Çilim söwdasynyň täze kadalary onuň döwlet monopoliýasynyň doly güýjünde galýandygyny, diýmek çilimiň polisiýa gözegçiliginde, dawa-jenjelli nobatlarda, belki-de öňküleri ýaly döwlet dükanlaryndan lomaý alnyp, hususy dükanlarda gymmat bahadan, gutulap däl, hatda bir, iki çilimden hem satylmagynyň dowam etjekdigini aňladýar.
Geçen aýyň aýagynda, şu aýyň başynda gowşan maglumatlar çilim söwdasynda bäş ýyl mundan ozal başlanan 'gowgalaryň" birjik-de gowşaman, barha möwç alýandygyny, kähalatda bolsa bu ýagdaýyň raýatlaryň nobatlara gözegçilik edýän polisiýanyň eden-etdiliklerine garşy bileleşmeklerine, bir-birine raýdaşlyk bildirmegine hem getirýändigini görkezdi.
Mälim bolşy ýaly, çilim söwdasynda dörän korrupsiýadan diňe olaryň arzan bahasyndan uly peýda görüp bilýän emeldarlar däl, işsiz, çagalaryny ekläp bilmeýän we nobata durup alan çilimini satyp, çörek puly gazanjak bolýan aýallar hem peýda görmäge çalyşýar. Habarçylarymyz golaýda Maryda polisiýa tarapyndan nobatdan kowlan naçarlaryň birine adamlaryň nähili raýdaşlyk bildirendigini habar berdiler.
Türkmenistandaky çilim çäklendirmeleri ýurt 2011-nji ýylda Bütindünýä saglyk guramasynyň Temmäkä garşy göreş konwensiýasyna goşulandan soň başlandy.
Şondan öň ýurtda giň ýaýran neşekeşlige, tirýek we geroin söwdasyna garşy göreş yglan edildi, neşe gaçakçylygynda tutulan adamlary uzaga çekmän günä geçişe düşürmek praktikasy togtadyldy. Şol bir wagtda, ýurtda tutulýan neşe maddalarynyň umumy möçberi, olaryň esasan nirelerden we nähili getirilýändigi, neşe maddalaryna garaşly adamlaryň sany aýdylmaýar.
Gowuşýan maglumatlardan görnüşine görä, Türkmenistanda çilim söwdasy barha çuňlaşýan uly problema, şonuň bilen bir wagtda-da has netijeli korrupsiýa guralyna öwrülip, 2016-njy ýyldan aňyrdaky arak-şerap we çilim korrupsiýasyny 'toýlaýmaly etdi' diýip, ýerli synçylar aýdýar.
Döwlet baştutanynyň karary esasynda emeli döredilen çilim gytçylygy we gymmatçylygy, wagtal-wagtal döwlet dükanlarynda az möçberde satylandan soň hususy dükanlarda has gymmat bahadan peýda bolýan temmäki önümleri çilime garaşly adamlaryň saglygyna-da, maşgala býujetine hem uly agram salýar diýip, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly saglyk hünärmeni aýtdy.
Emma täze söwda kadalarynda, ozalky kararlarda hem bellenişi ýaly, çilim söwdasy babatdaky düzgünleşdirmeler ilatyň jan saglygyny goramak hukdaý nazaryndan düşündirilýär.
Has anygy, ýurtda hili boýunça we gigiýeniki kadalary, ýagny bir çilimiň tüssesinde bar bolan şepbigiň, nikotiniň we uglerodyň monooksidi we beýleki zyýanly maddalary boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýän kanunda göz öňünde tutulan belgilemeleri bolan temmäki önümleriniň ýerlenilmegine rugsat berilýär
Mundan başga, temmäki önümlerini hiç bir görnüşde mahabatlandyrmaga rugsat berilmeýär, onuň söwdasy jemgyýetçilik ýerlerinde, şol sanda internet arkaly, awtomatiki söwda enjamlarynda amala aşyrylyp bilinmez.
Resmi metbugatda Türkmenistanyň dünýäde temmäkiden azat bolan ýurtlaryň sanawynyň öňüni çekýändigi, 2019-njy ýyldaky görkezijiler boýunça, ýurduň ilatynyň diňe 3,4%-iniň temmäki önümlerini ulanýandygy aýdylýar.
Emma synçylar çilim nobatlarynda 'jan alyp, bermäge taýýar' adamlaryň azalmaýandygyny, ýurtda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ulanylmagy üçin sosial problemalaryň çözülmelididini, ýaramaz endiklerden ejir çekýän adamlara, işsizleriň maşgalalaryna kömek berilmelidigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.https://rus.azathabar.com/a/31379313.html