Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly sürüjiler prezidenti ‘özüni aldap, özi begenýän adam’ atlandyrýar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow balkanly sürüji Eziz Çalow bilen sanly ulgam arkaly söhbetdeşlik edýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow balkanly sürüji Eziz Çalow bilen sanly ulgam arkaly söhbetdeşlik edýär.

Berdimuhamedow balkanly sürüji bilen gürleşip, “KAMAZ” awtoulagynyň 'ýük göterijiliginiň örän ygtybarlydygyny, berkdigini we ýerli howa şertlerine çydamlydygyny' anyklanyndan soň, bu ulaglaryň geljekde hem satyn alynjakdygyny aýtdy. Maryda ol awtoulaglar üçin öňünden 4000 manat 'şapka' soralýar.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Mary sebitindäki sürüjileriniň birnäçesi Azatlygyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeş bolup, döwlet baştutanynyň balkanly sürüji Eziz Çalow bilen sanly ulgam arkaly eden gürrüňlerini sorag astyna aldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji iýunda sanly ulgam arklay geçiren iş maslahatynyň dowamynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Balkan awtoulaglar önümçilik birleşiginiň Serdar etrabyndaky sürüjisi bilen söhbetdeş bolup, onuň 2000 müň manatdan gowrak aýlyk alýandygyny anyklady.

Balkanly sürüji Eziz Çalow
Balkanly sürüji Eziz Çalow

“Bu prezident öz-özüni aldap, göwni hoş bolýana meňzeýär, bizde onuň ýaly göni efir edip boljak internet barmy?” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 40 ýaşlaryndaky sürüji öz pikirini sebitlerde internetiň gowy işlemeýändigi bilen delillendirmäge synandy.

Onuň sözlerine görä, “Altyn asyr” kompaniýasynyň hödürleýän mobil aragatnaşyk hyzmatlarynda “internet umuman işlänok”, “imo messenjerinde bir zat ýazsaň, ertesi gidýär, surat umuman açanok, wideo nädip açsyn?”

“Biz daşary ýurtlardaky hossarlarymyz bilen gürleşjek bolsak, WiFi bar ýerinde gepleşýäris, ýöne bu ýagdaýda hem wideo doňup işleýär. Daşarda galan hossarlarymyz ‘internetiňiz gowy däl öýdýän’ diýýärler. Sebäbi wideo şekilli gepleşemizde surat doňup galýar” diýip, bu ýagdaýy ikinji sürüji hem tassyk etdi.

“Bu prezident kimi aldaýar? Ol bizi aldap bilmeýär, sebäbi biz hemme zady bilýäris, ol diňe özüni aldaýar” diýip, Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen maryly sürüjiler türkmen telewideniýesinde aýdylýan zatlaryň adamlarda diňe gülki we gynanç döredýändigini hem belläp geçdiler.

“Ol özüni aldap, özi begenýän adama meňzeýär. Öňem bir ogry bolupdyr, ogurlamaga zat tapmadyk güni ukusy tutman, soň öz telpegini ogurlan bolup uklapdyr diýip eşiderdik. Bu prezident hem şoň ýaly, ýalan sözlemese, ýatyp bilmeýän adama meňzeýär” diýip, 55 ýaşlaryndaky sürüji aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Marydaky işgärleriniň arasynda zähmet haky 1000 manada ýetýän bir sürüji hem ýok.

“Telewizorda bugdaý daşaýan sürüjiniň aýlygy 2000 manatdan geçýär diýip aýtdylar, emma biz aýda 1000 manat gazanmak üçin esasy işimiziň daşyndan, eger tapsak, kerpiç çekýäris, gum çekýäris, ot çekýäris, ders daşaýarys, mal getirip, mal äkidýäris, tapmasak, olam ýok” diýip, sürüji sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk bilen gürleşen sürüjiler awtoulaglarynyň könedigini, köp döwülýändigini, ätiýaç şaýlarynyň tapylmaýandygyny ýa gaty gymmatdygyny, olary öz hasaplaryna satyn almaly bolýandygyny, “KAMAZ” awtoulagynyň bolsa öz edalarynda asla ýokdugyny gürrüň berdiler.

“Hökümet biziň ulaglarymyz üçin ber gezek hem täze teker alyp berip görenok, özümiz köneräk, amatlyragyny gözläp, satyn alýarys... Täze “Kamaz” gelmeli diýip aýtdylar, haçan geljegi näbelli. Ýöne geleni bilenem, ýolbaşçylardan sorasaň, üstüne bermeli şapkasy bar, öňünden berip goýmaly diýýärler. Ol şapka diýilýän para az-küş däl, 4000 manat” diýip, sürüjiler täze awtoulag almagyň her sürüjä başartjak iş däldigini hem gürrüň berdiler.

Emma muňa garamazdan, aýdylmagyna görä, bergi-borç edip, 4000 manat para beren we entek gelmedik awtoulagyň “bergisini” çagyl daşap üzjek bolup ýören sürüji hem az däl.

“Täze maşyn gelse-de, näçesiniň geljegi belli däl. Başlyklar bolsa, ‘bu ýyl bolmasa, indiki ýyl geler-laý’ diýip, kim para berse, alyp otyr. Ulag ýetmese, puluňyzy yzyna bereris diýýärler. Işgärleriň bary bergide” diýip, sürüjileriň biri munuň daşyndan, alan aýlyklaryny nagtlaşdyrmak üçin, adamlaryň bank işgärlerine hem para bermeli bolýandygyny ýatlatdy.

Eger-de prezident hakykatdanam sürüjileriň alýan aýlyklaryny biljek bolýan bolsa, bizden sorasyn, onlaýn gürleşmän, el telefonymyza jaň etse-de aýdyp bereli, ýöne ol oýun oýnamagy gowy görýäne meňzeýär diýip, sürüjiler aýtdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Serdar etrabynda bugdaý daşaýan awtoulag sürüjisi bilen gürleşende oba adamlarynyň degişgen bolýandygyny belläp, TDH-nyň ýazmagyna görä, oba adamlary tarapyndan döredilen diýilýän çalamydar goşgy setirlerini mysal getirdi:

"Oba geldi "Sowa",
"KAMAZ" geldi toba.
"Sowa" san boldy,
"KAMAZ" bolsa han boldy."

Bu setirler döwlet baştutanynyň Orsýet, Tatarystan bilen aradaky awtoulag hyzmatdaşlygyna giň ýol açyp, 2012-nji ýylyň ortalaryna çenli ýörgünli bolan hytaý ýük ulaglaryna girizen gadaganlygy bilen bagly.

Şol gadaganlyk esasynda, Azatlygyň habarçylarynyň öz wagtynda habar bermegine görä, onlarça adam ozal satyn alan ýük ulaglaryny ulanyp bilmän, bergi-borja batdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG