Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtly aýal: ‘Fontanlarda suw bar, öýde ýok’


Aşgabat şäheri
Aşgabat şäheri
Bazar güni Türkmenistan “Suw damjasy-altyn dänesi” at bilen suw baýramçylygyny belledi. Uly dabaranyň baýramçylyk programmasynda ýurduň dürli künjeklerinde ylmy forumlaryň, konsertleriň, teatrlaşdyrylan sahnalaryň, sport ýaryşlarynyň gecirilendigini türkmen metbugaty habar berdi.

Emma ýurtda suwa şeýle uly hormat goýlup, onuň şanyna ýylda bir gezek toý tutulýan wagty paýtagt Aşgabadyň 65 ýaşly ýaşaýjysy Ogulmaral daýza baryp 4-5 ýyl bäri tomsuň güni gije zordan ýatman diýen ýaly suw alýandyklaryny aýdýar:

–Tomus, ýaz çykyp başladygy bizde suw ýok. Biziň ýaşaýan ýerimiz Hitrowka, hususy jaýlar, gaty kösenýäris. Her öýde bir maýyp bar, syrkaw bar, garry bar, ýaş çagalar bar. Onsoň käwagt kiriň siňekläp ýatýar suw bolman.

Azatlyk Radiosy: Ýaz-tomus aýlary suwdan beýle kösenýän bolsaňyz, häkimiýet organlaryna şikaýat edip gördüňizmi?

–Prokuratura çenlem ýazdyk. Jogabam berenoklar. Geläýse-de bir kanagatlanarly jogap gelenok. “Serederis” diýýär, şonuň bilenem hemme zat tamam. Goňşy-golamlarymyz bilen üýşüp, gitdigem häkimlige, üç sapar bardyk. Prokuratura ýazdyk, bildirýän ýeri ýok. “Bararys, serederis” diýýärler. Şol söz bilenem oňmaly bolýarys, edilýän zat ýok.

Azatlyk Radiosy: Suwuň Aşgabat şäherinde ýetmezçilik etmeginiň nähili sebäpleri bar? Paýtagtda gurlan suw çüwdürimlerinden görýänlerem bar, siziň pikiriňiz?

–Dogry, hawa, fontanlarda mydama suw bar. Baglara goýberilýär, onuň üçinem onsoň fontan diýip, bag diýip, adamlar kösenýär-de suwsuz. Ana, şol ýagdaý bar.

Azatlyk Radiosy: Prezident arassa agyz suwy bilen üpjünçilik meselesi barada wagtal-wagtal degişli ýolbaşçylara görkezmeler berýär. Siziň pikiriňizçe, bu kösençlikde kim ýa kimler günäkär ?

–Şo barada pikirimiz, prezidentden näryza däl, telewizora seredeniňde, diňläniňde hemme zady ýerbe-ýer edýärler prezidentiň öňünde. Ol pahyr aýdýar, hemme zady, ýetmeýän zatlary, bolmaýan zatlar hakynda aýdyp dur, ýöne şol ýolbaşçy işgärler geleňsizlik edýär, men-ä şolardan görýärin. Prezidente galsa, şonuň ýaly ýaşatmaz halkyny, ol näme hemme zady bilip durmy? Bir adam nirä ýetsin ot bolanda?! Esasy, häkimlikler seretmeli, öý edaralary bar, şolar seretmeli etraplara. Özi bilen duşup bolýan bolsa, gürleşip bolýan bolsa, bu düzgün bolmazdy. Biz näme, ony görüp, gürleşip bilýärismi? Bäş ýyl bär-ä kösenýäris şu suwdan. Ömürboýy diýsegem ýalňyşamyzak şuny. Suw meselämiz-ä kyn biziň.
XS
SM
MD
LG