Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizis, işsizlik we aýlyk gazançlarynyň, zähmete tölenýän tölegleriň ýaşaýyş zerurlyklarynda has az bolmagy netijesinde garyp düşen maşgalalar barha kän oňaýsyzlyga sezewar bolýar, öz çagalaryny ekläp bilmeýän ene-atalar köpelýär diýip, Azatlygyň ýerlerdäki habarçylary habar berýär.
Bu ýagdaý ýurduň iň gür ilatly sebiti bolan Maryda hem täzelik däl.
Mundan öň Azatlyk sebitde dilegçileriň, şol sanda köne eşikli adamlaryň garşysyna alnyp barylýan göreş, toýlara we sadakalara ähli çagasyny alyp gelýän ene-atalaryň köpelişi we gurak gelen ýyl başynda meýdanda hem işikde açlykdan ölýän mallar hakynda habar beripdi. Emma häkimiýetler bu habarlara hiç bir reaksiýa bildirmediler.
"Soňky döwürde öz çagalaryny ekläp bilmeýän ene-atalar köpeldi, olar çagalaryny kömekçi internatlara ýerleşdirýärler" diýip, sebitdäki habarçymyz hepde başynda habar berdi.
Şeýle okuw jaýlarynyň biri hem Mary şäheriniň Parahatçylyk köçesinde ýerleşýän 3-nji kömekçi internat bolup, soňky döwürde oňa getirilýän çagalaryň sanynyň aşa köpelendigi mälim boldy.
"Bu ýere ýerleşdirilýän çagalaryň sany gaty kän, krowatlarda bir däl, iki çagadan ýatyrýarlar" diýip, syzyp çykan maglumatda aýdylýar.
Eger baryp, mekdep-internady daşyndan synlasaň, onuň bu golaýda hiç hili bejeriş, abatlaýyş görmändigini görse bolýar. Binanyň daşky görnüşi gözgyny, fundamenti, ýagny diwarlaryň aşagyndaky binýady ýitip giden, geçen asyryň ortalarynda gurlan okuw jaýynyň penjireleri, gapylary hem gaty könelipdir diýip, habarçy aýtdy.
Internatda çagalara berilýän nahar, azyk-suwlyk ýagdaýy hem öwerlik däl. Ýagdaýy gowy bilýän adamlaryň sözlerine görä, goýberilýän azyk önümleriniň düzüminde çagalara zerur bolan witaminler juda az we, neresse çagalar köplenç 'çorbanyň çorbasyny' ýatladýan suwly naharlar bilen oňmaly bolýarlar.
Et aýda bir gezek we gaty çäkli möçberde goýberilýär, ýöne beýleki önümler, şol sanda kartoşka, şugundyr, sogan, kelem hem ýeterlik goýberilmeýär. Munuň üstesine, çagalar üçin goýberilýän gök önümleriň hili hem pes, olar köplenç iki gün geçmänkä zaýalanyp, porsap başlaýar.
Ikinji tarapdan, ýurtda giň ýaýran korrupsiýa mekdep-internatdan hem sowlup geçmeýär, bu ýerde hem çagalara goýberilýän azyk önümlerini ogurlaýan, eline ilen zady öz öýlerine alyp gaýdýan işgärler bar diýip, habarçy bilen gürleşen çeşme aýtdy.
"Diňe döwletiň goýberen azyk önümlerini däl, eýsem, sadaka diýlip getirilen azyk önümlerini hem hemişe çagalara doly bermeýärler, olary aç çagalaryň agzyndan kesip, öz öýlerine alyp gaýdýarlar" diýip, ýagdaýy bilýän çeşme aýtdy.
Ozal öz öýlerinde aç bolan, soň mekdep-internata gelende hem doýa garny doýmadyk, süýji tagamly naharlara, konditer önümlerine uzak wagt zar bolan çagalaryň gözleri gamgyn, ýüzleri soluk, eginleri gysyk diýip, bu çagalaryň ýagdaýlaryny bilýän adamlar habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdylar.
Şeýle-de, hem gündelik azyk-suwluga, hem mähre mätäç çagalar bu ýerde daşlaryny gurşap alan adamlaryň her dürli kemsitmelerine hem sezewar bolýar; egin-başlary gaty könelen, bu golaýda ýuwulmadyk, juda gözgyny ýagdaýda saklanýan çagalary göreňde, 1990-91-nji ýyllarda görlen ýeter-ýetmezçilik göz öňüňe gelýär diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
Şu aralykda Bütindünýä saglyk guramasy 2015-2017-nji ýyllarda ýygnalan maglumatlar esasynda hasabat çap edip, Türkmenistanda we sebitiň beýleki ýurtlarynda çagalaryň arasyndaky semizligiň "örän pes derejesi" baradahabar berdi. Guramanyň maglumatyna görä, Türkmenistanda çagalaryň bary-ýogy 12 prosente golaýy "artykmaç agramdan" ejir çekse, semizlikden kösenýänler 5 prosente hem ýetmeýär.
Sowet döwründe hem çagalaryň, eneleriň kadaly naharlanmagynda uly ilerleme gazanyp bilmedik ýurtda soňky üç ýylda açlygyň göni manysyndaky problema öwrülendigi habar berilýär, emma resmi Aşgabat bu hili habarlara anyk düşündiriş bermän, uly ösüş sanlaryny çap etmegi dowam etdirýär we beýleki ýurtlara, şol sanda ýüz milliondan gowrak mekdep okuwçysyna günde mugt nahar berýän Hindistana ynsanperwer kömegini iberýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.