Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iýmit ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda, Türkmenistan Russiýa azyk eksportyny 93% artdyrdy


Tamdyr çöregini satyn almak üçin nobata duran adamlar. Illýustrasiýa suraty
Tamdyr çöregini satyn almak üçin nobata duran adamlar. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ilatyň çörek ýetmezçiligi bilen bagly problemalar saklanyp galýar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda çörek satylýan dükan indi iki aý bäri ýapyklygyna galýan mahaly, beýleki döwlet dükanynda ilata çäkli möçberde çörek satylýar. Ýaşaýjylar döwletiň subsidirlenen azyk önümleriniň möçberiniň hem azdygyndan şikaýat edýärler. Ýurtdaky azyk ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda Türkmenistan Russiýa miweleriň we gök önümleriň eksportyny 93% artdyrdy. Şol bir wagtda, ýurtda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändigini öňe sürýän türkmen häkimiýetleri Türkiýeden 10 müň tonna alma import etdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň Ahaldaky habarçysy, ýarym-resmi "Biznes Türkmenistan" neşiri we türk metbugat serişdeleri maglumat berýär.

Habarçymyzyň sözlerine görä, Bäherdende Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli çörek dükany indi iki aý bäri ýapyk bolup, onda ilata çörek satylmaýar.

Degişli resmiler tarapyndan munuň sebäpleri düşündirilmeýän mahaly, häzirki wagtda ýerli ilat sebitde hereket edýän tas ýeke-täk döwlet dükany - Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli - söwda nokadyndan çörek satyn alyp bilýärler.

Ýöne bu dükanda-da günüň dowamynda diňe 240 sany çörek satuwa çykarylýar. Habarçymyz etrapda müňlerçe adamyň ýaşaýandygyny aýdyp, her gün "bagty çüwen" ujypsyz sandaky bäherdenlä "çörek nesip edýändigini" belleýär.

"Bu çöregiň bahasy 60 teňňe. Çörek ýetmedik hojalyklar 5-7 manatdan tamdyrda bişen çöregi satyn almaga mejbur bolýar. Ýaşaýjylaryň aglabasy 50 kilogramdan ybarat bir halta uny 580-600 manatdan satyn alyp, öz hojalyklarynda çörek bişirýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy 19-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Şu ýyl Türkmenistanda 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna galla hasylynyň ýygnalandygy aýdylyp, bugdaý plan borçnamasynyň doly ýerine ýetirilendigi yglan edildi.

Ýöne ýerli synçylar ýurtda dowam edýän çörek we un ýeter-ýetmezçiligini nazara alyp, türkmen häkimiýetleriniň yglan eden bu sanlaryna şübheli bildirýärler.

Şeýle-de, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi döwlet dükanynyň işgärleriniň ilata her 10 günde bir gezek subsidirlenen azyk önümlerini paýlaýandygyny hem gürrüň berdi.

Ýöne olar bu önümleriň maşgalada näçe adamyň bardygyna garamazdan, ähli hojalyklara deň möçberde paýlanýandygyny aýdyp, bularyň möçberiniň azdygyndan şikaýat edýärler.

"Maşgalada bäş ýa-da on adam bolsun tapawudy ýok, bir sany ösümlik ýagyny, iki sany towuk buduny we bir kilogram tüwi paýlaýarlar. Olar bular üçin jemi 65 manat alýarlar. Şonuň 8 manady ýol hyzmatlary üçin tutulýar. Iki sany towuk buduny 10 adamdan ybart maşgala 10 güne ýetirmeli. Bu hiç zat bolmaýar ahyryn" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda azygyň çäkli görnüşlerinden we sanyndan ybarat iýmit paýyna girýän önümler subsidirlenen bahadan satylýar. Bu önümleriň düzümine towuk budy, ösümlik ýagy, şeker, un we ýumurtga ýaly harytlar girýär.

Türkmenistanda dört ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, hususy dükanlarda azyk we beýleki harytlar yzygiderli gymmatlaýar. Bu ýagdaýlar köp maşgalalary subsidirlenen önümlere garaşly goýýar.

Bu aralykda, ýurtdaky azyk ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda Türkmenistan Russiýa miweleriň we gök önümleriň eksportyny 93% artdyrdy.

Ýarym-resmi "Biznes Türkmenistan" neşiriniň 17-nji awgustda çap eden maglumatyna görä, şu ýylyň ýanwar aýyndan 10-njy awgusta çenli Türkmenistandan Russiýa 32 müň 700 tonna miwe we gök önümleri eksport edildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründe 16 müň 900 tonna deňdi.

Beýleki tarapdan, ýurtda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändigini öňe sürýän Türkmenistan şu ýyl Türkiýeden 10 müň tonna alma import etdi. Bu barada Türkiýäniň "haberler.com" neşiri 19-njy awgustda habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG