Aşgabat şäherinde subsidirlenen azyk harytlaryny hojalyklara paýlamak işlerinde ýene bökdençlikler emele geldi. Paýtagtyň ençeme etrapçasynyň ýaşaýjylaryna awgustyň soňky ongünlüginde paýlanmaly azyk önümleri heniz-de eltilip berilmeýär. Häkimiýetler munuň sebäplerini düşündirmän, indi subsidirlenen azyk önümleriniň aýda bir gezek paýlanjakdygyny duýdurýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.
Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlarynyň öňünde emele gelýän uly nobatlary “gizlemek” tagallalarynyň çäginde, maý aýynyň başyndan Aşgabatda subsidirlenen azyk önümlerini hojalyklara eltip bermek işlerini ýola goýdy. Bu tagallalaryň çäginde soňky aýlarda ilata azyk önümleri bir aýda üç gezek - her 10 günde bir sapar - paýlanýardy.
Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, paýtagtyň Parahat, şeýle-de 11-nji we 30-njy etrapçalarynyň ýaşaýjylary subsidirlenen önümleriň nobatdaky tapgyrynyň 30-31-nji awgustda getirilmegine garaşýardylar.
Ýöne bu çäre öz wagtynda amala aşyrylmansoň, ýaşaýjylaryň ençemesi özlerine degişli dükanlara jaň edip, munuň sebäpleri bilen gyzyklandylar.
Dükan resmileri subsidirlenen azyk önümleriniň näme sebäpden awgustyň üçünji ongünlüginde paýlanmandygyny düşündirmezden, indi bu harytlaryň aýda bir gezek eltilip beriljekdigini duýdurdylar.
"Biz azyk önümleriniň soňky gezek awgustyň 20-21-ne paýlanandygyny aýdyp, munuň sebäplerini soranymyzda, dükan resmileri özlerine iberilýän azygyň mukdarynyň azaldylýandygyny aýtdylar. Şeýle-de, olar "indi gowy bolan ýagdaýynda, size aýda bir gezek azyk paýlanar" diýdiler. Ýöne awgustyň soňky ongünlügine degişli azygyň näme üçin berilmeýändigine hiç hili jogap bermediler" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Maýsa diýlip tutulmagyny soran aşgabatly ýaşaýjy 1-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Bu aralykda, habarçymyz 1-nji awgustda giçlik paýtagtyň Gaudan etrapçasynyň ýaşaýjylaryna subsidirlenen azyk önümleriniň hatarynda berilýän towuk buduna derek bir sany kiçi towugyň paýlanandygyny habar berdi.
"Towugyň reňki göm-gök bolup, ony iýer ýaly däl eken" diýip, sebitiň ýaşaýjysy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.
Bellesek, Türkmenistanda azygyň çäkli görnüşlerinden we sanyndan ybarat iýmit paýyna girýän önümler - towuk budy, ösümlik ýagy, şeker we ýumurtga - subsidirlenen bahadan satylýar. Bu önümler hususyýetçilerde iki-üç esse gymmat nyrhdan bahalanýar.
Azatlygyň habarçylary öýlere haryt paýlamakdaky bökdençlikler, şol sanda olaryň kadasyz ýygylygy barada ençeme gezek habar berdiler.
Häkimiýetler ilkibaşda hepdede bir gezek iýmit paýlanylmagyny ýola goýmaga synanyşdylar. Ýöne ýerli ýaşaýjylar maý we iýun aýlarynyň dowamynda paýtagtyň köp etrabynda bary-ýogy iki gezek azyk paýlanandygyny aýdypdylar.
Bu aralykda, Aşgabatda subsidirlenen azyk harytlaryny hojalyklara paýlamak işlerinde ýene bökdençlikleriň emele gelendigi barada turkmen.news neşiri hem habar berýär.
"Meniň maşgalama ösümlik ýagy diňe bir hepdä ýetýär. Indi aýda bir gezek paýlansa, nädip ýaşamaly?" diýip, garaşsyz neşir özüniň 2-nji awgustda çap eden maglumatynda aşgabatly ýaşaýjynyň sözlerini sitirleýär.
Bellesek, ýurt raýatlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan nobatdaky azyk ýeter-ýetmezçiligi Türkmenistanyň daşary döwletlere, has takygy Owganystana ynsanperwer kömegini iberen mahalyna gabat geldi.
Mundan ozal, 13-nji awgustda Berdimuhamedow Türkiýä ynsanperwer kömegini ibermek baradaky karara gol çekipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.