Türkmenistanyň çaga dogrulýan öýlerinde täze doglan çagalaryň kanun taýdan resmileşdirilmezden üçünji taraplara para-peşgeş esasynda ogullyk berilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Esasan enesi tarapyndan ýüz öwrülen çagalar ogullyk berilýär diýip, bir welaýat saglygy goraýyş bölümindäki çeşme aýdýar. Türkmenistanyň Maşgala kodeksine salgylanyp, çeşme bu ýerde “adaty çaga gaçakçylygy” barada gürrüň barýandygyny hem-de bu işlere ýerli administrasiýalaryň we çaga dogrulýan öýleriň ýolbaşçylarynyň baş goşýandygyny aýdýar. Azatlygyň habarçysyna ýaňy-ýakynda bir welaýat çaga dogrulýan hassahanasynyň baş lukmanyna 15 müň manat berip, täze doglan çagany ogullyk edinen bir maşgala bilen gürrüňdeş bolmak başartdy.
Azatlygyň bir welaýat saglygy goraýyş bölümindäki çeşmesi täze doglan çagalaryň gaçakçylygy barada 2020-nji ýylyň ahyrlarynda gürrüň beripdi. Çeşmäniň ygtybarly maglumatlaryna garamazdan, Azatlygyň redaksiýasy şonda bu barada habar bermekden saklandy, çünki şeýle ýagdaýlaryň sistematik häsiýete eýedigi barada bizde başga subutnama ýokdy.
Iýunyň başynda Azatlygyň habarçysy başga bir sebitde welaýat çaga dogrulýan hassahanasynyň baş lukmanyna 15 müň manat pul töläp, täze doglan çagany ogullyk edinen bir maşgala bilen gürrüňdeş bolmagy başardy.
Azatlyk öz gürrüňdeşleriniň gizlinligini we howpsuzlygyny göz öňünde tutup, olaryň atlaryny, hatda ýaşaýan ýerlerini mälim etmekden saklanýar.
Çeşmäniň hem-de ýaş ene-atalaryň ynanjyna görä, çagany ogullyk edinmegiň aýby ýok, sebäbi şeýle ýagdaýda çaga ýetim galmaýar we mähir bilen gurşalan maşgalada önüp ösýär. Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeşlikde olar çaga gaçakçylygyny adatylaşdyran emeldarlaryň hereketini ýazgardylar.
“Biz öz çagamyzy edil özümiziňki ýaly söýýäris. Biz muňa gaty köp garaşdyk we bu biziň durmuşymyzyň iň bagtly pursaty boldy. Elbetde, biz ähli zatlaryň kanuny edilmegini isleýärdik, ýöne bizde pul bermekden başga çykalga ýokdy. Ýöne biz çagamyzy satyn alnan hasaplamaýarys. Ol biziň öz balamyz” diýip, 30 ýaşly Arzygül (ady üýtgedildi) gürrüň berdi.
Onuň adamsy Döwlet (ady üýtgedildi) Arzygülden iki ýaş uly. Olar 2013-nji ýylda durmuş gurdular, ýöne jübütleriň biriniň saglyk ýagdaýy sebäpli, ýedi ýyllap çaga galmandyr.
“Ogullyk edinmek barada biz üç ýyl mundan ozal karar aldyk. Biz häkimlige we etrabyň Raýat ýagdaýlarynyň nama ýazgylary (RÝNÝ) edarasyna ýüz tutduk. Biz zerur bolan ähli resminamalary taýýarladyk we munuň üçin bir topar para berdik. Biz baý maşgaladan däl, ýöne biz hemme zada taýýardyk. Biz hemme zada para bermelidigini bilýärdik, şonuň üçinem pul topladyk. Ýöne RÝNÝ-de biziň meselämizi süýndürýärdiler, meniň ýoldaaşym işsiz bolansoň we maşgalany ýeke özümiň ekleýändigim üçin hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň biziň haýyşymyza garamagynyň köp wagt alýandygyny aýdýardylar” diýip, Döwlet aýdýar.
