Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda kim kimi aldaýar?


Şu ýylyň maý aýynda Daşoguz şäherinde geçirilen ýaşulular maslahatynyň barşynda prezidentiň hut özüniň gatnaşmagynda birnäçe täze binalaryň dabaraly açylyşy bolupdy. Şondan bärem ilat arasynda käbir sowallar aradan aýrylmaýar.


Bu desgalaryň açylyş dabarasyny türkmen telewideniýesi diňe şol gün däl, eýsem soňraky günlerde-de birnäçe gezek gaýtalap görkezipdi.

Bu telegörnüşlere sereden tomaşaçylaryň «tüweleme, ýurdumyz ösýär, täze-täze binalar diňe paýtagt Aşgabatda däl, indi welaýat merkezlerinde-de gurlup başlandy» diýip, buýsançly duýgular bilen pikir eden bolmaklary-da gaty ähtimal.

Täze zat täze bolýa-da, ondan nähilem bolsa ile-güne peýda ýetýär. Mysal üçin, şäheriň binagärçilik keşbi gowulyga tarap üýtgeýär, adamlar üçin ýaşamaga, işlemäge, okamaga oňaýly şertler döreýär, önüm öndürilişiniň mukdary artmak, hili bolsa gowulanmak bilen bolýar. Galyberse-de, täze binalar gurlanda täze iş orunlary hem peýda bolýar.

Gowulygyna-ha gowy, ýöne gowy zat ýok…

Maý aýynda dabaraly ýagdaýda açylan bu binalary häzir, ýagny, 3-4 aý geçenden soň görseň, meşhur rus estrada aýdymçysy Alla Pugaçýowanyň bir aýdymy ýadyňa düşýär. Ol aýdymda «horoşo-to horoşo, no niçego horoşego» («gowulygyna-ha gowy, ýöne gowy zat ýok») diýlen sözler bar. Binalaram şol aýdymda aýdylşy ýaly, gowy bolsa-da, olaryň käbirinden Daşogzuň ýaşaýjylaryna şu günki güne çenli hiç hili gowulyk ýa-da peýda bolmady.

Esasy gürrüň bolsa bu ýerde dabaraly we şowhunly ýagdaýda açylan suw zawody barada barýar. Ýurduň demirgazyk welaýaty Aral deňziniň guramagy bilen dörän ekologiki betbagtçylyk zolagynda ýerleşýär. Bu ýeriň ilaty arassa agyz suwunyň ýetmezçiliginden gaty kösenýär. Başgaça aýdanyňda, arassa agyz suwy ilatyň agramly bölegine ýetenok.

Elbetde, welaýatyň «Saparmyrat Türkmenbaşy» we oňki Ýylanly, ýagny, häzirki «Gurbansoltan eje» atly etraplarynda arassa agyz suwy öndürýän kuwwatlyklar bar. Emma olaryň öndürýän arassa suwy hemmeleriň arassa suwa bolan islegini kanagatlandyryp bilmeýär.

Ulagy barlylar, öz saglygy hakynda hakyky alada edýänler şol etraplara gidip, özleriniň içjek suwuny ýadaman-ýaltanman alyp gelýärler. Ulagy bolubam, uzakdan suw getirmegi agyr görýänler, ulagsyzlar içimlik üçin ýaramly bolmadyk, hili taýdan adam bedeni üçin howply suwy içmeli bolýarlar.

Elbetde, şeýle şertlerde Daşoguzda täze agyz suw zawodynyň açylyşy hemmeleri begendirdi. Hemmeler oý krantlaryndan arassa suwuň akyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Emma ol arzyly suw birnäçe aý geçenden soň hem akmady.

Şäheriň gurbaty çatýan ýaşaýjylary öňküleri ýaly arassa içimlik suwy hususy telekeçilerden satyn almaklygy dowam etdirmeli bolýarlar. Muňa gurbaty çatmaýan ýaşaýjylar bolsa krantlardan akýan hapa suwdan peýdalanmaga mejbur edildiler.

Baryndanam beteri, tükmen telewideniýesiniň we «Türkmen döwlet habarlar» gullugynyň «açylyp ulanmaga berildi» diýip yglan eden täze agyz suw zawodynyň haçan hakykat ýüzünde işläp başlajagyny hiç kim takyk bilenok.

Beýdip aldamaklyk kime gerekkä?

Ulanmaga doly taýýar edilmedik suw zawodyny «işe başlady, ulanmaga berildi» diýip, ýalan maglumat ýaýratmaklyk, dogrudanam, kime gerek bolduka?

«Agyz suw zawody açyldy» diýip, hemmelere buşlan ýurduň köpçülikleýin habar serişdeleri kimi aldawa saldy? Welaýatyň we bütin ýurduň ilatynymy? Ýa dabaralara gatnaşan daşary ýurtlaryň diplomatik wekillerinimi? Bellemeli zat - aldananlaryň arasynda ýurduň prezidentiniň hem barlygydyr.

Daşoguzlylaryň özleriniň aýtmaklaryna görä, täze zawoda arassa agyz suwuny Türkmenbaşy adyndaky etrapda hereket edip duran suw zawodyndan ýörite suw gatnadýan maşynlar bilen getirip, bir howdany doldurypdyrlar.

Zawodyň dabaraly açylyş güni prezident G.Berdimuhamedowa-da, onuň ýany bilen gelen daşary ýurtly myhmanlara-da şol uzak etrapdan getirilen arassa suwy içiripdirler. Şeýdibem, welaýatyň ketdeleri iň uly ketdäni aldamagy başarypdyrlar.

Bu bolan aldawly wakada, elbetde, diňe köpçülikleýin habar serişdelerini ýa-da Daşoguz welaýatynyň ýolbaşçylaryny günäkärläp bolmaz. Köp synçylar bu wakany seljerip, «eger-de prezidentimiz özüni aldadasy gelmedik bolsa, ony ýurduň içinde aldamaga hiç kim milt hem edip bilmezdi» diýlen pikiri öňe sürýärler.

Eger şu nukdaýnazardan seretseň, onda aldamaklyk we aldanmaklyk ýurt ýolbaşçysynyň hut özüne-de gerek ýaly bolýar. Bu kime derkar bolan bolsa-da, bir zat welin belli: maý aýyndaky Daşoguz şäherinde «açyldy» diýlen agyz suw zawody bilen bagly bolan aldawdan hiç kime-de peýda bolmady. Aldaw aldawlygyna-da galdy.

Şatlyk Öwezow türkmenistanly synçyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG