperlerini ak reňke boýamak talap edildi. Şeýle-de, sürüjilere ulaglardaky LED çyralary we beýleki goşmaça yşyklary ýakmak gadagan edildi.
Türkmenistanda häkimiýetler öz girizýän talaplaryny, gadagançylyklaryny ýa-da çäklendirmelerini köplenç dilden görkezme esasynda amal edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.