Türkmenistanda azyk gymmatçylygy we ýeter-ýetmezçiligi saklanyp galýan mahaly, çörek nobatlaryndaky adamlaryň arasynda ýakalaşyklaryň döremegi dowam edýär. Aşgabadyň häkimiýetleri bu problemany çörekleri polisiýanyň gözegçiliginde satmak esasynda çözmäge synanyşýan mahaly, munuň düýpli çözgütlerini hem gözleýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.
Habarçymyzyň sözlerine görä, 24-nji awgustda irden sagat 5-de paýtagtyň Magtymguly köçesindäki 16-njy dükanda, Kemine köçesindäki 32-nji dükanda we Hojow Annadurdyýew köçesindäki 8-nji dükanda çörek satuwa çykaryldy.
Ýöne adatça bolşy ýaly nobata duran adamlaryň sany bu döwlet dükanlaryna getirilen çöregiň mukdaryndan aşa köpdügi sebäpli, çörek nobata duran ýaşaýjylaryň ählisine ýetmedi. Bu ýagdaý ilatyň arasynda ýakalaşygyň döremegine getirdi.
"Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli 8-nji dükanyň öňünde nobata duran zenanlar çörek üstünde ýakalaşdylar. Yzda duranlar çörek ýetmejegini bilip, öňe dyzadylar we biz gije sagat 3-de gelip nobat belledik diýdiler. Nobat iki topara bölündi we ikitaraplaýyn dawa döredi. Dogumlyrak topar öňe girip, çörek aldy, beýleki topar boş gaýtdy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran, waka şaýat bolan ýerli ýaşaýjy 24-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.
Häkimiýetler soňky hepdelerde ýygjamlaşan ýakalaşyklary çörekleri bir-iki polisiýanyň gözegçiliginde satmak esasynda çözmäge synanyşýarlar. Ýöne bu hem netije bermeýär.
Şol sebäpli häzirki wagtda häkimiýetler, dükan resmisiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, çöregi ýakalaşyksyz we sessiz paýlamagyň usullaryny oýlap tapmagyň üstünde işleýärler.
"Esasy wariantlaryň biri: çöregi subsidirlenen azyk önümleriniň hataryna goşup satmak. Ýöne bu ýerde esasy mesele - çöregi beýleki subsidirlenen azyk önümleri ýaly 10 günde bir gezek paýlap bolmaz. Häzir häkimiýetler düýpli çözgüt tapmagyň üstünde maslahat edýärler" diýip, dükan resmisi aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden we agzalan dükanlardan goşmaça maglumat alyp bilmedi.
Bellesek, bu çörek ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda, türkmen häkimiýetleri geçen ýyllardaky ýaly şu ýyl hem ýurt boýunça 1 million 400 müň tonna galla hasylynyň ýygnalandygyny aýdyp, bugdaý plan borçnamasynyň doly ýerine ýetirilendigi yglan etdiler.
Bu aralykda, habarçymyz subsidirlenen azyk önümlerini her 10 günde bir gezek öýlere paýlamak çäresiniň hem dowam edýändigini aýdyp, şu gezek ýaşaýjylara iki towuk buduna derek iki ýarym towuk budunyň paýlanandygyny hem belledi.
Türkmenistanda azygyň çäkli görnüşlerinden we sanyndan ybarat iýmit paýyna girýän önümler subsidirlenen bahadan satylýar. Bu önümleriň düzümine towuk budy, ösümlik ýagy, şeker, un we ýumurtga ýaly harytlar girýär. Şeýle-de, bazarlarda 5-10 manat aralygynda bahalanýan çörek önümleri döwlet dükanlarynda 60-80 teňňeden satylýar.
Subsidirilenen azyk önümleriniň hatarynda 1 kilogram şeker 9 manatdan, 1 litr ösümlik ýagy 19 manatdan we 1 kilogram towuk budy 16 manatdan satylýar. 24-nji awgustda hususyýetçilerde bu harytlar degişlilikde 23, 60-65 we 50 manatdan bahalanýar.
Türkmenistanda dört ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, hususy dükanlarda azyk we beýleki harytlar yzygiderli gymmatlaýar. Bu ýagdaýlar köp maşgalalary subsidirlenen önümlere, şeýle-de döwlet dükanlarynda satylýan çörege garaşly goýýar.
Bu önümleriň satuwa çykarylýan mukdary adatça olara isleg bildirýän raýatlaryň talabyndan has az bolýar. Bu bolsa olary satyn almak isleýän raýatlaryň arasynda wagtal-wagtal dawa-jenjelleriň, ýakalaşyklaryň döremegine getirýär.
Türkmen häkimiýetleri bu nobatlary we dawa-jenjelleri ýaşyrmaga synanyşýarlar, ýöne ýurtda emele gelen azyk gymmatçylygy we ýeter-ýetmezçiligi, bularyň sebäpleri hem-de ilata ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtman gelýärler.
Beýleki tarapdan, ýurtdaky azyk ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda Türkmenistan Russiýa eksport eden gök-bakja we miwe önümleriniň möçberini bu ýyl 93% artdyrdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.