2020-nji ýylyň güýzünde Döwlet nobatdaky gezek etrap RÝNÝ edarasyna sapar edeninde, jogapkär işgärleriň biri ony ogullyk edinmegiň aňsat täri bilen tanyş etdi. Şol bir wagtyň özünde, RÝNÝ edarasynyň işgäri Döwletiň maşgalasyna täze doglan çagany ogullyk edinmegiň mümkindigini we olaryň “çagany bäbeklikden terbiýelemegiň bagtýarlygyna eýe bolup biljekdiklerini” gürrüň berdi.
“Men ozal çaga dogrulýan öýde ylalaşyp, çagalaryň ogullyk alynýandyklary barada eşidipdim. Ýöne mende tanyş ýokdy, üstesine-de munuň bahasy öte ýokarydy. RÝNÝ edarasynyň işgäri bolsa, çaga dogrulýan hassahanadaky bir lukmanyň adyny berdi, onuň kömek edip biljekdigini aýtdy we munuň gaty gymmada düşmejekdigini gürrüň berdi” diýip, Döwlet ýatlaýar.
Ol öýüne baryp, Arzygül bilen gepleşdi. Köpden bäri netijesiz garaşan Arzygül bu teklibe “iki elläp” ýapyşdy.
“Ýüz öwrülen çaga ýetimler öýüne düşeninden, ony ogullyk almagyň aýby ýok, ahbetin” diýip, Arzygül aýtdy.
Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 108-nji maddasyna laýyklykda, ogullyk edinmek isleýän adamlar degişli arza bilen ýaşaýan ýeriniň häkimligine ýüz tutmaly. Soňra bu işe hossarlyk we howandarlyk hem-de RÝNÝ edaralary garaýar. Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, çaga dogrulýan öýleriň işgärleri çagalaryň ogullyk berilmegine goşulyp bilmeýär diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar. Welaýat saglygy goraýyş bölüminiň bir işgäri şu ýylyň başynda Azatlyk bilen söhbetdeşlikde, bu ýerde “adaty çaga gaçakçylygy barada gürrüň barýar” diýdi.
“Bu bir çaga söwdasy. Olar muny yzygiderli ýola goýdular. Bir çaganyň bahasy birnäçe ýüz müň manada çenli çykyp bilýär. Türkmenistanda ogullyk edinmek prosesi gaty kyn, çagany ogullyk alýan adamlar para-peşgeş bilen bagly köp çykdajy etmeli bolýarlar. Onlarça edara aýlanmaly we olaryň ählisine-de para bermeli. Adamlar mesele çözülýänçä ýyllap garaşmaly bolýarlar. Galyberse-de, ýetimler öýlerinde uly ýaşly çagalary ogullyga teklip edýärler. Çagasy bolmadyk barlykly maşgalalar gundagdaky çagany ogullyk almak üçin we ony bäbeklikden öz çagalary ýaly ösdürip ýetişdirmek üçin islendik möçberde pul tölemäge kaýyl” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.
Azatlyk geçen ýyl Lebap welaýatynda ýerli ýetimler öýlerinden ogullyk çaga edinmäge synanyşýan maşgalalaryň, zerur resminamalaryň bardygyna garamazdan, köp wagtlap garaşmaly bolýandyklary barada habar berdi.
“Eger soralýan puly gep-gürrüňsiz töleseň, gysga wagtyň içinde çagany ogullyk alyp bolýar. Çaga dünýä inende, adatça ogullyga almak üçin ähli resminamalar eýýäm taýýar, sebäbi ähli ýerlerde hemme zat öňünden ylalaşylýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýdýar.
Onuň sözlerine görä, soňky ýyllarda çaga dogurýan eneleriň öz çagalaryndan ýüz öwürýän halatlary köpelýär, bu bolsa çaga dogrulýan öýlerde ýerli administrasiýalardaky emeldarlar bilen ylalaşyp, işleýän jogapkär adamlar üçin girdeji çeşmesine öwrülýär.
“Täze dogulýan çagalardan köplenç göwreli galan we abort etdirip bilmedik ärsiz ýaş aýallar ýüz öwürýär. Türkmenistanda ýörite toparyň rugsady bolmazdan abort etdirmek kyn. Şeýle ýagdaýda bu aýallar dogan-garyndaşlarynyň talaby bilen, ýa-da özleri başga sebitlere gidýärler we eýýäm çaga dogrulýan hassahanada çagadan ýüz öwürýärler. Ýöne çaga dogrulýan hassahanalaryň lukmanlarynyň emeli enelik hyzmatyny hödürleýän halatlary hem bolýar, emma bu gymmat we diňe barlykly maşgalalara elýeterli” diýip, çeşme aýtdy.
Ol öz sebitinde ogullyk edinmek isleýän adamlaryň welaýat çaga dogrulýan hassahanasyndaky jogapkär işgärlere öňünden ýüz tutýandyklaryny we nobata ýazylmak üçin öňünden paranyň belli bir möçberini töleýändiklerini aýdýar.
“Paranyň möçberi onlarça müň manatdan ýüzlerçe müň manada çenli çykýar. Eger-de, meselem, ogullyk edinmek isleýän adamlar çagany gysga wagtyň içinde almak isleseler, onda laýyk dalaşgär peýda bolan badyna lukman olara jaň edip, habar berer ýaly, paranyň ep-esli bölegini öňünden berýärler. Sebäbi, köplenç çagadan ýüz öwürmegi planlaşdyrýan aýallar lukmanlara öňünden ýüz tutýarlar. Şeýle ýagdaýda lukmanlar heniz dünýä inmedik çaganyň hem söwdasyny edýärler. Galyberse-de, çaganyň biologik ene-atasy diri bolsa, çaganyň ogullyk alynmagy olaryň razylygy bilen amala aşyrylmalydyr. Ýöne ogullyk edinmek isleýän adamlaryň köpüsi çaganyň enesi bilen tanyşmak islemeýär. Muny hem goşmaça töleg bilen aňsat düzedip bolýar” diýip, çeşme aýdýar.
Arzygül bilen Döwlet welaýatyň çaga dogrulýan hassahanasyndan täze doglan çagany gysga wagtyň içinde ogullyk almak üçin 15 müň manat töläpdirler. Ýöne olar Türkmenistanda müňlerçe maşgala ýetim çagalary ogullyk edinmäge taýýar wagty, çaga söwdasynyň edilmegini jenaýat we ahlaksyzlyk hasaplaýandyklaryny aýdýarlar, ýöne özleriniň şeýle usul bilen ogullyk edinendiklerine ökünmeýändiklerini aýdýarlar.
“Bize ýene-de şeýle hereket ederdik. Elbetde, 15 müň manat biziň üçin köp pul. Biz bu pula zerur azyk harytlaryny satyn alyp bilerdik, meselem çaga iýmitiniň bir gutusy 200 manat. Ýöne, şonda-da, ene-ata bolmak bagtyna ýetmek üçin garaşylan ýyllary pul bilen deňeşdirip bolmaýar” diýip, Döwlet aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň Saglyk ministrliginden hem-de gürrüňdeşlerimiziň aýdýan welaýatynyň häkimliginden we çaga dogrulýan öýünden kommentariýa almak üçin eden dowamly synanyşyklary netije bermedi.
Türkmenistanda ýetim çagalaryň sany barada resmi maglumat ýok, ýöne ýagdaýdan habarly çeşmeler olaryň sanynyň 10 müňden az däldigini aýdýarlar. Türkmenistanda 2016-njy ýyldan bäri dowam edýän ykdysady krizis çagalar öýünde terbiýelenýän çagalaryň durmuşyna-da täsir etdi. Azatlyk çagalar öýünde üpjünçiligiň gözgyny ýagdaýy barada, bu problemany çözmek üçin ýerli häkimiýetleriň hususy telekeçilerden pul ýygnaýandygy barada yzygiderli habar berýär.
Şu ýylyň martynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýetim çagalar üçin öz adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň döredilýändigini yglan etdi. Munuň edil yz ýany, prezidentiň adyny göterýän ýetimler gaznasy üçin pul ýygnalýandygy barada habarlar gelip gowuşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.